Esgeriň jigisi
Çagalar bagyndan gelen Baýram, hemişekisi ýaly, uly agasy Eziziň otagynyň gapysyny açdy. Endige görä, ony häzir agasy egnine mündürmelidi. Soňam otagda ikiýana ýöräp, onuň çagalar bagynda nähili oýun oýnandyklary hakynda gürleşip, esli wagt egninden düşürmän güýmemelidi. Ýöne... Eziz otagynda ýokdy. Ýaňy çagalar bagyndan gelýärkäler ejesi Ezizi bu gün çagyryş boýunça harby gulluga alandyklaryny, onuň indi iki ýyllap esger bolup Watana gulluk etmelidigini gürrüň beripdi. Ejesi: «Indi Eziz esger boldy» diýende, onuň bilesigeliji çaga dünýäsinde: «Eziz näme üçin esger bolduka? Ol öňki ýaly öýümizde, biz bilen bile ýaşap ýörse bolanokmyka? Indi Eziz haçan gelerkä?» diýen ýaly sowallar döräp, ony öz erkine goýman başlapdy. Bu gün agşamlyk naharynda ümsümlik höküm sürdi. Baýram ýygy-ýygydan Eziziň oturýan ýerine gözüni aýlaýardy. Her gezegem keýpsiz halda töweregindäkilere seredýärdi. Nahar iýlip bolansoň, ejesi körpe ogluna seredip: