HABARLAR

Işewüriň işi ileri

Ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde telekeзilik ulgamynyň aýratyn orny bardyr Günsaýyn gülleýän, bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetinde, durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda görlüp-eşidilmedik üstünlikler gazanylýar. Bu üstünlikleriň, ilkinji nobatda, adamlaryň bolelinlikde, abadançylykda, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmegi, munuň üçin giň möçberli tutumly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar, olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Dünýä bazarynda islegli

Öz işini Farap etrabynyň çäginde ýola goýan «Rysgally gap» hususy kärhanasynda her aýda 300 müňe çenli polietilen halta öndürilýär. Bu işde Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly enjamlaryň 6-syndan peýdalanylýar. Ýeri gelende aýtsak, bu hususy kärhananyň esaslandyrylanyna öňümizdäki tomusda iki ýyl bolýar. Häzirki önümçilige bolsa 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda girişildi. Tejribesi ýaňy bir ýyldan geçendigine garamazdan, eýýäm dünýä döwletleriniň ençemesinden bu hususy kärhananyň öndüren polietilen haltalaryna isleg ýokary.

Sahawatly topragyň berekedi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ähli taraplaýyn ösdürmek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak we bu pudakda telekeçileriň ornuny pugtalandyrmak babatynda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda eziz Diýarymyzyň sebitlerinde telekeçiler tarapyndan döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň, daýhan hojalyklarynyň ençemesiniň döredilmegi bu ugurdaky işleriň barha rowaç alýandygynyň alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary bilen bu gün ýyladyşhana şertlerinde dürli gök-bakja önümlerini, açyk meýdanda miweli baglary, ir-iýmişleri ýetişdirýän telekeçileriň sany örän köpdür. Diňe üstümizdäki ýylyň özünde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şanly ýylda işe girizilen täze ýyladyşhana toplumlarynyň hatarynda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki «Daş demir» hojalyk jemgyýetiniň, Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetiniň ekologiýa taýdan arassa, ýokumly gök önümleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanalaryny agzamak ýakymlydyr. Galyberse-de, agzalan etraplaryň çäginde tel

«Tomsa» isleg ýokary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge, içerki bazarlary çörekdir çörek önümleri, unaş we unaş önümleri bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Telekeçi Osman Muhammetnyýazowyň bu ugurda alyp barýan işleri aýratyn guwandyryjydyr. Gürrüňi edilýän telekeçiniň «Tomus» haryt nyşanly çörek we çörek önümlerini öndürýän kärhanasy indi ýigrimi ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýär. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhanada telekeçi ýyl geçdigiçe tejribe toplaýar we ýokary hilli çörek we çörek önümlerini öndürmegiň inçe syrlaryny ele alýar. Bu bolsa «Tomus» haryt nyşanly azyk önümleriniň içerki bazarlardaky ornunyň barha giňemegine, hyrydarynyň artmagyna şert döredýär.

Täze strategiýa — täze mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli täze senagat kärhanalaryny gurmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça düýpli işler alnyp barylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi ösdürmek işiniň dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýillerine laýyklykda alnyp barylýandygynyň görkezijileridir. Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň gerimini giňeltmek, telekeçilik işine döwlet goldawyny bermek, telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek, işewürligiň täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny uzakmöhletli karz serişdeleri bilen üpjün etmek çäreleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Döwletimiz telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek bilen, bu ulgamyň ýurduň jemi içerki önüminde tutýan paýyny yzygiderli artdyrmagy, şunuň bilen baglylykda hem ilatyň girdejisini ýokarlandyrmagy nazarda tutýar.

Belent tagallalaryň ajaýyp miweleri

Her iş güni tamamlanandan soň, paýtagtymyzyň giň we arassa köçeleri bilen pyýada ýöräp, owadan binalary synlap barýarkaň, çar tarapdaky mahabat ekranlaryna, hususan-da, Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän «Mahabat» binasynda şöhlelendirilýän mahabatlara gözüň düşýär. Bu binanyň çar tarapa bakyp duran ekranlarynda hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň ählisiniň milli öndürijilere degişli bolmagy göwnüňe ganat baglaýar. Ine, bu mahabatlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň nobatdaky miweleri şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçip, çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady özgertmelere badalga bermezden ozal, dükanlarymyzda we söwda merkezlerimizde alyjylara hödürlenilýän milli önümleriň görnüşlerini barmak büküp sanap bolýardy. Häzir bolsa gündelik durmuşymyzda sarp edýän önümlerimiziň esasy bölegi ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilýär. Hyzmatlar ulgamynda hem ýerli kärhanalar öňe saýlanmagy başardy.

Telekeçilik ösüş ýolunda

DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYNÝAR Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, diňe bir şäherlerimizde däl, eýsem, obalarda-da telekeçilik kärhanalarynyň köp sanlysy hereket etmek bilen, dürli pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Görogly etrabynyň Yzmykşir geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ynsan kalby» hususy kärhanasy hem bar. Biz bu kärhananyň ýolbaşçysy Agamyrat Söýünow bilen alnyp barylýan işler hakynda gürrüňdeş bolduk.

Köýtendagyň bal tagamly bakjasy

Etrap merkeziniň içinden geçip, sag egniňe öwrüleniňde, aýna ýaly tekiz ýol Garnas geňeşliginiň üstünden eltýär. Edil birki ýyllykda-da bu ýerler giden boşluk meýdandy. Häzir welin, ol ýerde Amyderýanyň ýakasyny jähekläp oturan döwrebap ýyladyşhana toplumy peýda bolupdyr. Has anyk aýtsak, ol ýerde häzir her biri 3,5 sotuk meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanalaryň 38-si bar. Olaryň 27-sinde ekin ekilip, doly güýjünde hasyl ýygnalýar. Galan 11-si-de ekin ekmäge taýýar edilip ýör. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Baýpolat Ergeşowyň hususy eýeçilikde gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek maksady bilen ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin bu ýerleri saýlap almagynyň öz sebäbi bar. Kakasy Ergeş Ýakubow uzak ýyllar «Dostluk» daýhan birleşiginde agronom bolup işlänsoň, onuň daýhançylykdan tejribesi ýetikdi. Şonuň üçin ol ýyladyşhana şertlerinde gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi maksat edinende, mes topragy göz öňünde tutupdy. Derýa ýakasynyň topragy ýumşak bolansoň, oňa sähel ideg etseň, bol hasyl alyp bolýar. Özi ýaly işjanly daýhanlaryň onusyny ýanyna alyp, işe başlan Baýpoladyň yhlasy ýerine düşdi. Olaryň mes topraga synag esasynda eken pomidorlary, hyýarlary we bulgar burçy ilkinji möwsümden bo

Zergäriň ylham çeşmesi

Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň, alabaý itleriniň we beýleki gymmatlyklarymyzyň gözelligi sungat adamlarynyň ylham çeşmesi bolup, olar hakynda döredilýän eserler biri-birinden ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi zergär Röwşen Rejepowyň sünnäli işleri hem baý many-mazmuna ýugrulandyr. Ýaşlykdan sungatyň yşkyna düşen Röwşen orta mekdepde okan döwründe-de hemişe gözellikleriň gözlegindedi. Aýratyn-da, owadan metaldyr daşlara «dil bitirip», ýüregindäkini beýan etmek arzuwy bardy. Ýaş zehin geljekki eserlerini ilki-ilkiler hyýalynda döredip, soňra çyzgylara geçirdi, dizaýnerçilige girişdi, zergärçilikde tejribe toplap başlady.

Il saçagynyň berekedi