HABARLAR

Bag — durmuşyň bezegi

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy elmydama üns merkezinde saklan atababalarymyz baglaryň tebigatymyza berýän gözelligini duýup ýaşamagy we ynsan saglygy üçin peýdasyny ýaş nesle düşündirip, olary zähmetde terbiýeläpdirler. Bu ugurda birnäçe nakyllary döreden halkymyz tebigaty gözüniň göreji deýin gorapdyr. Ajaýyp zamanada pederlerimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar. Bag — Zeminiň görki. Ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek, miweli, saýaly we bezeg baglary ekmek ýaşaýşa dowamat bermekdir. Şeýle asylly ýörelgä eýerilip, ýurdumyzda guralýan ählihalk bag ekmek dabaralary her ýyl uly ruhubelentlige beslenýär. Bag nahallary ekilýär, arassalaýyş we timarlaýyş işleri geçirilýär, agaç nahallaryna göwnejaý ideg edilýär. Günsaýyn özgerýän Diýarymyzyň obaşäherlerinde baglaryň hatary gitdigiçe artýar. Bagy bossanlyklaryň döredilmeginiň maksady bolsa daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak hemde adamlaryň sagdyn durmuşyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. 

«Ýaşyl ykdysadyýet» — ösüşiň möhüm ugry

Garaşsyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşini gazanmaga gönükdirilen uzakmöhletleýin maksatnamalarda «ýaşyl ykdysadyýetiň» giňden ýaýbaňlandyrylmagynyň möhüm ugurlary aýdyň kesgitlenilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda: «Daşky gurşawy goramak babatynda döwlet syýasatynyň strategik maksady ähli ýerde «ýaşyl ykdysadyýetiň» ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we tebigy ulgamlary mümkin bolan derejede saklap galmagyň esasynda jemgyýetiň we raýatlaryň ýaşaýşy we işi üçin ekologiýa taýdan amatly şertleri üpjün etmek bellenilýär» diýlip aýratyn nygtalmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň dünýä we sebit ekologiýasy bilen bagly alyp barýan çäreleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda bolmak bilen, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy, ekologiýa taýdan howpsuz iş şertlerini döretmegi, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmegi, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmagy, ekologiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, ilat arasynda ekologiýa terbiýesine düýpli üns bermegi we beýlekileri öz içine alýar.

«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet — tämiz ýaşaýyş

Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň hataryndadyr. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden we beýleki howplardan goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Howanyň üýtgemegi, Ozon gatlagynyň ýukalmagy, çölleşmek hadysasy arkaly abanýan howplar, aýry-aýry sebitlerde süýji suwuň ýetmezçiligi, howanyň hapalanmagy, biologiki dürlüligiň kemelmegi we başga-da birnäçe hadysalar häzirki döwürde möhüm ekologiýa meseleleri hasaplanylýar. Daşky gurşawy goramak bilen bagly syýasaty jemgyýetiň hem tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmak, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmek ýaly wezipeler üns merkezinde durýar. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler, dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş syýasaty halkara derejede ykrar edilýär. Bu babatda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde möhüm başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagy, Bitaraplyk syýasatyna ähmiýet berilmegini, öňüni alyş diplomatiýasy

ÝURDUMYZDA SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ ESASY UGURLARY

Hormatly Prezidentimiz suw diplomatiýasyny we ekologiýa abadançylygyny oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça ýurdumyz halkara derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olarda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin häzirki zamanyň ählumumy çagyryşlaryna ýurdumyzyň garaýyşlary we jogaplary suw boýunça syýasy gepleşikleriň we hereketleriň mehanizmi hökmünde Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde suwuň gymmaty Ýer ýüzünde yzygiderli artýar. Çünki islendik önümçilik işi suwy ulanmak bilen amala aşyrylýar. Şonuň üçin suw, ykdysadyýet, azyk howpsuzlygy biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu babatda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» hem suw diplomatiýasyna Türkmenistanyň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň düzüm bölegi hökmünde garaýandygy bellenilýär.

Goýny barly bahry-Hazar

Gojaman Hazar deňziniň haýwanat we ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Bu ýagdaý onuň geografiki ýerleşişi, deňze guýýan derýalarda dürli görnüşli peýdaly minerallaryň barlygy, suw jandarlary we ösümlikleri üçin iýmit serişdeleriniň köplügi bilen şertlenendir. Uly suw giňişliginiň ekologiýa ulgamyny we tebigy baýlyklaryny goramak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, birleşen tagallalary Hazaryň biodürlüligini gorap saklamaga gönükdirmek, onuň baý tebigy serişdelerini rejeli ulanmak ileri tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Hazaryň ekologiýa ulgamyny we tebigy gurşawyny aýawly saklamak, onuň baýlygyny geljekki nesillere ýetirmek hem möhüm meseleleriň hatarynda durýar». Hazar parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hasaplanylýar. Hazarýaka sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara derejede maslahatlaryň, duşuşyklaryň geçirilmegi deňiz gurşawynyň durnukly ösdürilmegine we goralmagyna, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, oňa ýaramaz täsir ýetirýän şertleriň öňüni almaga gönükdirilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Ekologiýa abadançylygy — ösüşiň möhüm ugry

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, oňa milli baýlyk hökmünde aýawly garamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş ýörelgesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge Türkmenistanyň döwlet syýasatynda, milli maksatnamalarynda, ägirt uly düzümleýin taslamalarda öz beýanyny tapýar. Ata Watanymyzyň tebigy baýlygyny, ekologiýa abadançylygyny saklamak, bu bahasyz baýlygy artdyryp, geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda geçirilýän işler, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, ykdysadyýetiň senagatlaşmagynda «ýaşyl ykdysadyýeti» kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler ylma daýanýan ekologiýa innowasiýalarynyň aýdyň mysallarydyr. Ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Ylmy gazanylanlaryň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp peýdalanylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup, ösüşiň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagynyň nusgalary näçe diýseň bar. «Akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäherinde bina edilen desgalar ekologiýa, howpsuzlyk hem-de tehnologiýala

Ählumumy abadançylygyň bähbidine

Tebigaty goramak, onuň serişdelerinden aýawly peýdalanmak, biologik köpdürlüligi gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunda içeri syýasatda öňe sürülýän ekologik ýörelgeler daşary syýasatda-da aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistan özünde sagdyn ekologik ýagdaýy saklamak bilen, BMG-niň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine, ýagny biodürlülik hakdaky we çölleşmä garşy göreş, howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýalara hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna, Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus, şeýle-de BMG-niň suw-batgalyk ýerler hakdaky Ramsar konwensiýalaryna goşuldy. Bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmek bilen, ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ekologiýa syýasatynyň tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini, şonuň bilen birlikde raýatlaryň abadan durmuşyny nazarlaýandygyny, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýandygyny doly tassyklaýar. BMG-niň Baş

Baglar we tokaýlar: arassa howa, sagdyn nesil hem bezeg

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bezeg baglarynyň ähmiýeti Tokaýçylyk bilen bezeg baglary biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tokaýyň we bezeg baglarynyň tebigatda we adamyň ýaşaýşynda ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzyň görnükli tokaýçysy K.Mukymowyň «Tokaýçylyk we bezeg bagçylyk» (Aşgabat, 2019 ý.) atly kitabynda tokaýlaryň we bezeg baglarynyň tebigatdaky we adamyň ýaşaýşyndaky ähmiýeti doly beýan edilýär.

Belkanyň ýüňünden täze dokma önümleri alnar

Durnukly materiallary öndürýän ABŞ-nyň «Bloom Labs» kompaniýasy pagta, ýüpek ýa-da poliester ýaly häsiýetlere eýe boljak täze süýümler üçin tebigy ýüňi gaýtadan işlemegiň usulyny tapdy. Kompaniýa indi önümçiliginde belkalaryň ýüňünden peýdalanar. Pagta, ýüpek we poliester ýaly materiallaryň düzümine garylyp taýýarlanjak täze süýümiň tebigylygy we ýumşaklygy bilen isleg bildirilýän önüme öwrüljekdigi baradaky habarlar kompaniýanyň sosial ulgamynda yzygiderli berilýär.

Ekologiýa abadançylygy — durmuşyň talaby

Adamzat durmuşyny, ýaşaýşyny tebigatsyz göz öňüne getirmek asla mümkin bolmasa gerek. Çünki ynsan ömrüniň tutuş döwri tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykda bolupdyr. Halkymyzda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň bilen sazlaşykda ýaşamak asylly ýörelgä öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda kabul edilýän maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde amala aşyrylýan işlere bu günki gün Watanymyzyň bagtyýar raýatlary işjeň gatnaşýarlar. Daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty arassa saklamak hem-de ekologiýa terbiýesi bilen baglanyşykly nakyllar halkymyzyň aňynda, durmuşynda berk ornaşyp galypdyr. Munuň şeýledigine «Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar», «Daragt ek, darykmarsyň», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» ýaly nakyllaryň üsti bilen hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyz gadymdan agaç ekmek, bag ýetişdirmek işlerine aýratyn ähmiýet beripdirler. Baglar zeminiň görki, olar ynsanyň sagdyn ýaşamagy, arassa howadan dem almagy üçin wajyp bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Daragtlaryň biziň süňňümize we sagdynlygymyza ýetirýän täsiri uly. Ol hem maddy, hem ruhy taýdan ähmiý