HABARLAR

Ak keçe ýaraşar öýüň törüne

Gadymyýetden miras galan senetçilik däpleri häzirki döwürde-de öz ähmiýetini, gadyr-gymmatyny ýitirmeýär. Eli çeper zenanlaryň zehininiň, yhlasynyň miwesi bolan keçe we keçe önümleri milli mukaddesliklerimiziň biridir. Keçeler, adatça, dörtburç bolýar. Olaryň bir ýa-da iki ýüzi nagyş bilen bezelýär. Keşde çekmek, dokma dokamak ýaly keçe taýýarlamak hem irginsiz zähmeti talap edýär. Ene-mamalarymyz derýalaryň, ýaplaryň boýlarynda ösýän hyşşalardan orlup alynýan gamyşlary arassalap, belli bir ölçegde berk ýüpler bilen çyg dokapdyrlar. Soňra sähetli gün diýip hepdäniň çarşenbe güni üýşüp, gamyş çygyň üstünde keçeleri gülläpdirler. Çygyň ýüzüne inçe edilip çekilen reňkli ýüňler bilen salynjak nagyşlaryň keşbi çekilýär. Keçäniň merkezi meýdançasyna güller we dürli şekilli nagyşlar aýlawly goýlup çykylýar. Soňra ýogyn görnüşinde çekilen reňkli ýüňler arkaly onuň içi doldurylýar. Keçelerde merkezi nagşyň we gyra nagyşlaryň arasy alajalar bilen bezelýär. Alaja keçä owadanlyk çaýýar we nagyşlaryň biri-biri bilen goşulyşmazlygynda hem uly ähmiýete eýe bolýar.

Gadymy suw desgalary

Biziň şu söhbedimiz Çärjew etrabynyň Amyderýanyň sag kenaryndaky çäklerinde irki döwürlerde gurlan suw desgalary hakynda bolar. Olar öz döwründe ata-babalarymyzyň suwaryş ulgamlaryny çekmekde gazanan üstünliklerine aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Çärjew etrabynyň Hojakenepsi, Ýylmangaýa, Eljik, Osty obalarynyň çäklerinde Amyderýanyň kenar ýakalary uzaboýuna belent gyrlyklardan ybarat. Derýanyň bu kenarynda obalar irki döwürlerde peýda bolupdyr. Oba ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Kowçum bolup oturmak, ekin ekmek üçin bolsa süýji suw köp gerek bolýar. Obalylar kenary belent gyr depeli derýadan suw almagyň özboluşly usulyny oýlap tapypdyrlar. Olar depeleriň aşagyndan ötük — lagym gazyp, ekerançylyk ýerlerine bol suwy getirmegiň hötdesinden gelipdirler. Bu ýeňil bolmadyk, örän köp möçberde el güýjüni talap edýän iş bilen erkek adamlar meşgullanypdyrlar. Gazuw işlerine tejribeli ussalar, miraplar ýolbaşçylyk edipdirler.

Törlere ýaraşyk gülli keçeler

Mirasym — hazyna-genjim Arkama-arka dowam edip, biziň şu günlerimize gelip ýeten el işleriniň biri bolan milli keçelerimiz törlerimiziň, toýlarymyzyň ýaraşygydyr. Türkmen zenanlarynyň döredýän nepis sungaty halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendir. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.

Jemşidiň jamyna deňelen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni, ruhy derejesi ösýär we özgerýär. Ata-babalarymyzdan galan edebi-ruhy mirasymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi, halkymyzda uly gyzyklanma döredýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan toýlanylýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanylyp halkara ylmy-amaly maslahatlar, dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmeniň ruhy sütüni Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan setirleri halkyň milli ruhy bilen ýaşaýar. Jemşidiň jamyna deňelen şahyryň sowallaryň ummanyna çelgi bolýan goşgulary bahasyz hazynadyr. Şahyryň her bir setirinde halkyň ykbaly, paýhasy, şahyrana ussatlygyň, yhlasyň belentligi, çuňňur filosofiki pikirler bar. Her setiriň aňyrsyna umman ýaly pikir çuňlugyny siňdiren poeziýanyň bir ýürege, bir akyla sygandygyna haýran galýarsyň. Şahyryň döredijiliginiň diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ruhy medeniýetinde tutýan orny baradaky pikirleri dünýä belli alymlar tarapyndan hem bellenildi.

Süýtden alynýan önümler

Süýt we süýt önümleri adam saglygy üçin ýokary kaloriýaly we çalt siňiji azyklyk iýmitdir. Olar witaminlere we mineral maddalara baý. Muňa garamazdan süýt we süýt önümleri çalt zaýalanýan önümlere degişlidir. Howanyň temperaturasynyň ýokary bolan döwründe süýt we süýt önümleri derrew turşap, zaýalanyp başlaýar.

Nepisligiň nusgasy - türkmen halysy

Türkmen halkynyň agzybirliginiň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy gözbaşy milli mirasymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, yzygiderli tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, mirasymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär.  Halkymyzyň baý taryhynyň, milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ösdürmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligini türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam berýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren, milli sungatymyzy, medeniýetimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirýän «Türkmen medeniýeti», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaplary hem aýdyň mysaldyr. Adamlaryň ruhy kämilligi öz halkynyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de, öz halkyň taryhyny, sungatyny bilmek, ýürekden söýmek, oňa hormat goýmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.

Inçe iňňeden dörän sungat

Mährem gelin-gyzlarymyzyň elinden çykan her bir keşdäniň süňňüne türkmeniň dünýägaraýşy, ýaşaýşa bolan yhlasy, söýgüsi, gözellige buýsanjy siňdirilendir. El işleriniň arasynda keşde çekmek däbi aýratyn bir ussatlygy talap edýär. Ene-mamalarymyz özleriniň sungat derejesine ýetiren el hünärleri bilen milli lybaslary bezäp, sünnäläp tikipdirler. Keşde, köjüme, pugtama, basma, alaja we başga-da birnäçe el işleriniň görnüşleri bilen milli egin-eşiklerimiz has-da gözel görke gelipdir. Gelin-gyzlarymyz diňe bir toý köýneklerini däl, eýsem gündelik durmuşdaky öý geýimlerini hem el keşdeleri bilen bezäpdirler. Keşdeçilik sungaty çeperçilik taýýarlygy, irginsizligi, sabyr-takatlylygy talap edip, ýaş gyzlaryň sungata garaýyşlaryny kämilleşdirip, häsiýet aýratynlyklaryny hem terbiýeläpdir. Şeýle-de ene-mamalarymyz ýaşlygyndan gyzlarymyzyň ökde hünärli, çeper elli bolmaklaryny arzuwlap, eýýäm olar sallançakda wagty oňa hüwdüleriň üsti bilenem terbiýe berip başlapdyrlar. Muňa biz islendik döwürdäki edebiýatymyza, taryhymyza, ylmy, edebi çeşmelerimize salgylananymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris.

Işigi atly, töri döwletli türkmen

Türkmen halkynda «Aty çykmak» diýen düşünje şatlykly wakanyň buşlugy hökmünde kabul edilýär. Her ýylyň ýazky hem-de güýzki at çapyşygy möwsüminiň geçirilmegi ýurdumyzda ahalteke bedewlerine belent sarpa goýulýandygyndan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyz meşhur ahalteke atlary, görnükli seýisler, atşynaslar bilen baglanyşykly işleriň içgin öwrenilmegine, atşynaslyk sungatynda syrly iş tärleriniň türkmen we dünýä atşynaslaryna giňden açylyp görkezilmegine uly mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ahalteke bedewlerini içgin öwrenýän dünýäniň belli atşynaslaryň, alymlaryň we hünärmenleriň, ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň atçylygy ösdürmekdäki tagallalaryny birleşdirmäge we olaryň işlerini utgaşdyrmaga uly ýardam berýär. Şonuň üçin bu gün watandaşlarymyzyň, hususan-da, behişdi bedewlerimiziň muşdaklarynyň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygynyň çägi ýokdur.

Dün­ýä we Mag­tym­gu­ly

Ger­ma­ni­ýa­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Maýn bo­ýun­da­ky Frank­furt şä­he­rin­de be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň kon­sul­ly­gy ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ri­lip, oňa Hes­sen fe­de­ral çä­gi­niň Döw­let kan­sel­ýa­ri­ýa­sy­nyň, Frank­furt şä­he­ri­niň, Hes­sen­de akk­re­di­tir­le­nen dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we­kil­le­ri, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri, alym­lar, bu ýer­de köp­çü­lik­le­ýin ýa­şa­ýan türk­men­ler we ta­lyp­lar iş­jeň gat­naş­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň di­rek­to­ry D.Oraz­sä­he­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­de Bi­lim, Me­de­ni­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň, Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ag­za­la­ry bar.

Dün­ýä halk­la­ry­nyň he­re­ket­li ça­ga oýun­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mil­li he­re­ket­li oýun­la­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, dün­ýä halk­la­ry­nyň hem ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de gy­zyk­ly we tä­sir­li oýun­la­ry bar. Hem­mä­mi­ziň bil­şi­miz ýa­ly, ol oýun­lar he­niz sport däl. Ýö­ne olar kör­pe­le­riň ösüp-ula­lyp, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne hö­wes dö­red­ýän il­kin­ji dur­mu­şy hem-de ru­hy bin­ýat­dyr di­ýip aýt­mak bo­lar. Çün­ki oýun­lar­da­ky he­re­ket­ler ça­ga­ny he­mi­şe he­re­ket­de, çus, gal­jaň bol­ma­ga iter­ýän bol­sa, oýun­la­ryň maz­mu­ny, öň­de goý­ýan mak­sa­dy ça­ga­ny ir­gö­zin­den dur­mu­şa, ha­lal, ada­lat­ly ýa­şaý­şa, wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge gö­zük­dir­mek­dir.