Maýyşgak gaplamalary öndürýän iň esasy kärhana
«Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti azyk we azyk däl önümleriniň maýyşgak gaplamalaryny (rotagrawýura) çuňňur çap etmek usulynda öndürýär. Bu kärhana ýurdumyzda azyk harytlarynyň maýyşgak gaplamalaryny öndürýän ilkinji we ýeke-täk kärhanadyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti öz işine 2019-njy ýylyň maý aýynda başlaýar we onuň ilkinji hyzmatdaşlary «Tomus», «Kirpi», «Salkyn» kärhanalarydyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti ilki bary-ýogy 20 — 30 sany dizaýny bilen işe girişýär. Gysga wagtyň içinde önümleri bilen telekeçileriň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Häzirki wagtda 70-den gowrak telekeçiniň buýurmalaryny ýerine ýetirýän bu kärhana bu günki gün 450 — 500-den gowrak dizaýn işlerini özünde jemleýär. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetiniň atlandyrylyşy barada gysgaça aýtsak, kärhananyň direktory Nurmuhammet Abdyrasulowyň ýedi ogly bar. «Nur» sözi bolsa Nurmuhammet aganyň adynyň birinji bölegidir.