HABARLAR

«Louis Vuit­ton»-yň söwdalary 23% artdy

«Louis Vuit­ton»-yň we «Di­or»-yň önüm­le­ri­ne bo­lan ýo­ka­ry is­leg «LVMH» korporasiýasynyň 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­däki söw­da­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­dy. «Hen­nes­sy» we «Sep­ho­ra» ýa­ly dün­ýä bel­li brend­le­riň eýe­si «LVMH» kor­po­ra­si­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, söw­da­la­ry­ny 23% art­dy­ryp, 18 mil­liard ýew­ro ýe­tir­di. Bu gör­ke­zi­ji «Jef­fe­ries» ma­ýa go­ýum ban­ky­nyň be­ren 18% çak­la­ma­syn­dan ar­tyk gel­di. Korporasiýanyň ýo­ka­ry de­re­je­li mo­da egin-eşik we de­ri önüm bö­lüm­çe­si­niň söw­da­la­ry 30% ösüp, bi­ler­men­le­riň 17% çak­la­ma­syn­dan has ýo­ka­ry bol­dy.

«Epic Ga­mes» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň 2 mil­liard dol­la­ry­ möçberinde maýa çekdi

In­ter­net oýun­la­ry­ny dö­red­ýän «Epic Ga­mes» kom­pa­ni­ýa­sy «So­ny Group»-dan we «Le­go Group» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­si «Kirk­bi» hol­dinginden ABŞ-nyň 2 mil­liard dol­la­ry möçberinde ma­ýa çek­di. Şeý­le­lik­de, «Fort­ni­te» oý­nu­ny dö­re­di­ji kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar ba­ha­sy 31,5 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy. Ge­le­şik ama­la aşy­ry­lan­dan soň «Kirk­bi» şol kom­pa­ni­ýa­nyň 3%-niň, «So­ny» bol­sa, 4,9%-niň eýe­si bo­lar. «Epic Ga­mes» bi­len «Lego» 2022-nji ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de ça­ga­lar üçin howp­suz in­ter­net gi­ňiş­li­gi­ni dö­ret­mek ba­bat­da uzakmöh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­ga gol çe­kip­di­ler. «Epic Ga­mes»-iň baş di­rek­to­ry Tim Sui­­niň söz­le­ri­ne gö­rä, bu ma­ýa go­ýum ça­ga­lar üçin ýö­ri­te­leş­di­ri­len in­ter­net gi­ňiş­li­gi­ni dö­ret­mä­ge ýar­dam be­rer.

Hususy pudakda gazanylan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň binýadynyň barha berkeýändigini kepillendirýär

13-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy hormatly Prezidentimize hasabat berdiler. Birleşme häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar.

Telekeçilik: täze başlangyçlar, şanly sepgitler

12-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady we ol aýyň 18-ine çenli dowam eder. Serginiň ikinji gününde hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşmagy hem-de telekeçilerimiziň öndüren önümleri bilen tanyşmagy örän ähmiýetli boldy. Sergä ýurdumyzyň hususyýetçileriniň 200-den gowragy öz diwarlyklary we öndüren önümleri bilen gatnaşdy. Sergi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdi. «Nesil» gazetiniň döredijilik topary sergä gatnaşyp, işi rowaç telekeçiler bilen söhbetdeş boldy.

Döredijilikli gözlegiň miwesi

Gözel paýtagtymyzyň Günorta böleginde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanylyp guralan sergi dowam edýär. Sergi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy önüm öndürijileriň hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek bilen bagly berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda döredijilikli gözlegde bolýandyklaryny görkezdi.

Telekeçileriň dabaraly maslahaty

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň 14 ýyllygy mynasybetli, welaýat kitaphanasynda dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň, TSTP-niň welaýat komitetiniň bilelikde guran bu maslahatyna welaýatymyzyň dürli ýerlerinde iş alyp barýan telekeçilik kärhanalarynyň wekilleri, hususy telekeçiler gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Maksud Töräýew, «Ynsan kalby» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Agamyrat Söýünow, telekeçi Döwletgeldi Durdyýew we beýlekiler çykyş edip. Garaşsyz ýurdumyzyň telekeçilik pudagyny ösdürmek barada amala aşyrylýan işler, telekeçileriň yhlasly zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olardan görnüşi ýaly, şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen, welaýatymyzyň telekeçileri giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Häzirki wagtda welaýatymyzda telekeçilere degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň, ýyladyşhanalaryň köp sanlysy hereket edip, ilatyň isleg bildirýän dürli görnüşli önümlerini öndürmekde oňat netijeleri gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna goşant

Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy

Aşgabat, 13-nji aprel. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.

Işewürligiň röwşen gadamlary

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Türkmen telekeçileri rowaçlyklaryň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýarlar” diýip belledi. Bu hakykaty paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda birnäçe gün bäri dowam edýän sergi aňryýany bilen subut edýär. Sergi zalynyň giň pawilýonlaryny bezän önümleriň aglabasynyň täze harytlardygy hususy eýeçilikde döredijilikli işlenilýändiginiň alamatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Şol taryhy günden başlap, türkmen telekeçileri bir supranyň başyna jemlenip, agzybirlikde iş alyp barýarlar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Kanunlaryň kabul edilmegi gowy netijeleri berdi. Birleşmäniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektardan gowrak meýdanda döredilen Senagat zolagynda häzirki wagtda döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda iş a

Ýylyň iň gowy telekeçileri

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda giňden ýaýbaňlandyrylan türkmen işewürleriniň önümleriniň sergisinde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly azyk, senagat, gurluşyk harytlarydyr bu pudakda sanly ulgam arkaly amal edilýän giň möçberli işler, täze taslamalar bilen tanyşmaga, pikir we tejribe alyşmaga hem mümkinçilik bar. Serginiň çäklerinde guralan birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda dürli ugurlar boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabatlar diňlenildi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de hususy eýeçilige täze tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeler kesgitlenildi. Maslahatda birleşmäniň hususy telekeçileriň arasynda dürli ugurlar boýunça yglan eden «Ýylyň iň gowy telekeçisi» bäsleşiginiň jemi jemlendi. Netijede, 12 ugur boýunça bäsleşige gatnaşan hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň, telekeçileriň arasyndan iň mynasyplary ýeňiji diýlip yglan edildi. Şolaryň hatarynda hususy pudakda göreldeli işleri bilen adygan «Derýapla

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

12-nji aprelde paýtagtymyzda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň, hususy pudagyň ýeten sepgitleriniň gözden geçirilişine öwrülen bu çäreler hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär.