HABARLAR

Hususy telekeçilik: ýokary hil, amatlylyk, köpdürlülik

Bilşimiz ýaly, Söwda-senagat edarasynda 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň telekeçileri, hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleri bilen gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi. Bu köptaraply gözden geçiriliş türkmen telekeçileriniň mümkinçiliklerini we milli önümlerimiziň ýokary hil derejesini hem-de täzeçillige esaslanýan ýerli önümçiligiň kuwwatyny doly äşgär edýär.

Üstünlikleriň aýdyň beýany

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty üstünlikli dowam edýär. Onda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde mynasyp orun eýeleýän hususy pudagyň işini döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikler hem-de ýetilen belent sepgitler görkezilýär. Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun berilýär.

Hususy telekeçilik: ösüşiň wajyp ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga, täze döwrebap durmuş-önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurmaga, pudaklary hem-de ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlylygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli döwrebap önümçilikleri döretmäge, ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamaga hem-de ösdürmäge uly ähmiýet berlip, asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň hususy böleginde öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan, senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän senagatçylar gatlagy emele geldi, hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi, ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýuldy, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri ösdürmegiň hojalyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirildi. Milli ykdysadyýetiň wajyp pudaklarynda, ilkinji nobatda, senagatda, gurluşykda, gurluşyk materiallary senagatynda, oba hojalyk toplumynda döwlet tarapyndan döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy ýola goýlup, ýokary depginler bilen ösdürilýär.

Ýokary hil — esasy görkeziji

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň hususy işewürlerine alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmekleri üçin uly mümkinçilikler, döwrebap şertler döredilýär. Ýurtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda edilýän tagallalara jogap edip, türkmen telekeçileri hem ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleridir möçberlerini artdyrmak, umuman, döwrüň talaplaryndan ugur alyp işlemek bilen, zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda yhlasyny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Şu nukdaýnazardan olar täze gözleglere ymtylýarlar hem-de dürli ugurlar boýunça kämil önümçilikleri ýola goýýarlar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyklar üçin zerur bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän hususy kärhanalaryň barha artýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Möwlam Çalyýewiň ýolbaşçylyk edýän, işçi-hünärmenleri dowamly, üznüksiz ösüş gazanmagy baş maksat edinip işleýän “Çaly” hususy kärhanasy-da şolaryň biridir. Biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergide bu kärhananyň eksp

Arkadag hemaýatynyň miweleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy, ykdysady taýdan kuwwatly, ösen döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan-da ýokary galdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu maksat bilen-de, ähli ugurlarda bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz telekeçiligi goldamak babatda-da, ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen sergisi we maslahaty Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzyň telekeçilerine edilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigini äşgär görkezdi. Sergide ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, şonuň ýaly-da, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, işjeňligi görkezýän işewürlik düzümleriniň uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Hususy pudakda gazanylan üstünlikleriň sergisi

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty geçirildi. Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu barada milli Liderimiziň TSTB-niň sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda «Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris» diýlip, aýdylýar.

Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty AŞGABAT, 17-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Olar ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän bu iri düzümiň döredilen gününe bagyşlanýar.

Hususy pudagyň tejribesi we gazananlary

nobatdaky gözden geçirilişde aýdyň şöhlelenýär Düýn Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerinde mynasyp orun eýeleýän hususy pudagyň işini döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek boýunça gazanylan üstünliklerdir ýetilen belent sepgitler aýdyňlygy bilen açylyp görkezilýär.

Belent sepgitleriň buýsanjy

Döwletli Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny, ýagny telekeçiligi goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu gün özlerine bildirilen belent ynama jogap edip, mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn şert-mümkinçilikler döredildi. Bular bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda hem uly isleglere eýe bolmagy diýseň guwandyryjydyr. Şol arzyly önümleriň, döwrebap harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda hyrydarlarynyň köp bolmagy olaryň ýokary hil derejesi we ekologiýa how

Telekeçilik: hususy başlangyçlar, sazlaşykly işewürlik

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi açylyp, onuň işine birleşmäniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan agzalarynyň ençemesi gatnaşdy. Şeýle hem bu ýerde birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirilip, onda hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigi nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, telekeçiligi ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetimiziň kadaly hereket etmeginiň kepili hökmünde çykyş edýär. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmegi bolsa, öz gezeginde döwletiň kuwwatyny artdyrmagyň, ilatyň bolelin ýaşamagynyň zerur şertidir. Şoňa görä, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň