HABARLAR

«Altyn kölüň» kenarynda

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu ýerde ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak hakynda Karara gol çekmegi aýratyn guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşen «Altyn kölüň» kenarynda geçen ýyl ähli amatlyklary bolan häzirki zaman dynç alyş düzüminiň kemala gelendigi taryhy hakykatdyr.

Ekologiýa özgertmeleri

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň daşky gurşawy goramak we onuň abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Karara gol çekmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Karara laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek babatda wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Ekologiýa abadançylygy

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak derwaýys meseleler bolmak bilen, dünýä döwletleriniň gyzyklanmasyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz bu ugurda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Biodürlüligi we tebigy gözelligi gorap saklamak boýunça ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär we Köpetdagyň eteklerinden Sarygamyş kölüne, Amyderýadan Hazaryň kenarlaryna çenli, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek bilen baglanyşykly iri maksatnamalaýyn işler ýokary depginlerde amala aşyrylýar. «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi barada», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Tokaý kodeksi» we beýlekiler bu maksatlary durmuşa geçirmekde hukuk esaslaryny emele getirýär. Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa hem-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy işlenip taýýarlanylyp, ýörite meýilnama laýyklykda, ýaşaýyş üçin zerur bolan tämiz howany üpjün etmek hem-de türkmen tebigatyny has-da gözelleşdirmek maksady bilen her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bütin ýurdumyz boýunça millionlarça düýp miweli, saýaly, pürli, şeýle-de üzüm nahallary ekilýär. Mundan başga-da ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamakda

Daşky gurşaw we halkara gatnaşyklary

Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyz boýunça 30 million düýp nahal ekiler Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyz boýunça 30 million düýp agaç nahalyny ekmek barada Karara gol çekdi. Bu asylly iş Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasyny düzmek bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy gurşawy abat saklamak, adamlaryň ýaşaýşy üçin oňaýly daşky gurşawyň hem-de estetikanyň sazlaşygyny emele getirmek ýaly wezipeleriň çözülmegi bilen berk baglanyşyklydyr.

Bagym — barym hem barlygym

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna — 30 million düýp nahal! Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky gol çeken Karary göwünleri galkyndyrdy. Şanly günleriň şanyny beýleki beýik işler bilen birlikde agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek arkaly dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu däpde geçmişe hormat, şu güne buýsanç, geljege ýagşy arzuw bar.

Ekologiýa diplomatiýasynyň möhüm ugurlary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda, suwy rejeli peýdalanmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolan ekologiýa babatda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Çünki ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda möhüm ähmiýetli ekologiýa meselelerini çözmekde, daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr hem-de bütin adamzadyň geljegine gönükdirilendir.

Gözelligiň gönezligi

Ekologiýa düşünjesi örän giňdir. Ol adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygyny, sazlaşykly ösmegini göz öňünde tutýar. Watanymyzyň baýlyklaryny, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak we köpeltmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Milli Liderimiz ykdysadyýetiň pudaklarynda ekologik nukdaýnazaryndan has kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns gönükdirýär. Howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik standartlar hem-de gurulýan zawodlara, fabriklere, kärhanalara, durmuş maksatly desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän talaplar kämilleşdirilýär. Milli ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» halkara maslahatynda, «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä maslahatynda, VII Bütindünýä Suw forumynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda öňe süren dünýä ähmiýetli başlangyçlary global ekologiýa meselelerini çözmäge Türkmenistanyň örän çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär.

Ekologiýa kanunçylygynyň ösüş ugurlary

Dünýä ýüzünde daşky gurşawy goramak häzirki wagtyň aýratyn uly üns berilýän meselesi bolup durýar. Bu mesele biziň diýarymyzda hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan ekologik howpuň döwlet derejesinde nähili netijelere getirip biljekdigini we öz üstüne kabul edip alan halkara borçnamalaryny göz öňünde tutup, daşky gurşawy gorap saklamagyň hukuk esaslaryny öz Konstitusiýasynda, «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitleýär. Türkmenistanda ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi, ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtynda maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Täze kabul edilen Kanun ekologiýa maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynda ulanylýan esasy düşünjelere, adalgalara kesgitleme berilmegi, onuň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin örän amatly bolup durýar.

Daşky gurşaw bilen bagly wezipeler

XX asyryň ikinji ýarymyndan başlap bütin dünýäde daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ýitileşmegi milli hem-de halkara derejesindäki çözgütleri talap edip, bu meseleleriň çözülmeginde döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Geçen on ýyllyklaryň dowamynda geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri biziň häzirki we geljek nesillerimiziň ilatyň çendenaşa köpelmegi, ekişe ýaramly ekin meýdanlaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, arassa agyz suwunyň we azyk önümleriniň ýetmezçiligi, tebigy baýlyklaryň aşa köp ulanylmagy, howanyň ählumumy üýtgemegi we beýleki meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini görkezdi. 1972-nji ýylyň 5-nji iýunynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda taryhda ilkinji gezek daşky gurşawyň meselelerine bagyşlanan ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahat daşky gurşawyň meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi we olaryň oňyn çözülmeginiň diňe ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy arkaly mümkin boljakdygyny subut etdi. Daşky gurşaw boýunça birinji ählumumy maslahatda döwletler daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ählumumy meselelerdigi babatda ylalaşdylar. Şunlukda, 1972-nji ýyldan başlap ekologiýa diplomatiýasy diýen düşünje peýda boldy. Häzir ekologiýa meseleleri milli we halkara jemgyýetçiliginiň gün ter