HABARLAR

Daşky gurşawy goramak ugrundaky tagallalar

Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak çygryny halkara derejede dolandyrmagyň köpugurly guralyny Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri emele getirýär. Olar BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, halkara hyzmatdaşlykda ykdysady, durmuş, medeni we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmekde döwletleriň alyp barýan işlerine goşant goşmak bilen, wajyp wezipeleri ýerine ýetirýärler. Döwletleriň arasynda daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlyk saklamaga ýardam etmek işlerini BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy — ÝUNEP ýerine ýetirýär. Onuň ştab-kwartirasy Naýrobide (Keniýa) ýerleşýär. ÝUNEP Baş Assambleýanyň «Daşky gurşawy goramak çygrynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça guramaçylyk we maliýeleşdiriş çäreleri» Kararnamasynyň esasynda, 1972-nji ýylda döredilip, onuň orny we mandaty birnäçe halkara resminamalar bilen tassyklanyldy. 1997-nji ýylda kabul edilen Naýrobi Jarnamasynda ÝUNEP-niň ählumumy daşky gurşaw çygrynda BMG-niň esasy düzümidigi aýdylýar. Onuň baş edarasy Dolandyryjylar geňeşidir. Ol 58 agza döwletiň wekillerinden düzülip, adalatly geografik wekilçilik ýörelgesi boýunça dört ýyl möhlete saýlanylýar. Dolandyryjylar geňeşi öz nutuklaryny BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) üsti bilen ýetirýär. ÝUNEP-niň düzümi

Ekologiýa abadançylygy — adamzadyň bähbidi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çäreler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, bu babatda ähmiýeti uly bolan başlangyçlary öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgeleri has-da işjeň dowam etdirilip, uly üstünlikler gazanylýar. Olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilip, uly goldaw tapýandygy bu günki gün hemmelere mälimdir. Belli bolşy ýaly, ýurdumyz Amyderýadan Hazar deňzine, Aýböwür gyrlaryndan Köpetdagyň gerişlerine çenli aralykda giň meýdany eýeleýär. Başgaça aýdylanda, onuň meýdany 491,2 müň inedördül kilometre barabar bolup, şonuň 80 göterimden gowragyny Garagum çöli, galan bölegini medeni zolaklar, suw mesgenleri tutýar. Şundan görnüşi ýaly, ata Watanymyz öz çäkleriniň giňligi boýunça dünýäde öňdäki hatarlarda durýar.

Daşky gurşawyň arassalygy — durmuşyň abadanlygy

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak babatda uly işler, düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär» diýen sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri tebigata, daşky gurşawa aýawly çemeleşip, ony ähli taraplaýyn gorap, aýap gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologik abadançylyga aýratyn uly üns berlip, muňa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde alnyp barylýan giň gerimli işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda her ýylda ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmegi, ýaşuly-ýaşkiçi raýatlarymyzyň olara ýokary ruhubelentlikde işjeň gatnaşmaklary halkymyzyň tebigata, daşky gurşawa söýgüsiniň bimöçberdiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha giňelýändigini, munuň bolsa howanyň arassa

Hyzmatdaşlygyň beýik köprüsi

Ençeme müňýyllyklary öz goýnuna alýan gadymy taryhymyzyň şan-şöhratly sahypalaryna ser salanymyzda, Hazar deňzi örän irki döwürlerden bäri taryhçylaryň, syýahatçylaryň we täjirleriň ünsüni özüne çekip, deňziň üsti bilen ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Deňziň töwereginde ýerleşýän ýurtlardyr şäherler, obalar, olarda ýaşaýan ilatlar özara düşünişmek arkaly ýakyn aragatnaşyk saklapdyrlar. Hazar deňzi hemişe parahatçylykly ösüşe ymtylmak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky özboluşly belent köpri bolup hyzmat edip, Beýik Ýüpek ýolunyň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, Hazar deňziniň ýetmişden gowrak ady bolupdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işleriň çäklerinde Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, dostluk doganlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça täze söwda gatnaşyklaryny açmak barada ýerine ýetirilen ajaýyp işler hem bu gün döwrüň belentliklerine göterildi.

Tebigatyň tämizligi — durmuşyň gözelligi

Güneşli Diýarymyzda ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak babatda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň täsin tebigy gözellikleriniň döwrebap ösüşi bilen utgaşyp gidýän ýerleriniň biri-de Hazar deňzi sebitidir. Hazar deňziniň kenarlaryny syýahatçylyk, dynç alyş merkezine öwürmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Deňiz kenarynda oturdylan we barha gürelýän agaç nahallary deňziň gözelligine görk goşýar, howany has-da arassalaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Hazar deňziniň arassalygyny goramak, şypaly, jana melhem suwuny ylmy taýdan öwrenmek işleri alnyp barylýar. Hazar deňzi bütin dünýäde ajaýyp tebigy suw howdany bolup, suw bioserişdeleri we uglewodorod çig-mal serişdeleri onuň esasy baýlyklarydyr. Hazar deňzi onuň kenarlarynda ýaşaýan halklaryň umumy baýlygydyr. Şu aýratynlygy nazara almak bilen, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, bu täsin tebigy suw howdanynyň biodürlüligini gorap saklamak, baýlyklaryny rejeli peýdalanmak kenarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda ýurdumyz esasy hyzmatdaşlary, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan gatnaşyk etmek arkaly Hazar deňzindäki bar bolan we ýüze çykyp biläýjek ekologik meseleleri ç

«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet – gel­je­giň baş we­zi­pe­si

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny aýawly saklamak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Umuman, «ýaşaýyş», «ösüş» diýen düşünjelerde, ilkinji nobatda, parahatçylyk göz öňünde tutulýar. Çünki parahatçylyk bar ýerinde, birek-birege ynam berkeýär, ynam hem adamzady gurşap alýan daş-töweregiň gözelleşmegine, gözelligi duýmaga we lezzet almaga şert döredýär. Ynam — ýaşaýşyň manysydyr. Biziň berkarar döwletimizde hem parahat durmuş gün-günden joş alýar. Ýyl-ýyldan bagy-bossanlyga öwrülýän gül Diýarymyzyň islendik künjeginde arassa we amatly ekologik zolaklara gabat gelmek bolýar. Döwlet maksatnamalarymyzyň öňünde durýan esasy wezipe hem — «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek. «Ýaşyl» ykdysadyýet diýlende, adamlaryň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmak bilen ykdysadyýetiň ähli ulgamynda daş-töwerege zyýan bermeýän, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ýerlemek, sarp etmek arkaly ekologiýa deňagramlylygy saklamaga düşünilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasy gaty giň düşünjäni özünde jemleýär, umumy maksat hem halkyň we geljekki nesilleriň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini artdyrmak bolup

Ählumumy abadançylygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan milli hem-de umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ekologiýa syýasaty tebigy gurşawy goramaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge, sebitleýin we halkara derejesinde ekologiýa howpsuzlygyny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Çünki jemgyýetiň ösüşi bilen daşky gurşawy goramagy utgaşykly alyp barmak häzirkizaman siwilizasiýasynyň geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biri hökmünde örboýuna galýar. Hut şonuň üçin-de ýurdumyz milli hem-de halkara derejesinde tebigaty we daşky gurşawy goramak, suw we beýleki tebigy serişdeleri, baýlyklary tygşytly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan ählumumy tagallalara işjeň gatnaşyp, olaryň rowaçlanmagyna mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde daşky gurşawyň goraglylygyna aýawly çemeleşmeklige, ýerleriň şorlaşmagyna, zaýalanmagyna we çölleşmegine garşy göreşmeklige, ýurduň ähli ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmeklige gönükdirilen giň gerimli we köpugurly çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreş boýunça hem-de Biodürlülik hakyndaky Halkara Konwensiýalaryna goşulyşmak bilen bu ugurdaky maksatnamalary berjaý etmek boýunça

Gözellige baý deňiz

12-nji awgust — Hazar deňziniň güni Gojaman Hazar deňzi diňe bir gözýetime uzalyp ýatan mawy giňişlik däl. Ol ummasyz baýlyklary özünde jemleýär. Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik häsiýete eýe bolup, olar sebitiň biologik köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr. Deňizde ýaşyl suwotularynyň 29, goňur suwotularynyň 22 görnüşi bar. Olar deňizde ýaşaýan jandarlara, balyklara, guşlara iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýärler.

Awazanyň ajaýyplyklary

Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasy we binagärlik tejribesi bilen  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň gazanan ykdysady ösüşlerini, halkara derejedäki barha artýan abraýyny dünýä ýaýýar. Alym Arkadagymyzyň beýik tagallalary bilen 2007-nji ýylyň dekabrynda durmuşa geçirilmegine badalga berlen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylan ägirt taslamalar ata Watanymyzyň dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne gönükdirmegi başarýan ýurtdugyny dünýä ykrar etdi. Sebäbi, Hazaryň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňiz tolkunlarynyň akwatoriýasy, altynsow we gyzgyn çägeli deňiz kenary, jana ýakymly howa bilen sazlaşykly utgaşýan kenarynda bina edilen ajaýyp şypahanalar, dynç alyş merkezleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny iri halkara çäreleri geçirilýän we oňa gatnaşyjylaryň sapaly dynç alşyny, netijeli döredijiligini üpjün edýän ajaýyp mekana öwürdi. Ajaýyp Awazada Arkadagly eýýamymyzda uly üstünliklere beslenip geçirilýän sebit we dünýä derejeli iri halkara çärelerine gatnaşýan döwlet ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylary, işewürleri öz çykyşlarynda bu barada  öwran-öwran nygtaýarlar. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan bina edilen,

Ekologiýa howpsuzlygy — derwaýys mesele

Darganata etrap häkimliginde hukuk goraýjy işgärleriň gatnaşmaklarynda ekologiýa meselelerine bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada täsirli gürrüň gozgaldy. Bu meseleleriň oňyn çözgütleriniň durmuşa ornaşdyrylmagynda her kimiň jogapkärçiliginiň ýokarydygy nygtaldy. Çärä gatnaşan etrabyň edara-guramalarynyň we kärhanalarynyň işgärlerine ýurdumyzyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda hem-de BMG-niň «Biologik dürlülik hakyndaky» Konwensiýasyna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip gelýändigi barada düşünjeler berildi.