Halypalardan tymsallar

14 sagat öň
6

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Üstünlige ýetmek üçin ilkinji nobatda özüňe bolan ynamyň bolmaly. Üstünligiň ýoly örän uzyn hem çylşyrymlydyr. Bu ýola düşeniňde ençeme synaglar we päsgelçilikler bilen garşylaşarsyň. Şol bir wagtyň özünde bu synaglar we päsgelçilikler seni taplaýar we netijede ýeňşe bolan ynamyňy döredýär. Üstünlige ýetmek üçin bilini berk guşap, ýola çykan her bir ynsan mümkinçiliklerini peýdalanmalydyr. Ynsanyň mümkinçilikleriniň çägi ýok. Hut şu nukdaýnazardanam üstünlikleriň hem çägi bolmaly däldir. Munuň şeýledigine ýaşlygyndan sporta bolan höwesini ýitirmän hasam kämilleşdiren, ýyllaryň dowamynda sport arenalarynda türkmen tuguny belentde parladyp, häzirki wagtda halypaçylyk mekdebine öwrülen türkmen türgenlerimiziň mysalynda göz ýetirip bileris. «Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň sahypalarynda «Halypalardan tymsallar» atly şygar astynda türgende öňde goýan maksadyňa ýetmek, sabyrly bolmak, çeýelik, özüňe bolan ynamyňy artdyrmak, täze belentliklere ruhlandyrýan ýörelgelerden söhbet açýan gyzykly wakalary okyjylarymyza ýetirip durmagy maksat edindik. Indi bolsa şägirtlikden çykyp halypaçylyk mekdebine öwrülen türgenlerimizden ýaş žurnalistlerimiziň gürrüňdeşlik edip ýazga geçirmeginde, olaryň ýaşlygyndan üstünligine ýetmekleri üçin ruhy goldaw berýän tymsallary hödürleýäris.