HABARLAR

Gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýoly

Halypa äpet bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Her bir ynsan halypa görmezdenem, belli bir ýoly külterläp biler, emma halypalar has uzak menzillere ýetmäge güýç-gaýrat, ynam berip bilýän ynsanlardyr. Özbaşyna alty aýda geçjek ýoluny halypaly adam bir aýda geçip bilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar. Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Taryhdaky alym-akyldarlarymyz hem şeýle menzili — halypa-şägirtlik ýoluny geçen beýik ynsanlardyr. Türkmen alymlary diňe bir Gündogar ylmyna däl, eýsem dünýä ylmyna saldamly goşant goşan halklaryň biri diýsek, tüýs ýerine düşer. Orta asyrlarda Türkmen döwletleriniň hökümdarlarydyr soltanlarynyň ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmäge uly goşant goşandyklary barada çeşmelerde giňden beýan edilýär.

Meşhur şahsyýetlerimize sarpa goýulýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň taryhyny, milli mirasyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini, geçmişde ýaşap geçen tanymal türkmen şahsyýetleriniň ömri we döredijiligini öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda tutumly işler alnyp barylýar. Dünýäniň we Türkmenistanyň taryhynda, edebiýatynda, ylmynda uly yz goýan belli türkmen şahsyýetleri has giňişleýin öwrenilip, olar baradaky maglumatlar ýaş nesillere ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eserinde: «Ata-babalarymyzyň, meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň il-ulsumyza galdyran pentleri asyrlaryň gatyndan many açýar» diýen ajaýyp sözlerinden belli bolşy ýaly, geçmişde ýaşap geçen gerçekleriň durmuşyny öwrenmek bilen, şol döwrüň taryhy wakalaryna göz ýetirýärsiň.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan hekaýat

Bir goşgynyň döreýşi

Esenguly etrabynyň Çekişler obasy gojaman Hazar deňziniň kenaryny ýakalap oturan gadymy obalaryň biri bolup, onda ýaşaýan ilatyň kesp-käri balykçylykdyr. Öňki döwürler adamlar deňizden balyk tutup, dürli guşlary awlap, güzeranlaryny dolandyrypdyrlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, atamyň dogany Anna Kowusow hem şu obada balykçynyň maşgalasynda doglup, gözüni açyp göreni balykçylaryň durmuşydy. Şeýle bolansoň, dogduk obasyndan uzakda ýaşap, işlese-de, balyk tutmaga, guş awlamaga rugsat edilýän möwsümde obasyna gelip, mähriban obadaşlary bilen awa giderdi, mergen awçylaryň biri hasaplanardy. «Aşgabatdan Anna däde gelipdir» diýen habary eşiden oba adamlary, balykçylar, awçylar, mergenler şahyryň garry öýlerine, ýagny biziň öýümize üýşerdiler. Diňe bir biziň obamyzdan däl, eýsem, etrap merkezi bolan Esenguludan hem awçylar gelerdiler. Olar gijäniň ýaryna çenli deňziň baýlyklary, balykçylyk kesp-käri, guşlar hakynda söhbet ederdiler. Şahyr bolsa olara öz döreden goşgularyny okap bererdi. Dogduk obasy, gojaman Hazar deňzi, onuň gözellikleri hakyndaky goşgulary bu ýere ýygnanan adamlar uly gyzyklanma bilen diňläp, olardan lezzet alardylar. Şeýdip, olar gije ýarymdan agandan soň, ertir awa gitmeli wagty maslahatlaşyp, öýlerine gaýdardylar.

Milli miras

GADYMY SAZ GURALLARY Milli mirasymyza sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, gadymy saz gurallarymyzyň belentden ýaňlanýan owazlary toý-baýramlaryň bezegi bolup, baky bagtyýarlygyň ruhy deý ýaňlanýar. Kakylyp çalynýan deprek türkmeniň gözbaşyny Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýan gadymy 72 saz gurallarynyň bir görnüşi bolup, ol häzirki bagtyýarlyk döwrümizde has-da ýörgünlidir.

Mirasgäriň ýandepderçesinden

RYSGALYŇY SAT, RÖWŞEN AL... ýa-da yşyklandyryşyň gadymy görnüşleri

Gadymdan gelýän adat

Şatlyk-şowhuny çar ýana ýaň salyp, uludan tutulýan toýlarymyzyň esasy bezegleriniň biri göreşdir. Goýlan baýraklary almak ugrunda pälwanlar göreşiň berk düzgün-kadasyna eýerip, özara bäsleşýärler, şonda ähli märekäniň ünsi olara gönügip, toý şowhuny has-da artýar. Ogşuk, ikiýaşar duluç, öküz, göle ýaly uly mallary göreşe baýrak hökmünde goýýarlar. Toýlara ýakyn-alysdan pälwanlar çagyrylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda, oba-kentlerinde baýrak goýluşy tapawutly bolsa-da, toý göreşleriniň geçirilişinde umumylyklar köpdür. Göreş geçirmek üçin amatly, gumluk, ýumşak ýer saýlanyp, onuň daşynda tomaşaçylar tegelenip oturýarlar, ortada pälwanlara göreşmäge ýer goýulýar. Göreşi guramaçylykly geçirmek, ýeňijileri kesgitlemek üçin il-ulus tarapyndan hormatlanýan, göreşden başy çykýan adamlar emin saýlanýar. Eminler ortada gezip, göreşiň gidişine ýakyndan gözegçilik edýärler. Merkezi Garagumda ýerleşýän çarwa obalarynda öňden gelýän düzgüne laýyklykda, toý göreşine nähili görnüşli baýrak bolsa-da, dört-dörtden goýulýar. Aýdaly, mal, keçe ýa başga hili öý goşy baýrak goýulsyn, tapawudy ýok, şonuň sany dört bolmaly. Gymmatly baýraklar göreşiň başynda goýlup, dört tokly, dört çebiş tutmak öňden gelýän adatdyr. Baş b

Pederlerimiziň çarwaçylyk ýörelgeleri

Gowkanyň we kakmajyň taýýarlanylyşy Bu barada etrabyň Şamahy obasynyň ýaşaýjysy Nartäç Maşadowa şeýle gürrüň berdi:

Miweli daragt

Bahar pasly özüniň ýaşyl begrese bürenen tebigaty, al-elwan gülleri, parç bolan läle-reýhanlary bilen owadan. Türkmen sährasyna kükräp gelen bahar pasly häzirki zaman türkmen şygryýetine ýaz şemalynyň mylaýymlygy, gülleriniň näzikligi we bahar howasynyň hoştaplygy duýlup duran goşgulary bilen girip gelen Miwe Tuwakbaýewanyň döredijiliginiň esasy gönezligidir. Şahyr zenanyň dürli döwürlerde neşir edilen «Sähra gyzy» (1981 ý.), «Sallançak» (1985 ý.), «Çöregiň tagamy» (1991 ý.) atly goşgular ýygyndylary okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Miwe Tuwakbaýewanyň özboluşly döredijilik ýoly bar. Şahyr söz bilen inçe duýgularyň suratyny çekýär. Şygryýet dünýäsi — bu duýguly dünýä. Oňa mähir-muhabbet gerek. Döredijilik üçin irginsiz gözleg, synmajak yhlas gerek. Söz, şygyr bu — nur. Şahyr onuň bilen ynsanlaryň köňül külbesini ýagtyltmaly.

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Myhmançylykda dörän saz Wiktor Uspenskiý 1927-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkmenistan boýunça ikinji saz-etnografik saparyna çykmak üçin Aşgabada gelipdir. Saparyň birinji böleginde Kerkiden Amyderýa boýunça aşaklygyna — Çärjewe çenli (häzirki Türkmenabat) gaýykly geçmek meýilleşdirilipdir. Sapara girmek üçin ähli zerur resminamalar taýýar edilipdir. Emma birdenkä, ol näsaglap, lukman oňa sapara gitmäge rugsat bermändir. Ol lukmana özüni bejerdip, Aşgabat töwereklerinde işlemäge mejbur bolupdyr. Hally bagşynyň, Amangeldi Gönibegiň, Täçmämmet Suhangulyýewiň hem-de Sary bagşynyň çalan aýdym-sazlaryny ýazga geçiripdir. Kerkä aprel aýynyň ortalaryna gelip, şäheriň Daýhanlar öýünde düşläpdir.