HABARLAR

Parahatçylygyň röwşen ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muny ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem aýan edýär. Kararnamada sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde, şeýle hem sebit we halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň möhüm orny ykrar edilýär.

Milli Liderimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 16-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň onlaýn görnüşde geçirilen 52-nji mejlisine gatnaşdy.

Bi­ta­rap­ly­gyň sü­tün­le­ri

Adamlaryň köpçüligini dürli-dürli atlandyrýarlar. Märeke, üýşmeleň, topar, mähelle, taýpa, millet, halk... Şular ýaly adalgalar sosiologiýada, psihologiýada we taryh ylmynda ýygy-ýygydan duşýar. Adamlaryň köpçüligi jemgyýetiň düzümini düzýär. Şol düzümiň sanyna, maksadyna, medeniýetine seredip, olary dürli toparlara bölmek mümkin. Adamlar köpçüliginiň içinde taýpa, halk, millet bölünişigi özüniň gelip çykyşy boýunça döwlet, jemgyýet bolmakdaky wajyp orny bilen tapawutlanýar. «Adamlaryň umumylygynyň taryhy kökleri» atly kitapda taýpanyň halka, halkyň millete öwrülmek hadysasy hakynda gürrüň berilýär. Bularyň bir-birine öwrülmek hadysasynyň umumy dil arkaly amala aşýandygy nygtalýar. Diýmek, adamlar köpçüliginiň soňky ösüş «millet» hökmünde kesgitlenmek bilen, ol dört alamat babatda: ykdysady durmuşynyň umumylygy taýdan;

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatda eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 15-nji apreli) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Dünýäde parahatçylygyň berkarar bolmagynyň bähbidine

Düýn paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde mertebesi belent Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi. Halkara forum dabaraly ýagdaýda açyk diýip yglan edilýär. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de hemmeleri täze Maslahatlar merkeziniň binasynda gutlap, bu ajaýyp binanyň halkara durmuşynyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança boljakdygyny belledi. Mähriban Arkadagymyz syýasy-hukuk guraly hökmünde Bitaraplyk syýasatynyň häzirki wagtda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde, ählumumy wehimlere – halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna netijeli garşy durmakda tagallalary birleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedigine ynam bildirdi. (Arkadag Prezidentimiziň çykyşy gazetimiziň şu sanynda dolulygyna çap edilýär). Biz forumyň netijelerine, edilen çykyşlaryň derejesine, ma

Baky bagtyýarlygyň şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz has-da ösdürilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä döwletleri bilen ykdysady, medeni, ylym-bilim, energetika ýaly ugurlarda gatnaşyklar ýola goýulýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň müňlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän agzybirlik, parahatçylyk we ynanyşmak ýaly ynsanperwer häsiýetlerini, hemişe dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly bolan syýasaty alyp barýandygyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen diplomatik, iki tarapa hem bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy. Dünýä döwletleri bilen ynanyşmak arkaly dostlukly gatnaşyklara ygrarly bolmagy ýurdumyzyň daşary hem-de içeri syýasatynda durmuşa geçirilýän dünýä nusgalyk beýik işleriň giňden dabaralanmasynyň beýanyna öwrüldi.

Tebigatyň we köňülleriň baýramy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý medeni mirasy bolan halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary täze many-mazmuna eýe boldy. Gözbaşyny adamzat ýaşaýşynyň köpasyrlyk taryhyndan alyp gaýdýan Nowruz baýramynyň türkmen halkynyň baý durmuş tejribesiniň, däp-dessurlarynyň, medeni gymmatlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly hyzmaty bardyr. Nowruz baýramyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara derejesiniň berilmegi onuň halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylykly garaýyşlary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramçylyk hökmünde ykrar edilendigine şaýatlyk edýär.

Ynsanperwer syýasatyň dünýä ykrarnamasy

Ak şäherim Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ak mermerli Aşgabat şäheri özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belleýär. Paýtagtymyzyň özboluşly mermer keşbi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan her bir işiň aňyrsynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik maksatlarynyň bardygynyň netijesidir. Şäheriň ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Dünýä nusgalyk görelde

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan Watanymyz ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bar. Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi munuň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşandygyny we goşmagyny dowam edýändigini aýratyn belleýär. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge we onuň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasatyny hem-de hormatly Prez