HABARLAR

Täzelikleriň ýyly boldy

Ýyllaryň şöhraty goýnunda bitirilen işleriň derejesi bilen ölçelýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2020-nji ýylda hem ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda bitirilen işler, ýola goýlan täze önümçilikler barada aýdara-diýere zat kän. Gazetimiziň baýramçylyk sanynda biziň welaýatymyzdaky edara-kärhanalaryň önümçilik täzelikleriniň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik. Merkezi Aziýada iň uly keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhana. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti tarapyndan Halaç etrabynda açylan täze kärhanada keramiki-bezeg önümleriniň ýylda 200 müň tonna golaýyny öndürmäge mümkinçilik bolar. Muny täze kärhanadaky işleriň ilkinji depgini hem tassyklaýar. Işläp başlanyna heniz bir aý hem geçmedik kärhanada her gün 500 ― 550 tonna çenli önüm öndürilýär. Robot tehnologiýasy bilen işleýän kärhananyň önümlerine eýýäm daşary ýurtlardan isleg hem kän.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

Ýagşy umyt-arzuwlar bilen

Meýdançada jadyly gyş bagy döredildi. Şol ýerde neon bezegleri haýran galdyryjy keşbi emele getirýär.Ýeňiljek gurnamalar özboluşly seýilýodajyklaryň wezipesini ýerine ýetirýärler. Ertekileriň gahrymanlary hem-de ýylyň nyşany bolan şadyýan öküzjik ýurdumyzyň Baş arçasynyň özboluşly baýramçylyk bezegine öwrüldi. Her bir täze ýyly ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylamak halkymyzyň ajaýyp däbine öwrüldi. Mähriban halkymyz 2021-nji ýyly hem geljege uly ynam bilen garşylady. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy, 2021-nji ýyl bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçer. Bu şygary ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklady.

Ösüşleriň aýdyň ýoly

Mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyly uly baýramçylyk dabaralaryna besläp, ruhubelentlik bilen garşylady. Däp bolşy ýaly, ýylyň ahyrynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilýär hem-de ýetip gelen ýylda täze wezipeler kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu hepdäniň çarşenbe güni, Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G. Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze – 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany 2021-nji ýyly geljege ynam bilen garşylady

AŞGABAT, 31-nji dekabr — 1-nji ýanwar (TDH). Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoş niýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy. 2021-nji ýyl bolsa “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçer. Bu şygary ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklady.

Arkadagyň paýhasy

Ýyl başlanýar bu gün biziň illerdeAdy bilen beýik PARAHATLYGYŇ,Ady bilen keramatly YNAMYŇ! Damja ömri ummanyna gatdygym,Keremine sygynanym, syganym — Ata ýurdum!                           Gutly bolsun Täze ýyl,Goý, hemişe rowaç bolsun ýollaryň!Sen çelgi saýlap sen GOŞA GUDRATY — Isläp onuň giň jahana dolmagyn.

2021-nji ýylyň şygaryny wagyz etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi

AŞGABAT, 31-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda 2021-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Ruhyýet köşgünde geçirilen bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipleri nazarda tutup, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryny hem-de onuň nyşanynyň taslamasyny makullady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze – 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.