HABARLAR

Jaýdar jogap

Bir baý adam täze jaýyna göçüp barýar. Onuň görip goňşusy bar eken. Ol oňa göriplik edip, zibilli bedräni goňşusynyň gapysynda goýýar. Bu ýagdaý her gün gaýtalanýar. Irden baý goňşusy howlusyna çykanda, zibilli bedräni görýär. Bedräni arassalap, ýuwup, içine-de bagynyň almalaryndan salyp, goňşusynyňka barýar. Gapy kakylandan görip goňşy: «Ahyr geldiňmi?!» diýip, içini gepledip, goh etmäge taýýar bolup gapyny açýar. Baý goňşusy bolsa oňa almaly bedräni uzadyp: «Her kim özünde bar zadyny paýlaşýar!» diýip ýylgyrypdyr.

Şygryýet bossany

Bar meniň Dogduk mekan ata Watan, bagy-bossanym bar meniň,Belent-belent maksat tutan, dilde dessanym bar meniň,Binalary hatar-hatar, göwün islänim bar meniň,Topragynda güller biten, gül-gülüstanym bar meniň,Garaşsyz hemem Bitarap Türkmenistanym bar meniň.

Şygryýet bossany

Ata Watan Garaşsyz, Bitarap, ata Watanym,Dünýä şöhle saçýan adyňa gurban!Ösüşli ýollardan ýeňşe ýetenim,Gowşamaýan bedew badyňa gurban!

Şygryýet bossany

Watanym meniň Watanym mydama ajaýyp, beýik,Täze ýyla barýaň toý donuň geýip,Halkymyz ýaşaýar söýülip, söýüp,Älemde ýeke-täk Watanym meniň.

Şygryýet bossany

Arkadagly Serdar bilen Bagtyýarlyk ylhamynda,Öňe barýas ynam bilen.Her ädimde joşup barha,Arkadagly Serdar bilen.

Şygryýet bossany

Mukaddesligiň nyşany Mukaddes ýörelgäň beýik nyşany,Waspyň dillerimiň senasy Watan.Äleme bellidir şöhraty-şany,Ajaýyp döwürleň penasy Watan.

Şygryýet bossany

Bitarap Türkmenistan Bitaraplygyň şuglasy her ýürege nury-enwer,Watanyň Tugy, tugrasy doganlyga belent münber,Türkmeniň gadym kyblasy her ykbala ruhy serwer,Bu Watan — bagtyň çüwmesi, köşgi-eýwan, altyn gümmez,Täze eýýam. Bitarap ýurt, dünýä ýalkym, Türkmenistan!

Şygryýet bossany

Ýagşy Bahar gelip ak ýagyşlar,Şaglap-şaglap ýagsa ýagşy.Ak çägä salnan nagyşlar,Gözleriňe saçsa ýagşy.

Şygryýet bossany

Watan hakynda aýdym Watan — ykbalyň ykrary,Mesgenleri eždatlaryň.Watan — milletiň mähraby,Dowamaty zürýatlaryň.

Şygryýet bossany

Ýürek owazy Ýüregimde urup duran,Hoş sözlere uýup duran,Şygyrdan köşk gurup duran,Watanymyň keşbi bolsun!