HABARLAR

Halkyň hazynasyndan

Ömür ölçegi, heňňam hasaby Çopanlar hakynda aýdylýan sözüň hakdygyna çölde mal yzynda gezýärkäk göz ýetirdik. Şol sapar uly il-ä Täze ýyly belläp, dynç alýardy. Biz bolsa adaty günlerdäki ýaly işläp, agşam naharyna çöküpdik. Ýanaw çopan ikimiz bu güni saçak bezäp geçirmeýänimize gynanyp, baş çopana içýakgyç soraglary ýagdyrdyk: “Öňki adamlar gazet-žurnal, radio-telewizor ýok wagty aý-gün hasabyny nädip ýöretdi-kä? Nädip baýram bellediler-kä?”.

Güneşli sährada

Synladym men ähli zady unudyp,Säher bilen Günüň parlap doguşyn.Göz ganmaýar gözellige syn edip,Ýer ýüzüne enwer-nuruň ýagyşyn. Säheriň mymyjak, tämiz howasy,Kalba dolup, ylhamyňy oýarýar.Watanyň asuda bady-sabasy,Aralaşan argynlygňy aýyrýar.

Ar­zuw­lan za­ma­naň gel­di, Py­ra­gy!

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýur­du­myz ber­ka­rar, il­ler bag­ty­ýar,Er­tir­le­re bar­ýan gel­jek yg­ty­bar,Ak ýol­lar­da ak gel­je­ge ýag­ty bar,Ar­zuw­lan za­ma­naň gel­di, Py­ra­gy!

Mag­tym­gu­ly — çyragym

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Mag­tym­gu­ly — as­ma­ny­myň nu­ru­dyr,Mag­tym­gu­lyň ýü­zi Ha­ka sa­ry­dyr.

Halypalardan tymsallar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Üstünlige ýetmek üçin ilkinji nobatda özüňe bolan ynamyň bolmaly. Üstünligiň ýoly örän uzyn hem çylşyrymlydyr. Bu ýola düşeniňde ençeme synaglar we päsgelçilikler bilen garşylaşarsyň. Şol bir wagtyň özünde bu synaglar we päsgelçilikler seni taplaýar we netijede ýeňşe bolan ynamyňy döredýär. Üstünlige ýetmek üçin bilini berk guşap, ýola çykan her bir ynsan mümkinçiliklerini peýdalanmalydyr. Ynsanyň mümkinçilikleriniň çägi ýok. Hut şu nukdaýnazardanam üstünlikleriň hem çägi bolmaly däldir. Munuň şeýledigine ýaşlygyndan sporta bolan höwesini ýitirmän hasam kämilleşdiren, ýyllaryň dowamynda sport arenalarynda türkmen tuguny belentde parladyp, häzirki wagtda halypaçylyk mekdebine öwrülen türkmen türgenlerimiziň mysalynda göz ýetirip bileris. «Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň sahypalarynda «Halypalardan tymsallar» atly şygar astynda türgende öňde goýan maksadyňa ýetmek, sabyrly bolmak, çeýelik, özüňe bolan ynamyňy artdyrmak, täze belentliklere ruhlandyrýan ýörelgelerden söhbet açýan gyzykly wakalary okyjylarymyza ýetirip durmagy maksat edindik. Indi bolsa şägirtlikden çykyp halypaçylyk mekdebine öwrülen türgenlerimizden ýaş žurnalistlerimiziň gürrüňdeşlik edip ýazga geçirmeginde, olaryň ýaşly

Gahryman Arkadagyň sözi

Mirasyň şekili, taryhyň keşbi,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi!Türkmeniň tükenmez kuýaşy-yşky,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi! Ulgam-ulgam Köpetdagyň syry bar,Zehin zümerretli, paýhas-düri bar,Ylym hem pähimi dünýä barabar,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi!

Ykbala öwrülen hünär (Oçerk)

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ylmy-önümçilik ulgamynda ýetilen sepgitler hem guwandyryjy boldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda tohumçylyk-seçgi işini has-da kämilleşdirmek, oňa häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylan işler oňyn netijesini berdi. Institutyň Ahal welaýat bölüminde şu ýyl gowaçanyň täze orta süýümli «Ahal-6» sorty döredilip, önümçilige ornaşdyryldy. Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, seçgiçi alym Gurban Nowruzowyň yzygiderli alyp baran ylmy-seçgiçilik işiniň netijesinde döredilen bu görnüş hasyllylygy, ýokary süýüm çykymlylygy hem-de zyýanly mör-möjeklere, has takygy, gowaçanyň hasyl synalaryna zyýan ýetirýän meýdan ýasmygyna garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, gowaçanyň täze sortunyň ykdysady taýdan bähbitlilik derejesini ýokarlandyrýar.

Täze ýylyň buşlugy (Hekaýa)

— Täze ýyl baýramy hem ýetip gelýär. Ejem-ä maňa: «Sowgatlaryň iň gowusy seniňki bolar, ýöne ony almak üçin okuwyňdan diňe bäşlik baha almalydyr» diýýär. Ejemiň «Iň gowy sowgat» diýýäni nämekä, bilýäňmi? — diýip, Aýsona doganjygy Gülsona sorag bilen ýüzlendi. Gülsona-da oýnundan ünsüni sowman: — Men näbileýin. Maňa-da şeýle diýdi. Belki, bize aýtman, kakam bilen üýtgeşik sowgat taýýarlaýandyrlar? — diýdi.

Hoş arzuwlar

Täze ýylda hoş arzuwlar aýdylyp,Süýji sözler joşup çyksyn gursakdan.2025 — dur bosagamyzda,Gutlaň, bir-biregi hut şu pursatda. Täze ýyllar — bagtdan serpaýly ýyllar,Döwrümizde dünýäň gözelligi bar.Ösüşlermiz bedew bady deý ýyndam,Ömrümizde bagtyň gönezligi bar.

Köňülleriň aýdymy

Dagyň çuň jülgesinde,Gür bagyň kölgesinde,Men şadyýan hiňlenip,Aýdym aýdyp ýaýnaýan. Elimde gül göterip,Watan waspyn ýetirip,Şirin mukam getirip, Bilbiller şat saýraýar.