Mukaddes ýörelgelere ygrarlylyk

17 Dekabr 2024
102

Türkmenistanyň agzybir halkynyň abadançylygyny, jemgyýetimiziň watançylyk ruhuny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýän başlangyçlar rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiziň öňe süren, BMG-niň Baş Assambleýasynda agza döwletler tarapyndan goldanan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen bu resminama halkara jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekýär.

Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy taýdan gysga möhletiň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesi toplanandyr. Täze, «2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen ady bilen baglanyşykly bellenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň, hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam eder.

Döwran MÄTJANOW,
Ak bugdaý etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.