HABARLAR

Kejebe

Türkmen halky ir döwürlerden bäri şatlykly günleri we möhüm seneleri toý bilen dabaralandyryp gelipdir. Her bir toýuň hem öz aýratynlyklary bolup, olar kem-kemden milli däp-dessurlara öwrülýär. Durmuş (gelin) toýy halkymyzyň tutýan toýlarynyň naýbaşylarynyň biridir. Bu toý bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň köpüsi häzirki döwre çenli gelip ýetipdir. Türkmen toýy elmydama uludan tutulyp, onda ýigitlerimiz at çapdyrmakda, göreş tutmakda, ýaglyga towusmakda bäsleşipdirler. Şeýle hem “Keçe-keçe” ýaly oýunlar oýnalypdyr.

Halkymyzyň buýsanjy

Her millete mahsus ilkinji aýratynlyklaryň biri onuň dilidir. Dil ýaşasa, millet ýaşaýar. Dil baýlaşsa, millet baýlaşýar. Ene dilimizi ösdürmek milliligimizi berkitmegiň bir serişdesidir. Şonuň üçin ata-babalarymyz taryhyň dowamynda ene dilimize iňňän uly sarpa goýupdyrlar. Mundan müň ýyl töweregi ozal ýaşap geçen türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly ajaýyp eseri türkmen diliniň baý taryhyndan söz açýar. Hormatly Prezidentimiz söze baý milli dilimiz hakda: «Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa hemişe geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar» diýip belleýär.

Akyl-paýhas hazynasy

Türkmen halkynyň durmuşynda, däp-dessurlarynda halallyk ýörelgesi aýratyn orny eýeleýär. Parasatly pederlerimiz gadymy döwürlerden başlap, ýaş nesle halallyga ýugrulan edep-terbiýäni bermäge aýratyn ähmiýet beripdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halallyk ýörelgesi barada aýratyn bellenilip geçilýär. Kitapda beýan edilýän düşünjeler örän köp sanly wakalara, taryhy-arheologik tapyndylara, gadymy golýazmalarda saklanyp galan baý maglumatlara esaslandyrylandyr. Onda ylmyň köp ugurlaryna degişli örän gyzykly we gymmatly maglumatlar, halkymyzyň döreden we pähim-paýhasa ýugrulan pikirleri, atalar sözleridir nakyllary, rowaýatlardyr tymsallar jemlenendir. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde ylym-bilim hakynda çuňňur filosofik pikirlere ýugrulan maglumatlar getirilýär. Magtymguly atamyzyň galdyran mirasy, Nyzamyl mülküň «Syýahatnama» atly kitabynyň taryhy, adamzadyň bahasyz baýlygynyň ylymda jemlenendigi hakyndaky pikirler öňe sürülýär. Häzirki döwürde ösen döwletleriň esasy baýlygy ylym-bilimdir. Ajaýyp eseriň içinde getirilýän «Köp bil, az sözle!», «Ýüz okasaň ýat bolar, müň okasaň binýat bolar» ýaly atalar sözleri ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Täsin senet

Ene-mamalarymyzyň däp-dessurlaryna we olaryň edim-gylymlaryna salgylansak, milli mirasymyzda guwanmaga, buýsanmaga, öwrenmäge, ösdürmäge zat kän. Şolaryň biri-de ik, ikbaş we ikselikdir. Ik — ýüň, pamyk egrilýän, 25-30 santimetr uzynlykdaky agaçdan ýasalan, inçejik gural. Igiň iki uç tarapy ortasyna garanda inçeräk we ýokary ujunda egrilýän sapak girip saklanar ýaly egrije gözi bolýar. Matallarda-da: «Hir-hirijik, burny ýirijik, pyrlanyp-pyrlanyp bogaz bolajyk» diýip, igiň keşbi, onuň ýerine ýetirýän hyzmaty göwnejaý berlipdir.

Medeni miras — müdimi miras

DUŞAK Bu söz geçmişde-de, şu günler hem at, eşek, düýe idedýän, olary hojalyk işlerinde peýdalanýan, münýän adamlaryň gündelik ulanýan ýönekeý esbabynyň ady. Iki bogunly bu sözüň çekimlileriniň ikisi hem gysga aýdylýar.

Pederlerimiziň çarwaçylyk ýörelgeleri

Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen häzirki döwürde geçmiş mirasymyza has hem uly üns berilýär. Ençeme müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň medeni-ahlak gymmatlyklary, milli ýörelgeleri, gündelik durmuş kadalary biziň döwrümize miras, gymmatly hazyna hökmünde gelip ýetdi. Çarwadar ata-babalarymyzyň ýiti synçylyga ýugrulan durmuş tejribesi köpler üçin örän gyzykly bolsa gerek. ÇARWALARDA BAGGOÝNUŇ BAKYLYŞY

Akgaýma tahýa

Biziň tarypyna söz ýetmez milli mirasymyz bar. Şolaryň biri ene-mamalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän, türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden dörän akgaýma tahýalarydyr. Özüniň nepisligi, owadanlygy bilen dünýä medeniýetine goşant goşan akgaýma tahýalary nagyşlarynyň sünnäligi bilen göreni haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli atalara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasady siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar» diýip belleýşi ýaly, okuwa barýan okuwçylaryň, talyplaryň, toý-märekelerde ýaşulularyň başlaryndaky milli tahýalarymyzy göreniňde göwnüň göterilýär.

Şöhratly taryhymyzyň gymmatlyklary

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak, dünýä ýaýmak boýunça maksada gönükdirilen işler üstünlikli dowam etdirilýär. Medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda hem-de taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpýyllyk ikitaraplaýyn özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri bu iri guramanyň doly hukukly agzasydyr. Döwletimiziň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň düzümi hem-de düzgünnamasy tassyklanyldy we 2-nji noýabrda şol toparyň birinji mejlisi geçirildi. Onda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň hem-de Dünýäniň medeni mirasynyň sanawyna girizmäge ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamalaryna garaldy. Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyz özboluşly ajaýyp binagärligi bilen halkara derejesinde mynasyp orun alýar. Türkmen milliligine mahsus binagärçilik desgalary, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.

Bileniň — baýlygyň

Awçy awy mert bolar Aýazly gyş gijesi. Galyň ýagan gar oýy-beýigi tekizlär. Alaňlaryň yk tarapy gara bürener. Gyrymsy ot-çöpler garyň aşagynda galansoň, çopan sürini kaşardan çykarman, köne ýandak küdesiniň daşyna aýlar. «Ýandak könelse bede bor, ot könelse, pide bor” diýleni-dä, daşy gara bolsa-da, içi göm-gök küde mallara hezil berýär. Gündiz eräňkirlän garyň ýüzi gije ýukajyk buz-gyrpak tutup, sürini örä çykarsaň mallaryň köpüsi aýagy gara çümüp, buz-gyrpak sypjyrdyp ýaraty bolýar. Şonuň üçin çölde çopanlar galyň garyň gyrpagy ereýänçä sürini örä çykarmaýar.

Ruhy ahwalatlar — sanlarda

Türkmen halky öz durmuşyndaky ynançlaryny diňe sözüň däl-de, eýsem, sanlaryň üsti bilen hem beýan edipdir. Pederlerimiz käbir sanlary keremli san hökmünde ulanypdyrlar. Hiç wagt öz çuňňur manysyny, gadyr-gymmatyny ýitirmeýän sanlar bilen baglanyşykly nakyllar, atalar sözleri, ruhy ahwalatlar gündelik durmuşymyzda bize ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Esasan hem üç, bäş, ýedi dokuz, on, kyrk ýaly sanlar köp duş gelýänligi bilen tapawutlanýar. Üçlük sanlar köp halklaryň durmuşynda örän uly orny tutýar. Biziň ata-babalarymyz hem üçlükleri ruhy ahwalat hökmünde göz öňüne getirip, olary şeýle kesgitläpdirler: