HABARLAR

Ene göreldesi - perzent ýörelgesi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilen dabaralar uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna we agzybirlige beslendi. Bu ajaýyp bahar baýramy eziz Diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, söýginiň, maşgala ojagyna wepalylygyň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän türkmen zenanlarynyň sarpasyny we mertebesini hemişe belentde tutmaga ýardam edýär. 8-nji martda geçirilen dabaralar mähriban zenanlarymyza özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Eneler — durmuşyň başlangyjy, maýasy, gönezligi. Enä taý geljek mukaddeslik ýokdur. Dowamat eneden gaýdýar. Ene ýüregi, ene mähri hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan mukaddeslikdir. Ol her bir äden ädiminde perzendi goraýan gudrat, keramat. Şonuň üçin eneler keramatly Käbe bilen deňelýär. Enäniň çagasyna bolan mährini hiç bir ölçeg birligi bilen ölçäp bolmajakdygy hakykat. Ol mähri hiç bir düşünje bilen çalşyp, hiç bir galyba salyp bolmaýar. Ol aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän umman mysaly möwç urýan duýgular ulgamy. Bu duýgular adamzat bilen bilelikde dörän duýgular.

Milli terbiýe — mukaddes ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň terbiýesine, olaryň ylym-bilimli bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň sagdyn, kämil, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýaş nesillere berilýän bilim milli ýörelgelerden ugur alyp, döwrüň iň täze ugurlaryny, usulyýetini hem gurşap alýar. Şonuň üçin hem mugallymlar bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýärler. Türkmen halkynyň gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan milli medeniýeti, asylly ýörelgesi bar. Özi hem şeýle ýörelgeleriň milli terbiýede hem şöhlelenmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle asylly ýörelgeleri çuňňur öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary ýakyn gollanma bolýar. Bu ajaýyp kitaplarda taryhy maglumatlar bilen bir hatarda türkmen halkynyň döreden rowaýatlary, akyldarlarymyz hakyndaky gymmatly çeşmeler aýdyň beýan edilýär. Munuň özi hem biziň üçin uly hazynadyr, ylym-bilimiň egsilmez çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda hem edep-terbiýäniň ähmiýeti beýan edilýär: «Watana, il-güne wepaly perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekde atalaryň pendi her bir döwrüň

Kalby gözel zenanlar

Miras — halkyň ruhy baýlygy, genji-hazynasy, taryhy dünýäsi. Her bir halkyň özge milletiňkä meňzemeýän medeni mirasy ony tapawutlandyrýan özboluşly aýratynlykdyr. Türkmeniň gadymy däp-dessurlaryndan, edim-gylymlaryndan, ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýan milli mirasymyz halkymyzyň iň gymmatly, bahasyz baýlygydyr. Halkymyzyň baý mirasynda zähmete, zehine sarpa goýan, geljegine umytly garan türkmen zenanlarynyň owadan, ruhy dünýäsinden gelip çykan el işleriniň aýratyn orny bar. Sadadan agras, göwnaçyk, pespäl häsiýetleri bilen birlikde, türkmeni türkmen edýän, milletleriň arasynda onuň milliligini tapawutlandyrýan zat biziň owadan lybaslarymyzdyr. Gadymdan gelýän biçüwi-de, reňki-de, nagyşlarynyň salnyşy-da belli bir maksada gönükdirilip ýerine ýetirilýändigi bilen tapawutlanýan milli lybaslarymyzyň her biri aýratyn bir sungat eseridir. Milli aýratynlyklarymyzyň esasy görnüşleri bolan gyrmyzy donlarymyz, çäkmenlerimiz, dürli nagyşlar bilen bezelip tikilýän çabytlarymyz, kürtelerimiz, düýpli gyňaçlarymyz... — türkmeniň hüý-häsiýeti bilen sazlaşyp gidýän bu nepis işler türkmen zenanlarynyň on barmagynyň gudraty bilen dörän, ene-mamalarymyzyň ruhy siňen milli mirasymyzdyr.

Söýgüsi melhemdir, gujagy — bossan

«Aýlar gyzym Aý ýaly,Aýda dokar bir haly.Halysynyň kenary,On barmagnyň hünäri». Mylaýym hüwdi ýaňlanýar. Süýji ukuda ýatan çagajygyň ertirki gün eli hünärli, ene-atasyna, il-gününe, Watanyna wepaly bolup ýetişmegini ündeýän hüwdüde enäniň ýagşy umyt-arzuwlary jemlenen. Şol mahmal hüwdi bilen terbiýelenýän perzent Watanyna, ata-enesine bolan söýgi-mähirden kalby doly ynsan bolup ýetişýär.

Gül-gunçanyň keşbi siňen keteni

Keteni dokamagyň taryhy ençeme asyry öz içine alýar. Gadymy döwürlerden bäri ýörgünli mata hasaplanylýan keteni biziň günlerimizde-de öz gadyr-gymmatyny saklap gelýär. Keteniden erkek kişileriň we zenanlaryň egin-eşiklerini taýýarlapdyrlar. Erkek kişileriň ýüpek matadan tikilýän daşky eşigi diňe don bilen çäklenýän bolsa, gelin-gyzlaryň ýüpek matalardan tikinýän lybaslarynyň görnüşi köp bolupdyr.

Keçe güllär ellerim

Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, ýaş nesillerde el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilýän wagyz-ündew çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar ýurdumyzda giň gerim alýar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölümi, welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guran «Keçe güllär ellerim» atly söhbetdeşligimiz hem şeýle çäreleriň biri boldy. Türkmen zenanlary elmydama gözelligiň gözleginde. Zenanlaryň on barmagynyň hünäri bolan, öý-ojaklaryň törlerini bezeýän haly, palas önümlerinden başga-da, dürli ululykdaky keçeler hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, keçeler gadymy döwürden bäri halkymyzyň dowam etdirip gelýän arzyly sungatydyr. Keçe güllenilýän wagty aňyrdan gelen adam: «Gülüň owadan» diýip, ýagşy dileg etse, keçe ussatlary «Ýüzüň owadan» diýip, geleni garşy alypdyrlar.

«Dona gezek gelen bolsa...»

Ýomut-gökleň bagşyçylyk ýolunyň ussady, meşhur Sapar süýrentginiň şägirdi Nazar baga Morsy ogly hakyndaky bu gürrüňi ony gözi bilen gören, ýakyndan diňlän, häzirem biziň aramyzda sag-aman ýaşap ýören 106 ýaşly kärdeşimiz Baba Garaýew gürrüň berdi: — Baý, Nazar baga bagşy-dow, Sesi dagy bir menzildenem edil ýanyňda aýdyp oturan ýalydyr. Öňüne bagşy geçirmezdi. Ak öýlänler tirme aýdymlara tutup, zoruny görkezerdi. Adamlar bolsa ondan dessana garaşyp, şol yranyşyp oturandyrlar. Ýekejesi dagam ýerinden gozganaýsa nädersiň. Olar bagşynyň her bir hereketini gaty üns bilen synlardylar. Käbirleri bagşy bilen bile gygyryp, dyzlaryna galýady. Gözlerini pugta ýumup, kellesini ikiýana çaýkap, yranyp oturanlar hem bardy. Meniňem bagşyny ilkinji gezek görşümdi. Onuň at-owazasyny eşitsem-de, ýakyndan diňläp görmändim. Şonuň üçinem bagşyny aýratyn höwes bilen diňleýärdim. Onuň her bir hereketini synlaýardym. Bagşynyň egninde goşa don bardy. Donlaryň biri ýalaňgatdy, beýlekisi hywa çäkmenidi. Uzyn ak kamys köýneginiň üstünden ýasy guşak guşalandy. Donlarynyň synlary guşagyna gysdyrylgy bolansoň, bagşy has daýaw görünýärdi. Ol şol gezegem tä ýagyrnysyndan der görünýänçe aýdym aýtdy. Esli wagtdan soň, çäkmenini, soňra-da ýuka donuny hem çykardy. Şondan soň ba

Pursatlar

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow bilen maňa köp ýyllap duz-emek bolmak miýesser edipdi. Ol «Şaglap iner bürgütleri» aýdymy bilen adygyp başlapdy. Onuň ýognasdan dury sesi, labyzly owazy bardy. Hiç kimiňkä meňzemeýän arassa jukguldysy bilen hem tanalypdy. Akmämmet bagşy Nurberdi Gulowdyr Wary Aýjanowy halypa tutunyp, öz ýoluny tapypdy. Meşhur bagşy Sahy Jepbar oňa saryýagyz hem gök gözli bolansoň, «Ors bagşy» diýip lakam goýdy. Men öňki Nebitdag telestudiýasynyň «Edebi-sazly gepleşikler» redaksiýasynda redaktor bolup işlän döwrümde onuň bilen häli-şindi medeni çärelerde hem toýlarda gabatlaşýardyk.

Köňülleri nurlandyrýan eser

Şu makalamyzda Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Abdyrahman Jamynyň «Baharystan» atly eseriniň käbir «baglary» hakynda gürrüň etmekçi. Jamy bu eserini Zyýaeddin Ýusuba bagyşlap, onuň «ýürek duýgularyny oýarmak» we «kalbyna howp salýan kynçylyklardan goramak» üçin ýazandygyny mälim edýär. Şeýle-de akyldaryň «Baharystany» ýazmagyna Sagdy Şirazynyň «Gülüstan» atly eseriniň ruhlandyrandygyny hem aýdyp geçýär. Jamy «Baharystanyň» rowaç almagyny Allatagaladan diläp, eseriň sekiz «bagdan» ybaratdygy hakynda maglumat berýär. Söz ussady okyjysyna: «Şu tikeneklikden boş baga tomaşa edýänlere haýyş: Haçan-da şu baglara gadam goýanlarynda we ygtybar nazary bilen baga seredenlerinde bagy ösdürip ýetişdiren we ony ýetişdirmek üçin gije-gündiz jan eden, jiger-bagryny gan eden bagbany doga-dilegler bilen ýatlasynlar we taryp bilen ony şat etsinler» diýip ýüzlenýär. Eseriň “Baharystan” diýlip atlandyrylmagy ýylyň bahar-ýaz paslyny aňlatman, göçme manyda ulanylypdyr. Onuň şeýledigine esere çuňňur aralaşanyňda birkemsiz göz ýetirip bolýar. Esasan-da Abdyrahman Jamy ynsan gylyk-häsiýetlerini, ahlak-etiki gymmatlyklary çeper beýan etmek arkaly adamyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyny, onuň kalbynyň kir-kimirden saplanyp, bahar gülleri dek açylmagyny, ýazyň howasy dek

Pähim-paýhasy durlaýan eser

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininiň önümi bolan her bir eser halkymyzda uly seslenme döredýär. Bu olarda gozgalýan meseleleriň düýplüdigini, eserleriň çeperçilik derejesiniň örän ýokarydygyny aňladýar. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby-da baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Bu kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda Zemin abatlygy, ylym-bilim, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, agzybirlik, pähim-paýhaslylyk hakda giňişleýin pikir ýöredilýär.