HABARLAR

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Arkadagym paýhas bilen täze ýyla bir mynasyp at berdi:«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany».Pederleriň ýörelgesi dowam edip, rowaçlandyrýar ýurdy,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Millilikden gözbaş alnyp, Diýarymda gurulýar kän ymarat,Maksadymyz birdir biziň — ýurdumyzy gülletmekden ybarat,Her säher-şam azan sesi ýaňlanyp dur, metjitlerde ybadat,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň goşa ganaty

Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy ösüşleriň gözbaşydyr. Olaryň üpjün edilen ýerinde gülläp ösüşiň we üstünlikleriň gazanyljakdygy şübhesizdir. Şu garaýyşdan ugur alýan türkmen halky parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, ynanyşmak esasynda Ýer ýüzünde ählumumy asudalygy berkarar etmek ugrunda irginsiz tagallalary gaýgyrmaýar. Munuň özi parahatçylyga we ynanyşmaga bolan uly sarpanyň halkymyzyň milli garaýyşlaryndan gözbaş alýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň uly manysy bar. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem-de daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleridir. Muny milli Liderimiziň 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny öňe sürmegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary parahatçylyk söýüjilik, sebit we dünýä derejesinde işjeň hyzmatdaşlygy üpjün etmek, gapma-garşylyklara, harby bileleşiklerdir şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki döwletleriň özbaşdaklygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak,

Ne­ti­je­li iş­ler ýo­la go­ýul­ýar

Ýur­du­my­zyň har­by we hukuk goraýjy eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri öz­le­ri­niň mu­kad­des bor­ju­na eýer­mek bi­len, asu­da­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ryň ara­syn­da düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak ug­run­da ir­gin­siz iş alyp bar­ýar­lar. Döwlet mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri hem bu il-ýurt bäh­bit­li iş­le­re saldamly go­şant goş­ýar­lar. Biz işi­miz­de Türk­me­nis­tan­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­lar­dan we ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ryn­dan ugur al­ýa­rys. Olar bol­sa yzy­gi­derli kä­mil­leş­di­ri­lip du­rul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da şu ýylyň 2-nji martyndan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň rug­sat­na­ma­la­ry­nyň (pas­port­la­ry­nyň) eýe­le­ri bo­lan da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi­ne ge­len gü­nün­den baş­lap, otuz se­ne­na­ma möh­le­te çen­li wi­za­la­ry res­mi­leş­dir­mez­den Türk­me­nis­ta­nda bol­ma­ga, on­dan git­mä­ge hem-de ýurdumyzyň çä­gin­den üs­ta­şyr geç­mä­ge rug­sat be­ril­di. Şo­nuň ýa­ly-da, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan akk

Nusga alarlyk görelde

Milli Liderimiziň belent münberlerden öňe süren dünýä ähmiýetli teklipleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Hut şeýle teklipleriň netijesinde Türkmenistan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň taslamasynyň awtorydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawyna mynasyp bolan bu taslama häzirki wagtda Aral heläkçiligini aradan aýyrmak, ykdysady we durmuş şertlerini, ilatyň ýaşaýyş we saglyk derejesini gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Şundan görnüşi ýaly, milli Liderimiziň öňe sürýän her bir başlangyjy we teklibi sebit hem-de dünýä ähmiýetli gymmatlykdyr. Dünýä ýagdaýlarynyň globallaşýan häzirki döwründe şol meseleleriň öz wagtynda çözülmegi we kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek gerek. Parahatçylyk üçin-de birek-birege ynanyşmak gerek. Haçan-da ýurtlar, milletler bu meselä çynlakaý çemeleşip, özara ynanyşmagy we goldawy gazanyp bilseler, şol ýerde parahatçylyk, ösüş, abadançylyk hem bolar. Bu babatda nusga alarlyk görelde görkezýän Türk

Asudalygyň we abadançylygyň mekany

Parahatçylyk, ynanyşmak we abadançylyk ýaly düşünjeler halkymyzyň ýaşaýşynyň, durmuş ýörelgesiniň we maksat-myradynyň mazmunynda jemlenýär. Bu mukaddes düşünjeler halkymyza döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýär hem-de milletimizi beýik maksatlara ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk düşünjesi parahatçylyk hem-de ynanyşmak, abadançylyk, özerklilik düşünjeleri bilen gözbaşy asyrlara uzaýan taryhy kökler arkaly baglanyşýar» diýip belleýşi ýaly, parasatly pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzda hem umumadamzat ýaşaýşynyň kada-kanunlary, durmuş düzgünleri öz beýanyny tapýar.

Dostluga çagyryp bütin dünýäni

Eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik oňyn Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar döwletimiziň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna geçen ýyl çärýek asyr doldy. 25 ýyl taryh üçin onçakly kän wagt bolmasa-da, geçen ýyllarda Türkmenistan dünýä syýasatynda öz mynasyp ornuny berkitmegi başardy. Häzirki wagta çenli Bitarap Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy boldy. Şeýle-de giň gerimli taslamalary amala aşyrmak bilen, ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwrüldi. «Demirgazyk — Günorta» demirýol ulag geçelgesini, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, gurlup, ulanylmaga berlen Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy polat ýollaryny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen ýola goýan gatnaşyklaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyg

Parahatçylygyň nusgasy

Türkmenistanyň baky Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyga, dost-doganlyga sarpa goýýan daşary syýasatynyň ýol-ýörelgesini kesgitleýär we dünýä äşgär edýär. Biz dünýäniň ähli döwletleri, şeýle hem iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat jemgyýetçiliginde asudalyk syýasatyny öňe sürýän oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýäris. Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýerýär, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýar. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden edýän her bir çykyşy, teklibi bütün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Sebit hem-de sebitara hoşniýetli gatnaşyklar, halkara ulag aragatnaşyklaryny ösdürmek, energetika howpsuzlygy, dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen we ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýä ýüzünde ynsanperwerlikli, adalatly hem-de parahatçylykly gatnaşyklaryň berkarar edilmegi, ýurtlaryň, yklymlaryň halklarynyň ýakynlaşmagy, olaryň arasynda bähbitli hyzmatdaşlyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda işjeň çykyş

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 31-nji mart (TDH). Şu gün Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasy we iki ýurduň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan ýörite okuw maslahaty oba hojalyk pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna bagyşlandy.

Taryhy wakalara buýsanç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklary has-da ösdürildi we dünýä ýaýyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzyň asudalygy dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar.

Parahatçylyk ýörelgelerimiziň waspy