HABARLAR

Halk döredijiligi — ebedi hazyna

Halkymyz zehinli, dilewar adamlary, belli şahslary, halk gahrymanlaryny, akyldarlary, söz ussatlaryny tüýs ýürekden hormatlap, olar barada rowaýatdyr hekaýatlary döredipdirler. Olaryň köpüsi türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy, Myraly bilen Soltansöýün barada, nusgawy şahyrlar Keminäniň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň döreden şygyrlarynyň döreýşine bagyşlanandyr. Şonuň ýaly-da, rowaýatlaryň köpüsi belli halk gahrymanlaryny wasp edipdir. Keýmir kör hakda dörän rowaýatlar halkyň ýüreginde ornaşan gahrymanlaryň durmuşyny, ýaşaýşyny, gylyk-häsiýetini doly açyp görkezýär. Ol pähim-parasatly, namysjaň adam. Rowaýatlarda beýan edilişine görä, ol halkyň abraýyny belentde goýan, türkmen halkynyň özbaşdaklygy ugrunda batyrgaýlyk bilen söweş alyp baran şahsyýet. Rowaýatlaryň köpüsi onuň Nedir şa bilen bolan söweşlerine, söz ýaryşlaryna bagyşlanypdyr. Halk öz gahrymanyny örän belende galdyryp, onuň öçmejek keşbini döredipdir. Hatda hüwdülerde hem gelinler öz çagalarynyň Keýmir serdara meňzemegini arzuwlap hüwdüläpdirler. Öz balasynyň Keýmiriň yzyny mynasyp dowam etdiriji bolmagyny arzuw edipdirler.

Eňsi

Türkmeniň ak öýüniň işigine tutulýan eňsileriň özüniň özboluşly manysy, ähmiýeti bolupdyr. Eňsiler diňe bir gapynyň öň tarapyny bezemän, eýsem, zerur wezipeleri hem ýerine ýetiripdir. Olaryň esasy çeperçilik manysy mukaddes maşgala ojagyny goramakdan ybarat bolupdyr. Agyr haly tutusy maşgala ojagyna tagzym etmäge, edaly bolmaga ugrukdyrypdyr, ýagny öýe girmek üçin şol tutyny  galdyrmaly bolupdyr. Eňsi — mährabyň şekilinde dokalyp, onuň ýerli düşeginiň ähli ýeri çitimler bilen doldurylypdyr. Ondaky özboluşly manylary aňladýan nagyşlar başga haly önümlerinde duş gelmeýär. Ondaky nagyşlaryň we gölleriň aglabasy hasyllylyk hakyndaky düşünjeler bilen baglanyşyklydyr. Gadymy eňsilerde orta we kiçi nagyşlar, köplenç, haşamlanan üzüm ýapraklarynyň görnüşinde bolupdyr. Eňsiniň käbir nagyşlarynda bolsa seteran düzülen nagyşlar ekerançylara bulut bürän meýdany we bol hasyly wada berýän ýagşy ýatladypdyr. Tuta salynýan «alaja», «dagdan», «atanak», «tegbent» nagyşlary «Öýi ýaman ruhlardan gorap, ýagşylyga çagyrýar» diýlip düşünilipdir. Şonuň ýaly-da, oňa salynýan «düýe diş», «güjük yzy», «tazy guýrugy» ýaly nagyşlaryň hem öz aňladýan manysy bolupdyr.

Zergärçilikde ulanylýan daşlar

Keşdeçilik sungatymyz — gymmatly baýlygymyz

Ýurdumyzda Ylymlar gününiň uludan toýlanylýan günlerinde türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ähli türkmen gelin-gyzlary bilen birlikde külli ilimizde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Türkmen keşdeçilik sungaty öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Keşdedir nagyşlaryň her birinde eli çeper gelin-gyzlaryň ýürek arzuwlary, asylly gylyk-häsiýetleri, edim-gylymlary şöhlelenýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kökleri asyrlara uzap gidýän bu milli senedimizi ösdürmek ugrunda ýola goýulýan işler biziň her birimiziň kalbymyzy egsilmez şatlyga we buýsanja besleýär.

Bedew atdyr goç ýigidiň ganaty

Türkmen halky adamzat medeniýetine uly goşant goşan halkdyr. Azym-azym döwletleri gurup, dünýä öz hökümini ýöreden halk özüniň deňsiz-taýsyz halylary, alabaý iti we ahalteke bedewleri bilen hem taryh sahypalarynda öçmejek yz galdyrdy. Türkmeniň «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen köneden gelýän nakyly hem halkymyzyň gamyşgulak bedewlerini näderejede sylap-sarpalaýandygyny subut edýär. Taryhyň çuňluklaryndan bäri halkymyzyň dilinden düşmän gelýän toý aýdymlarynda, dessanlarda, rowaýatlarda, nakyllarda we atalar sözlerinde gamyşgulak bedewlerimiziň waspyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewleri — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplarynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ahalteke bedewlerini uçar ganatyna deňäp, iň ýakyn syrdaşy saýyp gelendigi baradaky taryhy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke tohumly bedewler dünýäniň medeni atşynaslygynyň gözbaşydyr.

Düýe maly — dünýe maly

Düýe ýüňünden taýýarlanylýan önümler saglygy bejerijilik täsire eýe bolmak bilen, halkymyzyň durmuşyna çuňňur ornaşandyr. Düýäniň ýüňünden taýýarlanylýan agarçäkmen, ýassyklar, saçaklar durmuşda uly islegden peýdalanýar. Irki döwürlerden bäri özüniň gymmatyny gaçyrman, biziň günlerimize gelip ýeten, halkymyzyň sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklarynyň biri bolan düýe ýüňünden taýýarlanylýan agarçäkmen ak öýüň törüni bezeýär. Agarçäkmeniň matasyndan öl geçmeýändigi üçin ony ýagyş-ýagmyrda, çygly howada geýýärler. Şeýle-de düýe ýüňünden dokalan egin-eşikleriň kesel bejerijilik ähmiýetiniň uludygyny hem bellemek gerek. Ol böwrek sowuklamasyndan, guragyrydan ejir çekýänlere melhem bolýar.

Nepisligiň nusgasy

Dünýä meşhur ketenilerimiz ene-mamalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň biridir. Bu inçe senet häzirki wagtda hem gelin-gyzlarymyz tarapyndan döwrebap öwüşginde dowam etdirilýär. Keteniden taýýarlanylýan zenan lybaslary özboluşly görki bilen tapawutlanýar. Keteni dokamaklyk köküni irki döwürlerden alyp gaýdýar. Geçmişde türkmen zenanlary ýörite agaç gurallarda, taralarda dünýäni haýrana goýýan nepis matalary, ketenileri dokapdyrlar. Ynançlara görä, gyzyl reňkli ketenini köne döwürlerde gyzamyk çykanda-da, näsaga geýdiripdirler. Aýdan nur, Günden ýylylyk, älemgoşardan reňk, derýadan güýç, çeşmeden durulyk alan, aňsat solmaýan, ýuwlanda süýnmeýän bu nepis ketenileriň döreýşi hakynda halk arasynda şeýle rowaýat hem bar.

Gadymy ýazgylara ýüzlensek...

Darganata etraby welaýatymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýär. Gadymy ýazuw çeşmelerinde gojaman Jeýhuny etekläp oturan bu etrabyň çägindäki galalar we desgalar, olaryň döreýşi barada gymmatly maglumatlara duş gelinýär. X asyryň arap syýahatçysy Abu Abdylla al-Mukaddasi (Makdisi) «Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy bölüşdirme» atly eserinde Horezmde onuň paýtagty Ürgençden soň iň uly şäheriň Dargandygyny, ol ýerde Amyderýadan geçelgäniň bardygyny ýazypdyr. XIX asyryň rus alymy A.L.Kun bolsa «Gadymyýetden bäri Hywa hanlygynda ýerleşilmegiň taryhy barada oçerk» atly eserinde derýadan geçelgäniň eýesine «darga» diýilýändigini we bu wezipäniň edil miraplyk ýaly Hywa hanynyň köşgünde hormatly kär hasaplanylýandygyny belläpdir. Türkmen diliniň sözlüginde «darga» diýen at iki manyda — «Deňiz, derýa ýakasynda gerişleri, eginleri bilen gämini çekýän adam ýa-da ýük çekilýän gaýygy, gämini sürýän adam, gämiçi» diýlip düşündirilýär. Alym S.Atanyýazow hem «Türkmenistanyň geografiki atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda «dargan» sözüniň «gaýykçy», «gämiçi» manysy bolup, «darga» sözüniň köplük sany bolmagynyň ähtimaldygyny we bu sözüň soňuna goşulan ata sözüniň mukaddes ýerleriň — öwlüýäleriň, mawzoleýleri

Gelinlik dünýäsiniň gelşigi

Gaýyn öýüniň işiginden ilkinji ätlän gelinleriň başyna gyzyl-elwan bolup lowurdap duran, gül-gunçaly, älemgoşar öwüşginli çarşawyň (ýurdumyzyň günbatar sebitinde çäşewi diýlip atlandyrylýar) atylmagy onuň gelinlik dünýäsiniň şeýle gözellige beslenmegi baradaky arzuwdan gözbaş alýar. Balkan welaýatynda mahsus bolan bu ýörelge asyrlardan-asyrlara aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ene-mamalarymyz başy çarşawly gelni alnyna sylyp, ýagşy niýet bilen garşylapdyrlar. Ýigidiň gelni alyp gelen ýeňňesidir öýlenýän oglanyň dost-ýarlary bolsa: — Mahmal-begres içinde,Saýlanýarsyň, gözel gyz.Çäşewini atynyp,Sallanýarsyň, gözel gyz —

Asylly ýörelgeler

Adamzat ýaşaýşynda ynsany bezeýän mukaddes häsiýetleriň biri hem edepdir. Edep ynsanyň durmuşda, maşgalada hem-de jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmagy üçin ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin hem edep-ekram barada halkymyz çaganyň ýaşlygyndan aýratyn aladalanyp başlapdyr, sebäbi edep adamzat ýaşaýşynyň dowamynda onuň şahsyýetine berilýän mynasyp bahadyr. Iňňän inçeden yzarlanan ýokary ahlak sypatlaryny özünde jemleýän edep-ekramlylygy mydama özüne ýaran edinen halkymyz çagany şol duýgular bilen terbiýelemäge çalşypdyr. Milli terbiýede çaganyň ýanynda diňe gowy zatlar hakynda söhbet açylyp, onuň özüne hem diňe gowy zatlar hakynda pikirlenmegi ündäpdirler. Halkymyzyň arasynda giňden ulanylýan «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen nakyla eýerilipdir. Edep-terbiýe çaganyň geljekki ykbalynyň, onuň nähili adam bolup ýetişjekdiginiň hem kesgitleýjisi bolupdyr. Edep-ekramyň, görüm-göreldedir ýagşy terbiýäniň bar ýerinde bolsa hemişe bagtyýarlygyňam, agzybirligiňem, üstünligiňem bolýandygy durmuşyň ykrar eden iň beýik hakykatydyr.