HABARLAR

Dünýäniň parahatçylyk taglymaty

Dünýäde şeýle bir hikmetli söz bar. Adamlaryň hoşniýetli gatnaşyklary, birek-birege ynanyşmagy şol sözden gözbaş alýar. Oňa «Salam» diýilýär. Bir-birege salamatlygy, saglyk-amanlygy, öý-maşgala abadançylygyny dilemek ýaly ýagşy arzuw-niýetler «salam» diýen sözde jemlenýär. Dünýäniň islendik halkynyň «salam» sözüniň sözköküni yzarlasaň, ynsanperwerlige ýugrulan şeýle hikmetli manylara eýedigine göz ýetirýärsiň. Diýmek, külli adamzadyň baş maksady — parahatçylyk, her bir adamyň arzuw-niýeti — abadançylyk. Türkmen aganyň iki elini uzadyp, «Essalawmaleýkim» diýip berýän gadyrly salamynda hem uly hikmet bar. Halkymyzyň görüm-göreldesine muwapyk gelýän salamlaşmak edebindäki elleri mäkäm gysyşmakda hem ýürekdeşlige, ynanyşmaga meýil şöhlelenýär. Türkmeniň salamynda päkize asman ýaly ýüregi açyklyk, ümmülmez sähra ýaly giňlik, halkymyzyň birek-birege, dost-ýara gadyrlylygy bar.

Türkmen bitaraplygy we parahatçylyk filosofiýasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ýer ýüzünde parahatçylyk, dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki, Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde Er-Riýadda geçirilen «Bitewi suw» sammitindäki çykyşlarynyň halkara jemgyýetçilikde uly seslenme tapmagy, Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar Halkara Bitaraplyk gününiň dabarasyny has-da artdyrdy. Baýramçylygyň öňüsyrasynda elimize gowşan «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmegiň halkymyzyň nesilbaşymyz Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidigini nygtaýar

Bitaraplyk — parahatçylyk taglymaty

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, parahatçylygy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Şanly baýrama bagyşlanan çäreler Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň beýik nusgasy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp 11-nji dekabrda paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Iri foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara, sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ugurdaş düzümleriniň, ÝB-niň, TDG-niň wekilleri, halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamy boýunça iş alyp barýan bilermenler, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, ylmy-barlag merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara maslahatyň ýokary derejeli mejlisiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde guralan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň möhüm seneleri öz içine alýan geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilýändigi aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bar.

Halkymyzyň belent buýsanjynyň beýany

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. 12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi, oňa döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy milli we halkara ähmiýete eýe bolup, sebitde, bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň wajyp şerti hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen dabara ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem tomaşaçylaryň hatarynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar boldy. Olaryň bu çärelere gatnaşmagy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaý

«Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!»

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyz sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berip, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Her ýylyň 12-nji dekabrynda milli senenamamyzda möhüm orun alan Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilip geçilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda guramanyň Baş Assambleýasynda Bitaraplyk babatda ilkinji resminama kabul edilip, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edildi. Bu resminama ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolmagynda galýandygyny

Buýsanja beslenen maslahat

Esenguly etrap häkimliginde beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň,  işjeň partiýa agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, ak saçly eneleriň gatnaşmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirdik. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklaryň  giňeldilmegine hem-de  ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň, asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen  dostluk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak ugrundaky beýik başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini,  eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň  has-da belende galmagyny arzuw  etdiler.

Belent ykrarly Watan

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetiren şanly sene — Halkara Biataraplyk güni tutuş ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden dabaralandyryldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy umumadamzat ýaşaýşynyň gymmatly ýörelgelerini özünde jemleýändigi bilen has ähmiýetlidir, gudratlydyr, mizemezdir. Şonuň üçin baky Bitaraplyk hakyndaky ajaýyp söhbetler diňe bir günüň ýa-da bir ýylyň gürrüňi däldir, eýsem, ol asyrlaryň, döwürleriň, zamanlaryň, eýýamlaryň baky öçmez belent mukamydyr, parahatçylygyň hoş owazly nagmasydyr. Baky berkararlygyň binýady

Şanly senä bagyşlandy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk çäresi baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Etrap medeniýet öýünde geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işler, Garaşsyz döwletimiz, baky Bitaraplygymyz barada buýsanç bilen nygtadylar. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ata Watanymyzy, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda durup, ýurdumyzy ýagty ertirlere ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerini, bagtyýar we eşretli zamanamyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Bilim işgärleri sylaglanyldy

Halkara Bitaraplyk güni we tamamlanyp barýan ýyl mynasybetli etrap bilim bölüminde göreldeli bilim işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa etrap bilim bölüminiň ýolbaşçylary we öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. 2024-nji ýyl biziň etrabymyzyň bilim işgärleri üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Mugallymlarymyz, terbiýeçilerimiz welaýat, döwlet derejeli bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelediler. Olaryň tagallalary bilen üstünlik gazanýan okuwçylarymyzyňdyr körpelerimiziň sany hem barha artýar. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen dabarada gazanylan üstünliklere sebäp bolan hem-de özüniň baý iş tejribesi bilen beýleki kärdeşlerine görelde bolýan bilim işgärleriniň uly topary etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy.