HABARLAR

Älem sazlaşygynyň nepis nusgasy

Türkmeniň halyçylyk sungaty gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol halkymyzyň gelip çykyşy, ösüş taryhy we ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşykly öwüşginleri özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň ýiti zehininden, ýadawsyz zähmetinden kemala gelen nepis halylarymyz bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Halyçylyk sungaty halkymyzyň dünýägaraýşyny, geçmiş taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny we nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwyny özünde jemleýär. Sünnälik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Ol türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrmak bilen, bu nyşanlar ajaýyplyga gyzyklanmalary äşgär edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Türkmen halysynyň milli muzeýinde gadymy hem häzirki zaman halylarynyň mynasyp orun almagy daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylary, jahankeşdeleri haýran galdyrýar. Türkmen halylaryny öwrenen rus alymy S.Dudin nepis milli sungatymyzyň ajaýyp nusgalarynyň jahanda iň gadymy haly eserleri bolup durýandygyny bellemek bilen, olaryň meşhur pars halylaryndan has

Göllerinde Gün dogar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen halkynyň taryhyna zynat berýän milli gymmatlyklarymyz mukaddeslik derejesinde sarpalanýar. Türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen, gözelligi we nepisligi bilen meşhurlyk gazanan milli halyçylyk sungatymyz hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen milli sungatymyzdyr. Haly — halkymyzyň milli buýsanjy. Ol iňňän çeperçilik we ussatlyk bilen döredilýär. Haly ata-babalarymyzyň ruhy ahwalyndan, belent ylmy aň-düşünjesinden, pelsepewi garaýyşlaryndan kemala gelen gymmatly mirasymyzdyr. Halylar öýlerimiziň, toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen bilelikde halkymyzyň taryhyny dünýä ýaýýan sungatdyr. Şol sebäpli hem ýurdumyzyň ähli künjeginde halyçylyk sungatyna aýratyn üns berilýär.

Zer gadyryny zergär biler

Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyza aýawly garamak, senetçiligi ösdürmek we ýaşlara öwretmek hakynda ýadawsyz alada edýär. Şonuň netijesinde beýleki ugurlar bilen birlikde zergärçilik hem ösüşlere eýe bolýar. Ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamyndan döreden gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek we bu kesbe ýaşlary giňden çekmek maksady bilen ýerlerde anyk işleri alyp barýarys. Şonda zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň iş tejribelerini ýaýradýarys. Inçe senedi özüniň ykbal işine öwrenleriň biri-de Ogulnur Öräýewadyr. Etrabymyzyň Hojainebeg geňeşliginiň Täze ýol obasynda ýaşaýan bu zenan indi köp ýyldan bäri zergärçilik bilen meşgullanýar. Ol öz kärini çagalaryna we obanyň beýleki ýaşlaryna yhlas bilen öwredýär. Biz hem inçe senede gulluk edýän şeýle adamlary giňden goldaýarys. Şonuň netijesinde senetçilik ýoluny ýöredýänleriň sany barha artýar.

«Magtymguly» diýip, adym tutsalar»

Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasy, däp-dessurlary, taryhy we edebiýaty bilmek watansöýüjilik, ýurduňa we halkyňa wepalylyk ýaly mukaddes duýgularyň kemala gelmeginiň esasy çeşmesi bolup durýar. Türkmen halkynyň şahyrana edebiýatyny Magtymgulusyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Söz mülküniň şasy hasaplanylýan Magtymgulynyň döredijiligi halkymyzda terbiýe mekdebi, akyl-paýhas terezisi hasaplanylýar. Üstünden ençe asyrlaryň geçendigine garamazdan, çyn göwheriň has ýiti lowurdaýşy ýaly, akyldaryň şygyrlary biziň günlerimizde-de gymmatyny ýitirmän, paýhas dürlerini seçmegini dowam edýär. Şol dürdäne eserleriň geljekde-de ähmiýetini ýitirmejekdigine şübhe ýokdur. Ykbaly çylşyrymly döwre gabat gelendigi bilen baglanyşykly Pyragynyň şygyrlarynda biziň häzirki döwürde eýe bolan asudalyk, erkinlik, döwletlilik ýaly bahasyz baýlyklarymyzyň gadyr-gymmaty has ýiti duýulýar. Ol türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmeginde ägirt uly goşant goşan danadyr. «Türkmen ilim, eý adamzat!//Azat il, güzer gözlär men» diýen setirler şahyryň öz iliniň erkana ýaşaýşyny arzuwlandyg

Hyýalyny Hindistana baglan Pyragy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýagşylygy ündeýän taglymatlary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk we dostluk barada ajaýyp şygarlar bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 17-nji maýda açylyp ulanmaga berlen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy muny aýdyň subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowamat-dowama besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini has çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly: «Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr».

Milletiň milli mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürýän, äleme meşhur halylary dokaýan halyçylarymyza döwletimiz tarapyndan uly hormat goýulýar. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk günlerinde halyçylyk sungatymyzyň baý öwüşginleriniň çuň manysyny açýan halkara maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegi, ýurdumyzyň ussat halyçylaryna hormatly atlaryň dakylyp, döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy Arkadagly eýýamymyzyň asylly däbine öwrüldi.

Pyragyly golýazmalar

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli gymmatlyklarymyz baradaky aladalarynyň netijesinde dünýäniň belli-belli medeni ojaklaryndan ylym, edebiýat ägirtleriniň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň eserlerini agtaryp tapmak işlerine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasyndan we maglumat merkezinden Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Meşrebiň, Misginiň we beýleki türkmen şahyrlarynyň goşgularyny öz içine alýan golýazmanyň tapylmagy ruhy gymmatlyklarymyzyň entek-entekler tapyljakdygy baradaky pikiri döredýär. Neşirýat, çaphana bolmasa-da, Magtymgulynyň şygyrlarynyň asyrlaryň içinden geçip gelmegi üçin belli-belli şahsyýetleriň siňdiren yhlasy ýatlanylmaga mynasypdyr. XIX asyrda Magtymgulynyň kitaplary Daşkentde, Kazanda, Buharada, Samarkantda, Bakuwda neşir edilipdir. Olaryň arasynda XIX asyryň başynda Magtymgulynyň 200-den gowrak goşguly golýazmasyny Başgyrdystana, türkolog Ahmet Zaki Welidä iberen asly kokantly Aşyraly Zahyrow hem bar. Orenburgda çap edilýän “Şura” žurnalynyň 1913-nji ýyldaky birnäçe sanynda A.Z.Welidiniň A.Zahyrowyň iberen golýazmasyna we Magtymgulynyň 1912-nji ýylda Abdyrahman Nyýazy tarapyndan Astrahanda neşir edilen kitaby hakdaky makalasy çap edilýär. Nyýazynyň

Watan hakyndaky müdimi owaz

Durdy bagşynyň «Ak ýüzli Maralym» atly belli aýdymy döreden sazanda-şahyrdygyny köpler bilýändirler. Bu aýdym başdan-aýak çeküwli bolup, hemme bagşa şeýle kyn aýdymlary aýtmak başardyp hem durmaýar. Şony nazarda tutup hem, käbir aýdymlara aýdym-sazdan gowy baş çykarýan adamlar «Bagşy saýlaýan aýdym» diýýärler. Durdy bagşynyň bu goşgusynyň her bendi bäş setirden we on dört bogundan ybaratdyr. Türkmen edebiýatynyň goşgy düzüliş aýratynlygyndan azda-kände habarly adamlar bilýändirler, Magtymguly Pyragynyň enesi ýogalanda ýazan «Kaýda sen?» atly goşgusy hem şol galypda ýazylandyr. Dostmämmet, Durdy şahyr XIX asyr türkmen edebiýatyna, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ondan öňki asyra degişli. Taryhy birleşdirýän uly wakalaryň ähmiýeti bolsa bimöçberdir. Magtymguly Pyragynyň fenomen şahsyýeti barasynda şony aýtmak bolar. Dünýä taryhyna irki ekerançylyk medeniýetini ornaşdyran Änewiň ekerançylygy hem taryha täzelik getiren hadysadyr. Iki sany taryhy ähmiýetli uly hadysa Watanymyzyň şöhratly sahypasydyr, halkymyzyň ebedi hakydasydyr, dünýäniň medeniýet äleminde bolsa lowurdaýan ýyldyzlardyr. Köpetdagyň eteginde dörän gadymy medeniýet, Etrek hem-de Sumbar derýalarynyň boýunda dünýä inen beýik mukaddeslik — bular halkymyzyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir,

Çowdur nagyşlary

Türkmeniň çowdur taýpasyna degişli nagyşlary, esasan, başgaplar bolan tahýalarda, çagalaryň geýýän topbularynda görmek bolýar. «Börük» ýa-da «topby» diýlip atlandyrylýan çagalaryň gulakjynyna «goçbuýnuz» nagşynyň ýarty görnüşi keşdelenip, tolkun (egrem) alaja nagşy bilen aralary bölünip edilýär. Olar, esasan, el işiniň ilme görnüşini ulanypdyrlar. Topbularyň bu görnüşi öň 5 — 9 ýaşyndaky çagalara geýdirilende alaja edilip, düwmejikler dakylypdyr. Häzirki görnüşinde-de şeýle etseň has owadan, göze gelüwli görünýär. Çowdur nagyşlary keşdelenende, töweregine jähek salnanda, esasan, ýaşyl reňkli sapaklar köp ulanylypdyr. Topbynyň maňlaý tarapy 3,5 sm edip çykarylyp, gulaklyklarynyň üçburç görnüşinde alynmagynyň sebäbi çagalaryň gulaklaryny sowukdan goramak üçindir. Topbulara, tahýalara her dürli çowdur nagyşlary, alaja, mekany, guşgözi, okgözi we ş.m nagyşlar tikilipdir. Oguz hanyň agtygy Çowduryň tagmasyna çalym edýän nagyşlara gelin-gyzlaryň beýleki el işlerinde hem duş gelmek bolýar.

Halk pähimleriniň durmuşy ähmiýeti

Halkymyzda pähim-parasada ýugrulan birnäçe nakyllardyr atalar sözleri bar. Olaryň her biriniň aňyrsynda durmuş hakykaty durýar. Ata-babalarymyzyň «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýen halk pähiminde awçylyk bilen durmuş hakykatynyň durandygyny gürrüň berýärler. Halkymyzyň awçylyk bilen bagly döreden birnäçe ýörelgeleri hem durmuşyň ýazylmadyk kanunlary ýaly adata öwrülip gidipdir. Awa çykylanda, islendik haýwany awlanyňda ony kowup awlamak halallyk hasaplanypdyr. Awçynyň öňünden dogry gelen janawara degilmändir. Dogry öňüne çykan haýwany atmak oňlanylmandyr. Şonuň üçin hem «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýlipdir. Bu pähim durmuş hakykaty bilen birlikde, adamlaryň dogruçyllyk häsiýetini ösdürmekde hem ähmiýetli bolupdyr. Halk pähimleriniň şeýle giň many-mazmuny olaryň durmuşy ähmiýetiniň uludygyny aýdyň görkezýär.