HABARLAR

Yhlasly zähmetiň miwesi

Ýurdumyzyň telekeçileri hususy önümçiligi ösdürmek boýunça döredilýän oňaýly şertlerden peýdalanyp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirip, bazarlarymyzy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmek ugrunda zähmet çekýärler. Terligine doňdurylyp, owadan gaplara gaplanan gök-bakja önümleri we miweler hem ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, aýratyn-da, gyş aýlary ýokary islegden peýdalanýar. Çünki bu döwürde alyjylar witaminlere baý gök-bakja we miwe önümlerine bolan isleglerini terligine doňdurylan gök-bakja önümleri hem-de miweler bilen kanagatlandyrýarlar. Telekeçi Amandursun Begjanowa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gök-bakja önümleri we ir-iýmişleri terligine doňduryp, gelşikli gaplara gaplaýan kärhanada gyş möwsümine gyzgalaňly taýýarlyk görülýär. Her gün ençeme kilogramdan tonna çenli gök-bakja önümleri we ir-iýmişleri terligine doňduryp, gaplaýan kärhanada taýýarlanylan önümleri «Halk market» söwda merkezlerinde ýylyň islendik paslynda satyn almak bolýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde kärendesine alnan onlarça gektar ýerde ýeralma we beýleki bakja ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär.

Bereketli topragyň taýsyz tagamlary

Bereketli hasylyň ösüp ýetişýän şu günki günlerinde Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Selbi» daýhan hojalygynda hem işler gyzgalaňly depginde alnyp barylýar. Telekeçi Babajan Nuryýewiň ýolbaşçylyk edýän bu daýhan hojalygynda yhlasly işçileriň 15-den gowragy zähmet çekip, önümleri arassalamak, saýlamak işlerinden başlap, bankalara gaplamak işlerini alyp barýarlar. Olaryň yhlasly zähmeti netijesinde şu günler gök-bakja önümleriň görnüşleri gaýtadan işlenilýär.

Üstünligiň açary

Ýigrimi dokuzynjy söhbet «7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021.

Döwrebap dokma önümleri

Toplum jins matasyndan jana ýakymly, pasla görä zenan we erkek adamlaryň, çagalaryň egin-eşiklerini taýýarlap, alyjylara hödürleýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary hilli jins önümlerine halk köpçüligi tarapyndan uly isleg bildirilýär. Tutýan meýdany 21,5 gektar bolan Türkmenbaşy jins toplumynyň işi üç sany uly — ýüplük egriji, boýag-dokma, tikinçilik fabriklerinde alnyp barylýar. Bu ýerde işgärleriň üç müňe golaýy üç çalşyk boýunça zähmet çekýär. Toplumyň esasy çig maly bolsa ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ak pagtadyr. Bu ýerdäki dürli görnüşli egin-eşikleri öndürmek üçin bir ýylyň dowamynda ak pagtanyň 10 müň tonnasy sarp edilýär.

Telekeçiligiň konstitusion esaslary

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, bazar gatnaşyklara geçmegi çaltlandyrmak, ykdysadyýetde hususy pudagy çalt depginler bilen özgertmek, kanunçylygy kämilleşdirmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Şeýle hem döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr.

Önümçilikde täze sepgitler

Tomsuň gyzgyn günlerinde süýt ýa-da süýt önümleri janyňa diýseň hoş ýakýar. Ertirlikde bir käse, käte bolsa bir okara süýdi başyňa çekseň, günortana çenli hörek küýsetmeýändigini heniz çagakak hem bilýärdik. Günortanlyk hem ýaýylyp, mesgesi alnyp, aýran hem başga nygmat isletmez. Umuman, süýt we ondan alynýan önümler durmuşyň datly nygmatlaryna öwrülip gidendir. Söwda nokatlarynyň islendigine barsaň, süýt önümleriniň giden bir toplumyna gözüň düşýär. Bu bolçulyk, elbetde, göwnüňi göterýär. Munda türkmen hususyýetçileriniň, şol sanda öz işlerini Lebap welaýatynda alyp barýan hususy taraplaryň uly paýynyň bardygy guwandyryjydyr.

Üstünligiň açary

Ýigrimi sekizinji söhbet               «7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.

Telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy

Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. * * *

Owunjak daşlar uly sungaty döredýär

Bu, hakykatdan-da, şeýle. Ol «Beýik işler kiçijik zatlaryň jeminden hasyl bolýar» diýen aýtgynyň manysynda hem açylýar. Ony görmek üçin uzak bir ýere gitmek ýa-da bu barada internet sahypalaryndan maglumat gözlemek zerur däl. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzda gurlan binalary synlasaňyz hem, bu sözleriň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň güýzünde paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň binalary gurlup ulanmaga berildi. Bu tapgyryň beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýandygyny siz ondaky ýaşaýyş jaýlarynyň iki gapdalynda owunjak daşlaryň köplügi bilen döredilen şekilleri synlanyňyzda-da duýýansyňyz. Ol şekiller özboluşly gözelligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Olarda eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapýar. Bilşimiz ýaly, owunjak, özem dürli reňkli daş hem-de aýna bölejiklerinden düzülip ýasalýan şekillere mozaika diýilýär. Mozaikanyň leksik manysy «muza» sözündendir. Ýagny grek mifologiýasynda «muza» sungata we ylma hemaýat edýän hudaýyň adydyr. Mozaika üçin gerek bolan daşlar ýörite peçlerde bişirilip, owunjak bölejiklere bölünýär. Bu daş bölejiklerine bolsa «smalta» diýilýär.

Bazarlarymyz ir-iýmiş we miwe önümlerinden doly

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Düzmergen ýaýlasynda, «Şamülk» meýdançasynyň demirgazyk tarapynda 2-nji bagçylyk hojalygynda miweli baglaryň birnäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde bolsa, bu miweli baglardan bereketli hasyl ýygnalyp, içerki bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Bu ýerde ýetişdirilýän miweli baglaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişlidigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ilatymyzyň gök-bakja önümleri, miweler bilen ýylyň dowamynda ygtybarly üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak miweli bagçylyk hojalygynyň eýesi bolan işjanly telekeçiniň baş maksady bolup durýar. Gök-bakja önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, umumy tutýan meýdany bolsa 5 gektara barabar bolan bagçylyk hojalygynda 750 düýp garaly, 250 düýp ülje, 750 düýp alma, 250 düýp pisse, 750 düýp şetdaly, 500 düýp alça, 250 düýp hurma, 500 düýp armyt, 750 düýp erik agaç nahallary ekilen, jemi 5000-e golaý düýp miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär.