HABARLAR

«Gül keşbiň ýaraşar güllere, bedew!»

Keramatly türkmen topragynda kemala gelen ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli baýlygydyr, buýsanjydyr, ata-babalarymyzyň bize galdyran genji-hazynasydyr. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «Behişdi bedewler» diýlip dürlüçe atlandyrylýan nurana bedewlerimiz at tohumlarynyň iň kämili we gadymylarynyň biridir. Şonuň üçin-de at oýnatmak, at üstünde dürli çalasyn oýunlary ýerine ýetirmek türkmen ýigitlerine gadymdan mahsus. Munuň şeýledigine Oguz han atamyzyň ýol-ýörelgesi esasynda ata Watan üçin şan-şöhrat gazanan türkmen gahrymanlary bilen baglanyşykly wakalar, rowaýatlar, şadessanlar arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Eýsem, «Görogly» şadessanyndaky Göroglynyň «at oýnadyşy», «at bökdürişi», «altyn gabak atyşy» şondan habar bermeýärmi näme?!

Magtymgulynyň döredijiliginde bedewiň waspy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen toý-baýramlaryň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Her ýylyň ýazky we güýzki at çapyşyk möwsümleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilip, türkmen halkynyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmek babatynda hem mynasyp işler toplumlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylyk we seýisçilik sungatyny ata-babalarymyzyň birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli däp-dessurlary, tejribeleri bilen utgaşdyryp, döwrebap ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ata-babalarymyzyň baý tejribesi esasynda has-da şöhratlanan bedewleriň waspy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar.

Saç toýy

Gadymyýetden gözbaş alyp, asyrlarboýy dowam edip gelen toýlarymyz halkymyzyň milli aýratynlygynyň bir şahasy, ýakymly dünýäsidir. Ol toýlaryň haýsy birini alyp görseň-de, özüne mahsus özboluşlylygy görmek bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şol gadymy ata-baba toý däplerimiz gaýtadan dikeldilýär. Milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek, dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol toý däpleriniň biri-de, saç toýudyr. Maşgalada bir ýaşy dolan çaganyň ýüpek ýaly çile saçy toý tutulyp aldyrylýar. Oňa saç toýy, kä halatlarda galpak toýy diýilýär.

Danalardan dürdäneler

Eger-de çagany ýalňyş ýoldan alyp galjak bolsaň, onuň bilen bile ýöre, şonda ony dogry ýola gönükdirmäge pursat taparsyň. Çagaňa oýlap tapmagy we döretmegi öwret. Şonda onuň öňünde tutuş dünýä açylar.

Galyp (Mizemez miras)

Türkmen senetkärleriniň işleriniň ilerlemeginde galybyň orny uly bolupdyr. Küýzegärlikde küýze, golça, gulply küýze, hum, humdan ýaly palçykdan her dürli önümleri ýasamakda we şekil bermekde galyplar ulanylypdyr. Gadymy «Erkin gün» atly dessanynda Nowruz gelip, Gün gaty gyzdyryp ugransoň, howruna demir eredilendigi barada gürrüň berilýär. Çoýundan we demirden dürli gaplary, gazanlary, tüňçeleri, taňkalary ýasan türkmen senetkärleri olaryň özüne mahsus galypdan peýdalanypdyrlar. Binagärlikde ulanylýan galyplaryň durnukly hem-de berk ymaratlaryň emele gelmeginde ähmiýeti uludyr. Gadymy ata-babalarymyz şeýle galyplarda kerpiç guýupdyrlar. Agaç ussalary galyplary söwüt hem-de erik baglarynyň guran agaçlaryndan ýasapdyrlar. Uly adamlar üçin dört-bäş, hat-da ondanam köp gözli galyplar ýasalypdyr. Ýetginjekler üçin iki-üç gözli galyplar buýrulypdyr. Şeýle galyplarda kerpiç guýlupdyr. Galyplar kerpiçleriň ululygyna-kiçiligine laýyklanypdyr. Ilki belli bir uzynlykdaky we giňlikdäki tekiz tagta alnyp, soňra arasy bölek tagtajyklar bilen bölünipdir. Neçjarlar şol aralyk tagtajyklaryň insiz tarapyny ildirgiç görnüşli taslapdyrlar. Daşyndan, töwerekleýin geçýän tagtadan bolsa, içi deşiklije orundan edilipdir. Soň-soňlar aralykdaky tagtajyklary çüý bilen berkitmek arkaly galyp ýasa

Zähmetsöýerlik - bagtyň gözbaşy

Zähmet adamyň öz-özüni ykrar etmegidir, ýaşaýşa bolan söýgüsiniň gözbaşydyr. Halal we päk zähmet baýlygyň çeşmesidir, bagta ýetmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Hut şonuň üçin-de çagalarda zähmetsöýerligi terbiýelemek maşgalanyň we okuw-terbiýeçilik edaralarynyň esasy wezipesidir, jemgyýetçiligiň öňündäki borjudyr. Zähmetsöýerligi terbiýelemegiň usullary we ýollary saýlanylanda kämil şahsyýetiň göreldesini, nusgalyk zähmet ýoluny öwrenmek hem-de wagyz etmek maksadalaýyk we netijeli bolar. Çünki perzent ýalan-ýaşryk öwüde däl-de, göreldä mätäçdir. Şonuň üçin-de terbiýäniň ýagşysy-da göreldedir. Diňe göreldeli maşgalada kemally perzent, görnükli şahsyýet ýetişýär. Hormatly Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly aganyň zähmet ýoly bilen tanşanymyzda zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen bu beýik ynsanyň durmuş ýolunyň ýaş türkmenistanlylar üçin hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygyň, maksadaokgunlylygyň, halallygyň, jogapkärçiligiň kämil nusgalyk ýoludygyna göz ýetirýäris. Mälikguly Berdimuhamedowyň uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmeti, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda bitiren aýratyn uly

Garry gaýa gaçar, ýigit — düze

Atam möwritinde bir ýolbars güýç--gurbatdan galyşyna awunam alybilmän, güneşläp ýatan ekeni. Şol mahalam onuň ýanyna bir dyzmanak möjek geläýmezmi? Olar hal-hözir soraşanlar. — Ýör, ýolbars aga, seni bir hezil etdireýin. «Hoş» diýip, yzyma düşseň bolany.

Halallygyň ölçeg birligi

Iller-günler ak diýseler, aksyň sen,Iller-günler gök diýseler, göksüň sen,Iller-günler bir zat diýýän bolsalar —Takmynan, takmynan, şonçaraksyň sen. Türkmeniň Mylly agasy hakynda pikir edenimde, hemişe galamdaşymyň şu setirleri ýadyma düşýär. Bu garagöz ymmatda gadymlardan bäri üýtgewsiz bir ýörelge bar: il-günüň kesen nyrhynyň kösti bolmaýar. Takmynan, takmynan, şonçarak çykýar.

Ýag depbesi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan esbaplaryň biri-de depbedir. Depbe geçmişde türkmen hojalyklarynda giňden ulanylan gaplaryň biri bolup, onda ýag saklanylansoň, oňa «ýag depbesi» hem diýlipdir. Ol küýze görnüşinde, ululy-kiçili, iki gulply bolýar. Agzy hem dyky bilen ýapylýar. Ata-babalarymyz çyryş ösümliginden peýdalanyp, öz durmuş hajatlary üçin zerur bolan ýag depbesini taýýarlapdyrlar. Çyrşyň köki alnyp, ownuk dogralyp, az mukdarda suw guýlup, ol tä ýelim görnüşine gelýänçä gaýnadylypdyr. Soňra matadan torba tikilip, onuň içine saman ýa-da yzgarly gum doldurylypdyr. Içi doldurylan torbanyň daşyna taýýar çyryş çalynýar. Ol gurandan soň bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanýar we Gün düşmeýän ýerde guradylýar. Ýelim gowy gurandan soňra, onuň içindäki samandyr gum doldurylan torba aýrylyp, depbäniň has-da berk bolmagy üçin gyzgyn, gaýnap duran ýaga batyrylýar. Türkmen halkynyň çarwadarçylyk bilen meşgullanýanlary süýt-gatyk önümlerini ýaýyp, saryýag alypdyrlar. Ony bolsa depbede saklapdyrlar. Onda saklanan saryýag zaýalanmandyr. Depbede ýedi ýyl saklanan saryýagyň dermanlyk häsiýeti has-da güýçlenip, kesel bejermekde peýdalanylypdyr. Ýag depbesiniň dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýandygy üçin onda saklanýan önüm hem dermanlyk häs

Zenan zehininden döreýän gözellik

Göreniňde gözleriňi dokundyrýan gözellikleriň ençemesi ynsanyň zähmeti bilen kemala gelýär. Zenanlar hem gözellikleri döredijiler bolup, gözleriniň gören, göwünleriniň söýen ajaýyplyklaryny el işlerine, keşdedir gaýmalara geçirip, olaryň keşbini baky ýaşadýarlar. Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar. Köz ýaly ýanyp duran keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi owadanlygy bilen görenleri haýran edýär. Päk zähmetden kemala gelýän keşdelerde tebigatyň gözelligine gözellik goşýan müň dürli gülleriň keşbini görmek bolýar.