HABARLAR

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 4-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:— Ajaýyp, ýalkawly bu mekanlara diň salsaň, ondan, hakykatdanam, parahatçylyk hakyndaky ebedi arzuwlaryň sedasy eşidiler. Dünýä taryhynda öçmejek ýazgy galdyran Nusaý şalygynyň gadymy topragynda, häzir III müňýyllygyň başynda döwrüniň beýik taglymatlaryna ygrarly, dünýäde giňden meşhur bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň kalbynyň toýdugyny, şatlykdygyny, barlykdygyny, baýramdygyny bir gezek däl, onlap-ýüzläp gaýtalaýandyryn, gaýtalarynam.

Dogana gadyr bar, dostluga — sarpa

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we ýurduň asudalygyny, parahatçylygyny, döwletiň berkararlygyny, ilatyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýörelgeleri hemişe rowaçlyga eýe bolupdyr. Asylly maksady nazarlaýan şol ynsanperwer ýörelgeler nesilden-nesle, asyrdan-asyra geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeler ynsanlaryň, halklaryň biri-birine ýakynlaşmagynda, dostlaşmagynda, doganlaşmagynda, ýurtlaryň dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. «Arkalaşan dag aşar» diýlişi ýaly, arkalaşyk ösüşe ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen halky agzybirlige, dostluga, doganlyga aýratyn sarpa goýýar. Muňa halkyň paýhas çeşmesiniň dürdänelerine nazar aýlanymyzda-da, olaryň many-mazmunyny tirenimizde-de aýdyň göz ýetirýäris. Olarda beýleki ynsanperwer, asylly häsiýetler bilen birlikde abadan, asuda, bagtyýar durmuşy, parahatçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan hem-de ilkinji zerurlyk hasaplanylýan agzybirlik, dostluk, doganlyk, arkalaşyk, özara sylanyşyk ündelýär. Şeýle asylly we ynsanperwer häsiýetleri ruhy-medeni gymmatlyklar arkaly ündeýän halkymyzyň özünde şol häsiýetleriň jemlenendigi mälim, aýan hakykat.

Bitaraplyk we parahatçylyk — Türkmenistanyň dünýäde baky oňlanýan teklibi

Halkara habar beriş jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň XXI asyryň 21-nji ýylyny dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ösdürýän taryhy ähmiýetli wakalara besleýändigi barada dürli žanrdaky täsirli çykyşlary berýärler. Munuň sebäbi bolsa döwrüň ýüze çykarýan hakykatlary bilen bagly. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz turuwbaşdan halkara derejeli wakalara beslendi. Wakalaryň bütin dünýäde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmeginiň ähmiýetini artdyrýan mazmun bilen beslenmegi, şeýle çykyşlaryň dünýä dolmagynyň sebäpleri hökmünde beýan edilýär.

Aşgabat — binagärligiň täsin nusgasy

Türkmen halky işjeňligi, zähmetsöýerligi, erjelligi bilen dünýäde özüni tanadan halkdyr. Köşkdür binalary, ýoldur köprüleri gurmakda geljekki nesillere nusgalyk miras galdyran ata-babalarymyzyň binagärlik sungaty bilen häzirki zaman ülňüleriniň özara sazlaşygyndan emele gelen nurana binalaryň gurulmagy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi, yzygiderli senagatlaşmagy ata Watanymyzyň ösüşlere beslenýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini Aşgabadyň ýurdumyzyň iri işewürlik, dolandyryş we jemgyýetçilik syýasy merkezine öwrülmeginiň, bu ýerde uly medeni, döredijilik, intellektual mümkinçilikleriň jemlenmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Ak mermere bürenen paýtagtymyzyň ençeme desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, soňky ýyllarda ylym-bilimiň, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde mertebesiniň ýokarlanmagy Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwlet Baştutanymyzyň pähim-parasadyndan gözbaş alýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, ýurdumyzyň ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabadyň keşbiniň döwrebap gözelleşmegi, abadanlaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» paý

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Meýlis ATAÝEW,Aşgabat şäher gümrükhanasynyň gümrük statistikasy bölüminiň kiçi gözegçisi, uly leýtenant: — Milli Liderimiziň tagallalary bilen häzirki wagtda halkara söwda ugurlarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has doly amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Umumadamzat ähmiýetli tagallalar : daşary syýasatda baş ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary we içeri syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan tutumly işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, onuň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilmegine ýardam edýär. Hemişelik Bitaraplyk hemişelik parahatçylykdyr, goňşy döwletlerde, tutuş dünýä ýüzünde syýasy durnuklylygyň kepilidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bitaraplyk we parahatçylyk diýen düşünjeler bölünmezdir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyny okanyňda doly göz ýetirmek bolýar. Bu kitapda bellenilişi ýaly, türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen, öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygy, «Ähdi-peýman şertnamasy» diýlip atlandyrylýan halkara şertnamalaryny baglaşandygy bellidir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, halkara guramalarynyň, şol sanda dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi maksat edinýän Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryna goşulmagy, şol işleri sebitde durmuşa ornaşdyrmagy, parahatçylyk söýüjilikli Harby doktrinasy, goňşy döwletlere ynsanperwer kömekleri Watanymyzyň öňküden hem gülläp ösmegini

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 3-nji fewral (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideomaslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda logistikanyň we sanlylaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi arkaly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2016-njy ýylda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň ähmiýeti nygtaldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

2.MALIÝE-YKDYSADY TOPLUM Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Şol syýasatyň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan häzirki wagt dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan durnukly ykdysadyýeti bolan ýurda öwrüldi.

Parahatçylyk we ynanyşmak

Türkmenistan Watanymyzyň daşary we içeri syýasatynyň esasyny düzýän ýörelgeler Islendik döwlet, islendik halk, islendik adam parahat durmuşy, abadan ýaşaýşy ähli zatdan gymmatly hasaplaýar. Çünki parahatçylyk we abadançylyk gülläp ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Parahatçylyk söýüjilik müňýyllyklaryň dowamynda goňşy döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet beren halkymyzyň asylly häsiýetleriniň biridir. Dosta wepalylyk, borja ygrarlylyk, goňşa mähribanlyk, myhmana sarpa goýmak her bir türkmeniň ganyna siňendir.