HABARLAR

Balkan welaýaty: täze üstünliklere ynamly badalga

Ýurdumyzyň Balkan welaýaty dünýäniň ähli künjeklerine uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we gara ýollaryň, uglewodorod çig mallaryny akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileriň künjegidir. Welaýat bilen içgin tanşanyňda, ummasyz uly giňişlikde asuda çaýkanyp ýatan mawy deňizde, ululy-kiçili derýalardyr çeşme-çaýlarda, belent başly daglaryň aýagujundan ýaýlyp gidýän uç-gyraksyz sähralardyr mes toprakly ýaýlalarda, ýokumly ot-çöplere baý bolan öri meýdanlarda nazaryň eglenýär. Çar ýany beýik dag gerişleri bilen gurşalan Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleriniň okgeçmez jeňňellikleridir gyrymsy tokaýlyklary, çeşme-bulaklary, Hazar deňziniň durnanyň gözi ýaly arassa suwly hem çägesöw kenary, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň pasly-baharlarda läle-reýhana gark bolýan giňişlikleri özüne jennetiň bir künjegidir diýdirýär. Diňe bir Garabogaz köli sözüň doly manysyndaky hazynalar ojagydyr. Guwlyduzuň ätiýaçlyk gorlary hem tapylgysyz baýlyklarymyzyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda çykarylýan nebitiň esasy bölegi, tebigy gazyň milliardlarça kub metri, balyk we balyk önümleriniň köp bölegi, şonuň ýaly-da nahar duzunyň, tehniki ýoduň, uglerodyň, bromuň ähli möçberleri sebitde jemlenendir. Sapaly dynç alşyň merjenine öwrülýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň,

Türkmenistan ─ parahatçylyk dörediji döwlet

Edil taryhdaky ýaly, häzirki döwürde-de türkmen halky parahatlyk tuguny göteren halk hökmünde tanalýar. Parahatçylygyň tarapdarydygy mundan 25 ýyl öň türkmen diplomatiýasynyň şowly, pähimli ädimleriniň biri, ýagny baky Bitaraplygyň gazanylmagynda has aýdyň görünýär. Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň bütin dünýäde pasyrdadyp ýören Parahatlyk baýdagydyr. Şol baýdagyň saýasynda Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir» diýen sözleriniň durmuşda aýdyň şöhlelenmesidir.

Ýyllara at ýaraşýar

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen durmuşymyza ajaýyp bir däp ornaşdy — ýyllara at dakyp, olary adyna laýyk geçirmek däbi. Onuň netijesinde, ýyllarymyza has-da öwüşgin çaýylyp, durmuşymyz has-da gözelleşýär. Atlary ýyllaryna, ýyllary hem atlaryna şan getirip taryh sahypalaryny bezäp otyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atlandyrylan 2021-nji ýylymyz hem hut şeýle ýyllaryň biri bolar. Sebäbi parahatçylyk hem ynanyşmak baky Bitaraplyk syýasatymyzyň baş ýörelgeleri. Bu düşünjeler çuňňur mana eýe. Aýdylyşy ýaly, Dünýä biziň umumy öýümiz. Biziň bagtyýar durmuşymyz onuň parahat aýlanmagyna bagly. Şonuň üçin-de gojaman Zeminiň asuda dem almagy tutuş ynsanyýetiň arzuwy. Şol arzuwy wysala gowuşdyrjak hem hut adamzadyň özi. Ata-babalarymyzyň asudalyk taglymaty bolan baky Bitaraplygymyz türkmeni bu isleglerine ýetirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parasatly Liderimiziň baştutanlygynda Bitaraplyk syýasaty bilen Türkmenistan tutuş ynsanyýetiň ýagty ertirlerini nazarlaýar.

Žurnalyň täze sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, 2020-nji ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çдklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Umumy syn beriji häsiýetdäki makalada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek meseleleri öz beýanyny tapýar.

“Syýasat we jemgyýet” žurnaly

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garalýar. Hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanmak arkaly däp bolan bu gatnaşyklar häzirki döwürde ählumumy maksatly möhüm meseleleri öz içine almak bilen, çäklerini barha giňeldýär.

Ahal welaýaty: rowaçlygyň röwşen menzilleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyzda her bir ýyl şan-şöhrata beslenip, taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem eziz Diýarymyza, il-ulsumyza rowaçlyklary, üstünlikleri getiren ýyllaryň biri boldy. Gadymy Ahal ýaýlasynda durmuşyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda-da, bu hakykata göz ýetirýärsiň. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň depginli ösýän welaýatlarynyň birine öwrülen Ahal welaýatynda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda guwandyryjy işler alnyp baryldy, iri taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Baky abadançylygyň mekany

Müňýyllyklara uzaýan taryhyň dowamynda parahatçylygy, abadançylygy ähli zatdan ýokarda goýan mähriban halkymyz arassa asmanyň astynda agzybir il bolup, millet bolup ýaşamagy bagtyň başy saýypdyr. Pederlerimiziň arzuwlan häzirki bagtyýar zamanynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda parahatçylygy, dostlugy dünýä ýaýýan baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy gün-günden artýar. Hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek 1995-nji we 2015-nji ýyllarda biragyzdan ykrar edilen Türkmenistan halkara hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, sebitde we dünýäde adamzadyň ýagty geljegine gönükdirilen asylly başlangyçlary öňe sürýär we bu babatda giň goldawa mynasyp bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş şäherinde dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu babatda giň gerimli taslamalaryň ýene-de ençemesini amala aşyrmak göz öňünde tutulýandygy bolsa mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar.

Nurana ertirleriň synmaz sütüni

Senenamamyzda ХXI asyryň 21-nji ýylynyň hasabynyň ýöräp ugranyna eýýäm bir hepdeden gowrak wagt geçdi. Gelen ýylyň ilkinji alamatlarynyň ýakymynyň her kimiň hem ýyly duýgularyny yzarlamagy tebigat bilen ynsanyň arasyndaky sazlaşygyň netijesi diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Aslyýetinde, şeýle sazlaşyk milli senenamamyzdaky taryhy wakalar bilen biziň ýürek buýsanjymyzyň arasynda hem bar. Ol öz milli aýratynlygy boýunça ýokary gymmatlyk derejesine göterilen beýik sazlaşykdyr, aňyýetimiziň ruhy çeşmesi hökmündäki belentligi boýunça elýetmez çyragdyr. Bu mukaddeslikleriň gözbaşynda milli Liderimiziň durmagy bolsa türkmen döwletini parahatçylykly ýaşaşmagyň we özara ynanyşmagyň bütindünýä sazlaşygynyň öňbaşçylarynyň hataryna çykarýar.

Hem döwletliligiň, hem ömrüň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň «Zeminiň abatlygy ― ýaşaýşyň ebediligi» diýlip atlandyrylýan ikinji bölümi 50 sahypa çemesi aralygy eýeleýär. Ýöne şol sahypalaryň jümmüşine siňip başlaýarsyň welin, pikirleriň giden bir ummanyny boýlap ýörene dönýärsiň. Pikirler rowaýatlar, rowaýatlar durmuş hakykaty bilen utgaşyp, seni şeýle bir özüne baglaýar welin, wagtal-wagtal gözleriňi setirleriň arasyndan aýryp, «Asyl, şeýle eken-ow!» diýip, çuňňur oýa çümýärsiň. «Zeminiň abatlygy» diýlen düşünjä şygyr ýa-da kyssa eserlerinde kän gabat gelendiris. Ýöne «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» okyjyny bu düşünjäniň çuňlugyna ýene bir ýola nazar aýlamaga imrindirýär. Zemin ― ähli janly-jandarlaryň, şol sanda adamzat bilen tebigatyň biri-biri bilen sazlaşykda ýaşaýan ýeri. Şonuň üçin onuň abatlygyny gazanmak hem adamyň, hem tebigatyň goýnundaky beýleki ýaşaýjylaryň iň mukaddes borçlarynyň biri. Milli Liderimiz bu düşünjä «Dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlylygyň hemişelik saklanmagy» diýip, kesgitleme berýär.

Parahatlyk hemra her bir ynsana, ynam bilen geljegimiz nurana

Halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän bir ajaýyp adat bar. Ol hem maşgalada täze dünýä inen perzende mynasyp at goýmak. Bu babatda ýaňy dünýä inen bäbegiň ata-enesi maşgalanyň hormatly ýaşulularydyr, maşgala agzalary bilen maslahatlaşyp, saýlanan atlaryň içinden iň naýbaşysy diýlip kabul edilen ady çaga dakýarlar. Çünki perzende goýlan at onuň bütin ömrüne, ykbalyna özüniň täsirini ýetirýär diýen ynama eýerýän pederlerimiz perzendiň öz adyna mynasyp bolup ýetişmegini gazanmak üçin onuň dünýä inen ilkinji günlerinden alada edipdirler. Taryha we durmuş tejribesine ser salsak, bu köplenç babatda dogry bolup çykýar. Megerem, «Ýagşydan at galar» diýen parasatly jümle hem şondan gelip çykandyr. Pederlerden miras galan göwün guşuňy ganatlandyryp, dideleriňe röwşen çaýýan asylly ýörelgelere uýmak, ajaýyp däplere eýermek, durmuşda ähli zady oňatlyga ýorup, ýagşylyga ýanamak biziň her birimiziň zandymyzda, ganymyzda, ruhumyzda bar.