HABARLAR

Ýokary hilli süýji-kökeler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan telekeçiligi ösdürmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi telekeçileriň, hususy kärhanalaryň önümçilik netijeleriniň ýokarlandyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň özümizde has köp öndürilmeginiň üpjün edilmegine, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu babatda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» şeýle bellenilýär: Obalarda, şäherlerde çörek, et we süýt önümlerini öndürýän kiçi kärhanalaryň täzelerini gurmak ýola goýlar. Munuň özi ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmaga we önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer». Öňde goýlan şu wezipelerden ugur alnyp, welaýatymyzyň dürli künjeklerinde şeýle kärhanalaryň ençemesi işe girizildi. Olaryň biri-de Görogly etrabynyň Bedirkent geňeşliginiň Ýylgynly obasynda ýerleşýän «Gaýa» haryt nyşanly hususy kärhanasydyr.

«Lezzetli miwäniň» bagynda

Güneşli Diýarymyzda azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna hususy pudagyň wekilleri saldamly goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri aýdyň mysaldyr. Kaka etrabynyň çäginden bölünip berlen 200 gektar meýdanda miweli bagyň birnäçe görnüşini ýetişdirip, ondan datlydan ýokumly miwäniň bol hasylyny alýan agzalan hojalyk jemgyýetiniň işleri barha ilerleýär. Etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlangyjy esasynda hojalyk jemgyýetiniň miweli bagynda bolanymyzda bu hakykata buýsanç bilen göz ýetirdik.

Rahat, Amatly, Döwrebap

mebeller täze okuw ýylynda ýaş nesliň hyzmatyna berler Her kimiň durmuşynda aýratyn ýatdan çykmajak günleriň biri bolan 1-nji sentýabr golaýlap gelýär. Sahawatly güýz paslynyň ilkinji gününde täze — 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen çaga gülküsi, ýaşlaryň şadyýan sesleri ak mekdeplere dolar. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň begenji, buýsanjy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna aýratyn şan berip, döwrümiziň bagtyýar ýaşlaryna uly şatlyk eçiler.

Bag miwesi datly, şirin

Gadymy Ahalyň giň ýaýlalarynda daş-töwerege özboluşly gözellik goşýan ir-iýmişli bag meýdanlarynyň gerimi barha giňeýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň miweli bagy bolsa, bereketli ýaýlada ynsan eli bilen döredilen gözellik bolup, kalbyňy joşdurýar. Kaka etrabynyň Hywaabat ýaýlasynyň çäginden geçip barýarkaň, agzalan hojalyk jemgyýetiniň miweli bagynda gözüň eglenýär. Bu ýerler çaý-çeşmeli mekan hökmünde bellidir. Ozallar bu ýerde meşhur bagbanlaryň nesli ýaşamak bilen, bag ýetişdiripdirler, şeýdip çarbaglyklar döräpdir. Ýerli toprak-howa şertlerinde ýokumlylygy bilen tapawutlanýan datly miweler bişýär.

Guwandyryjy ösüşlere goşant

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileriniň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Sarp edijileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagy köp babatda hususy pudagyň alyp barýan işiniň netijeliligine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşup, dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barýarlar hem-de çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde daşary ýurt kompaniýalaryndan asla yza galmaýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän hukuk resminamalary ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga giň ýol açýar. Döwlet tarapyndan hususyýetçiligi ösdürmäge berilýän hemaýat-goldawlardan ruhlanyp zähmet çekýän balkanly telekeçileriň hem soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda welaýat boýunça açylyp ulanmaga berlen döwrebap orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat

45 tonnadan gowrak buzgaýmak

Tomus paslynda halkymyz tarapyndan uly höwes bilen satyn alynýan buzgaýmaklary öndürmekde Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Garamahmyt geňeşliginde ýerleşýän «Enaý» haryt nyşanly süýt önümlerini öndürýän hususy önümçiligindehem işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, işewür zenan Jümägül Annaýewa degişli bolan hususy önümçilikde indi 14 ýyldan bäri dürli görnüşli, dürli tagamly buzgaýmaklary öndürmek bilen meşgullanylýar. Bu ýerde öndürilýän wanil tagamly, şokolad örtükli «Şadyýan», «Gawun», «Garpyz», «Bally dünýä», «Garlawaç», «Seniň üçin» atly buzgaýmaklar ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.

Baý ka­kam, ga­ryp ka­kam

Robert KIÝOSAKI,amerikan ýazyjysy Bu kitap ene-atalara — çagalaryň iň esasy mugallymlarynabagyşlanýar

Tropik ösümlikler — bereketli topragymyzda

Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşigi öňdebaryjy iş tejribeleri, peýdaly başlangyçlary we ussat ekerançylary bilen irki döwürlerde-de Murgap jülgesinde nusgalyk hojalyklaryň biri bolupdy. Täzeçillik obanyň şu günki nesline-de mahsus. Sakarçägäniň etrap merkezine ýanaşyp oturan Geňeş obasyna giren ýeriňde «Ferhar» hojalyk jemgyýetiniň tropik miweleri ýetişdirmäge niýetlenen bir gektarlyk ýyladyşhanasy bar. Ol 2017-nji ýylda açylypdyr. Derwezäniň agzynda meni hünärmen Rejepgeldi Täşliýew garşylady. Hojalyk jemgyýetiniň ilkinji düýbüni tutanlaryň biri, asly şu obaly Rejepgeldi, hünäri gurluşykçy bolsa-da, hakyky bagbana öwrülip gidipdir. Türkiýeden sargyt edip getirilen ýyladyşhanany çyzgylar esasynda göwnejaý gurnan gurluşykçy Rejepgeldini hojalyk jemgyýetiniň başlygy Batyrmyrat Orazsähedowyň bu ýerden daşlaşdyrasy gelmändir. Türkiýeli bagbanlar, hünärmenler bilen kän maslahatlaşyp, soraşyp öwrenen, gollanmalary okan, şol ýurtdan 2 müň çemesi düýp nahalyň aýratyn şertlerde saklanyp getirilmegine gatnaşan Rejepgeldiniň bu gün bu täsin bagyň «diline düşünýän» ýakyn hossar hasaplanmagy ýöne ýerden däl.

Ba­lyk­çy­lyk ho­ja­ly­gyn­daky tutanýerli zähmet

Ýur­du­myz­da ba­zar bol­çu­ly­gy­ny ber­kit­mek­de, hal­ky­my­zy ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek­de oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ba­lyk­çy­lyk pu­da­gy­na-da mö­hüm orun de­giş­li­dir. Äh­li ugur­lar­da uly ösüş­le­ri na­zar­la­ýan hu­su­sy te­le­ke­çi­ler bu pu­da­gyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Tä­ze ba­lyk» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň alyp bar­ýan iş­le­ri-de mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki kär­ha­na­la­ry hu­su­sy­laş­dyr­mak ar­ka­ly ola­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň ba­lyk­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry hu­su­sy te­le­ke­çi­le­riň yg­ty­ýa­ry­na be­ril­di. «Tä­ze ba­lyk» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti hem bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri döw­re­bap iş­le­ri ýo­la go­ýup, oňyn ne­ti­je­le­ri ga­zan­ýar. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň te­le­ke­çi­le­ri «Han­ho­wuz», «Sa­ry­ýa­zy» suw how­dan­la­ryn­da ça­pak, ke­pir, ki­çi we uly ta­ran, tüň­ňü­maň­laý, ki­çi we uly da­

Saçaklaryň bezegi

Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Bol­dum­saz et­ra­by­nyň Gu­ba­dag şä­he­rin­de ýerleşýän «Sa­da­ja» hu­su­sy kär­ha­na­syn­da ön­dü­ril­ýän dür­li gör­nüş­li azyk önüm­le­ri se­bi­tiň we beý­le­ki et­rap­la­ryň iri söw­da no­kat­la­ry­na, dü­kan­la­ryna ug­ra­dyl­ýar. Önüm­çi­ligine tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar, kä­mil en­jam­lar or­naş­dy­ry­lan kär­ha­na­da ýo­ka­ry is­leg­li kon­di­ter önüm­le­ri­niň 20 gör­nü­şi, dür­li ulu­lyk­da­ky çö­rek we çö­rek önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Bu ýer­de tä­ze bö­lü­miň işe gi­rizilme­gi bi­len, ilat­dan sa­tyn alyn­ýan süýt gaý­ta­dan iş­le­ni­lip, on­dan ga­tyk, do­rog, gaý­mak hem mes­ge taý­ýar­la­mak iş­le­ri ýo­la go­ýul­dy. Tä­ze eý­ýa­myň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ne­ti­je­li iş alyp bar­ýan kär­ha­na­da tej­ri­be­li iş­çi­le­riň we ýaş­la­ryň 40-dan gow­ra­gy zäh­met çek­ýär. Ola­ryň bi­şir­ýän kö­ke­le­ri, süý­ji we kon­di­ter önüm­le­ri ila­tyň be­re­ket­li sa­çak­la­ry­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň içer­ki ba­za­ry­ny ýer­li azyk we iý­mit önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mä­ge uly