HABARLAR

Bitaraplyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Asylly ýörelge

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Türk­me­nis­tan dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň 29 ýyl­ly­gy­ny uly baý­ram edip bel­le­di. Ýur­du­myz­da bu şöh­rat­ly se­ne, mä­lim bol­şy ýa­ly, öz göz­ba­şy­ny 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­dan alyp gaýd­ýar. Şol gün Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň

Bitarap Watan

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly

Türkmen halkynyň saýlan aýdyň ýoly

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Pa­ra­hat­lyk, asu­da­lyk, er­kin­lik... ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­lar­dyr. Haý­sy döw­let öz pa­ra­hat­ly­gy­ny, asu­da­ly­gy­ny, ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan bol­sa şol döw­let­de ýa­şa­ýan her bir ra­ýat bagt­ly­dyr, bag­ty­ýar­dyr. Dün­ýä ýü­zün­de dost­lu­gy, er­ka­na­ly­gy, pa­ra­hat­ly­gy ün­de­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny! Pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de oňyn Bi­ta­rap­lyk ýur­du­my­zyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy öze­ni­ni düz­ýär. Şun­da yla­la­şyk­ly­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, dost-do­gan­lyk, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Bitaraplyk we sport — parahatçylygyň ilçisi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­me­nis­tan sport­da uly ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär. Bu babat­da BMG-niň ÝU­NES­KO-nyň Sport bö­lü­mi bi­len hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hatsö­ýü­ji­lik, dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­my­za berk or­na­ma­gy, türk­men spor­tu­nyň Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe bol­ma­gy, bu­la­ryň ara­syn­da­ky ara­bag­lany­şy­gy gör­kez­ýär. Bi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz dost-do­gan­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň we yn­san­per­wer­li­ge esas­lan­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­na eýer­mek bi­len tap­gyr­la­ýyn esas­da iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­tanyň 2 ge­zek he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ni al­ma­gy ha­sam bel­lär­lik­li­dir. Bi­ta­rap­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da ýe­ten sep­git­le­ri dün­ýä­dä­ki or­nu­ny, onuň hoş­ni­ýet­lilik gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy­na ýar­dam ber­di. Türk­men spor­ty — dost-do­gan­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­g

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň go­ra­gyn­da

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men hal­ky­nyň mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­ren mil­li gym­mat­lyk­la­ry on­çak­ly kän däl. Olar Wa­tan, ene top­rak, ene-ata hem-de döw­let­li­li­gi­mi­zi aň­lad­ýan mu­kad­des ny­şan­la­ry­myz — Baý­dak, Tug­ra, Döw­let Se­na­sy, şeý­le hem hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da döw­le­ti­mi­ze mah­sus aý­ra­tyn­ly­gy­myz — he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz hem Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dyr. Ata Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny, mer­te­be­si­ni dün­ýä ýaý­mak­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň hem-de ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Wa­ta­nyň asu­da­ly­gy, bag­ty­ýar­ly­gy, er­ka­na­ly­gy şol mu­kad­des gym­mat­lyk­la­ra bag­ly­dyr.

Bitaraplyk — umumadamzat gymmatlygy

Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşyp, ol ähli döwürlerde-de türkmenleriň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklandygyna şaýatlyk edýär. Göwnaçyklyk, myhmansöýerlik, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, geçirimlilik we ähli halklar bilen ylalaşykly ýaşamak türkmenlere mahsus bolan häsiýetlerdir. Ata-babalarymyz her bir meseläni paýhas bilen çözüpdirler, öz perzentlerini hem şol ruhda terbiýeläpdirler. Bu bolsa halklaryň arasyndaky özara ynamy, ylalaşygy has-da berkidipdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we diplomatik gatnaşyklary nusgalyk derejede alyp barýar. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Aslynda adamzat döräli bäri ösen jemgyýetleriň aladasy parahat, agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurmak bolupdyr.

Gut­ly bol­sun bi­ta­rap­lyk to­ýu­myz!

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Dost-do­gan biz, ulus­lar-il­ler bi­le,Gut­ly bol­sun Bi­ta­rap­lyk to­ýu­myz!Toý toý­la­ýas, ak des­se gül­ler bi­le,Gut­ly bol­sun Bi­ta­rap­lyk to­ýu­myz!

Bitaraplyk we sport ýörelgeleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türkmenistanyň Bitaraplyk we sport ugrunda alyp barýan syýasaty geljekde hem dostlukly gatnaşyklary ösdürip, dünýäniň sport sahnasynda ýene-de öz ornuny pugtalandyrmagyna ýol açýar. Bu, dünýä ýurtlarynyň parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklary goldamakda Türkmenistany ruhlandyrýar hem-de geljekde sport arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna bilelikde işlemäge iterýär.

Merkezi Aziýa: agzybirlik, abadançylyk, rowaçlyk

Birnäçe gün mundan ozal Diýarymyzda ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyzyň tutuş dünýäde, ilkinji nobatda, ýaşaýan sebitimiziň döwletleri bilen dostana gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygy, Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, abadançylygyň giňişligi bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi barada gürrüň etmek aýratyn ýakymly, çünki munda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň öňe sürýän gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda, 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara üns çekildi. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Golaýda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama hem kabul edilipdi. Bu üstünlikler Milletler bileleşigi bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri b