HABARLAR

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 19-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli we maksadalaýyk durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary, özgertmeleri, döwletli tutumlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny hem artdyrýar. Bu oňyn görkezijiler parahatçylyk, ösüş we işjeňlik häsiýetine eýe bolan daşary syýasatymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagyna mynasyp esas döredýär. Häzirki wagtda dünýäniň köpsanly ýurtlarynda tebigaty peýdalanmak we daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda, ekologiýa howpsuzlygyny kadalaşdyrýan ugur ykrar edilendir. Ekologiýa howpsuzlygy milli howpsuzlygyň düzüm bölegi bolup, ol ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna gatnaşýar. Başgaça aýdylanda, ekologiýa howpsuzlygy biziň durmuşymyza ymykly girdi, onuň zerurlygy we ähmiýeti ýylsaýyn artýar. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny dolandyrmak işi döwletara gatnaşyklaryň esasynda, ÝUNESKO-nyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we beýleki halkara guramalaryň derejesinde alnyp barylýar. Bu derejede daşky gurşawy biosfera möçberinde goramagyň halkara resminamalaryny kabul etmek, döwletara ekologik maksatnamalary amala aşyrmak, tebigy ýa-da antropogen häsiýetli ekologik betbagtçylyklary ýok etmek üçin hökümetara toparlary döretmek işler

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ösümlikleri goramagyň usullary

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndan bereketli hasyl almak ugrunda berýän hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde oba hojalygynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban topragy bilen bagry badaşan her bir daýhan asylly zähmet çekýär, çeken zähmetiniň rehnetini-de görýär. Bagbanlaryň, ekerançylaryň köpýyllyk tejribesine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary goramagyň birnäçe usullary ulanylýar. Olardan agrotehniki, fiziko-mehaniki, himiki we biologiki usullar bellidir. Şolardan esasysy bolan agrotehniki çärelere baglaryň oturdyljak ýerini we sagdyn agaçlary saýlap almak, bir meňzeş zyýankeşleri bolan baglary biri-birinden aýry oturtmak, dökünlemek, ýerleri dogry işläp bejermek, zyýankeşlere garşy göreşmek, tohumy dogry saýlap almak, wagtynda ekmek, ekin dolanyşygyny geçirmek, hapa-haşal otlary aýryp durmak çäreleri degişlidir.

Tebigata söýgi döredýäris

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesle tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak barada düşünje bermekligiň uly ähmiýeti bar. Ekologiýa medeniýeti bilen baglanyşykly düşünje ýaş nesliň aňyna çagalykdan guýulmalydyr. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere ekologiýa medeniýeti, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy gözellikleriň ähmiýeti dogrusynda sada we düşnükli dilde sapak berlende, çagalar şol terbiýe esasynda hem durmuş ýoluny dowam edýärler. Biziň çagalar bagymyzda terbiýelenýän körpeler hem salkyn howaly pasyllarda gezelenje äkidilip, olara gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly gürrüň berilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawyň arassa bolmagyny gazanmak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanyp, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak, olary geljekki nesillerimize ýetirmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Mawy tolkunlaryň mukamy

Ýap-ýaňyja bolup geçen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň çäklerinde geçirilen ägirt uly çäreler gadymy Hazaryň dost-doganlygyň mizemez mesgenidigini ýene-de bir gezek äşgär etdi. Halkara derejeli çäreler tamamlansa-da, onuň bizde galdyran täsirleri entekler ýatdan çykar ýaly däl. Gaýtam, ol ýakymly günleriň ýatlamalary bize şypaly deňiz suwy we onuň tebigy baýlyklary hakynda giňişleýin gürrüň bermegi salgy berýär. Tomus paslynda, howanyň aşa gyzýan günlerinde ynsan göwni şypaly deňiz kenaryny küýseýär. Gojaman Hazaryň mawy tolkunlaryny synladygyňça, synlasyň gelýär. Göwnüňe bolmasa, dury suwuň ýüzünde peýwagtyna oýnaýan tolkunlaryň üstüne kümüş teňňeleri sepilen ýaly görünýär. Gözýetimiň aňyrsy-bärsi bilen ýylpylda öwrülip durşy, adamlary özüne maýyl edýär. Onsoň, tolkunlaryň pessaýja owazy tebigatyň täsin gözelligi bilen utgaşyp, ajaýyp bir mukam bolup eşidilýär. Owaza maýyl bolup oturyşyma, Hazaryň tebigy baýlyklary birlaý aňymda aýlandy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 12-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %. 2021-nji ýylyň 11-nji awgustynda atmosfera howasynyň düzümindäki tozanyň möçberiniň kadadan 7% köp bolandygy hasaba alyndy.

Hazar deňzi — täsin ekoulgam

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, ekologiýa abadançylygyny goramak, bu gymmatly gözelligi geljekki nesillere geçirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň ählisinde hem ekologiýa ýagdaýynyň göz öňünde tutulmagy örän guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ekoulgamynda Hazar deňzine aýratyn orun degişlidir. Bu deňiz ummasyz gazylyp alynýan tebigy baýlyklary, gaýtalanmaýan, özboluşly ösümlik we endemik haýwanat dünýäsini özünde jemleýän dünýäde ýapyk iri suw howdany hökmünde häsiýetlendirilýär. Meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, uzynlygy 1200 kilometre, ortaça ini 320 kilometre, kenarýaka çyzygynyň uzynlygy 6,5 müň kilometre barabar bolan Hazar deňzine bäş sany döwlet ýanaşýar: Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan we Russiýa Federasiýasy. Hemişe agzybirlige, abadançylyga, dost-doganlyga gadyr goýýan halkymyz goňşy ýurtlar, şol sanda Hazar sebiti boýunça goňşy döwletler bilen hem netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 10-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 9-15-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7-10-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23...+25o-dan +26...+28o aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+38o-dan +40...+42o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, günorta-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6-9-dan 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24o-dan +25...+27o aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+37o-dan +39...+41o aralygynda yssy bolar.