HABARLAR

Ekologiýa meselesi — döwrüň wajyp wezipesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzy mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmäge, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, hususyýetçiligi höweslendirmäge, maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmaga, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzak möhletleýin, pudaklaýyn hem sebitleýin maksatnamalar amala aşyrylýar. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna, ekologiýa meselelerine we kadalaryna aýratyn üns berilýär. «Ýaşyl ykdysadyýeti» döretmek we ösdürmek meselesine täzeçe çemeleşmeler häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Ekologiýa wezipeleriniň ykdysady we durmuş meseleleriniň çözgütleri bilen çuňňur arabaglanyşykly alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin aýap saklamak, ekologiýa abadançylygyny gazanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen berk baglanyşykly bu meseleler ýurdumyzyň ilatynyň sagdyn we tebigat bilen sazlaşykda, ekolog

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 18-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +31... +33° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Plas­tmassa ga­lyn­dy­lar­ azaldylar

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy 2030-njy ýy­la çen­li plas­tik zir-zi­bil­le­riň möç­be­ri­ni 60 gö­te­ri­me, 2050-nji ýy­la çen­li 100 gö­te­ri­me çen­li azalt­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Mun Çže In De­ňiz ke­na­ry­ny aras­sa­la­ma­gyň hal­ka­ra gü­nü­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­da bel­läp geç­di. Mik­rop­las­tik­ler di­ňe bir de­ňiz jan­dar­la­ry­na däl, eý­sem, adam sag­ly­gy­na hem howp sa­lar.

Ekologiýa talaplarynyň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan ekologiýa syýasaty toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tebigatymyza aýawly garamaga hem-de ony has-da gözelleşdirmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýany we tebigaty goramak ýaly iň bir ähmiýetli meseleleri häzirki döwrüň ählumumy, möhüm wezipeleriniň hatarynda goýýar. Ýurdumyzda ýer, suw hem biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan döwletimiz BMG-niň daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan howpsuz ýaşaýşy üpjün etmek boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşyp, olardan gelip çykýan halkara borçnamalaryny hem üstünlikli ýerine ýetirýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, şol sanda senagat derejeli kärhanalar bolan elektroenergetikanyň ähli kärhanalaryny döwrebap ösdürmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçiligi artdyrmak we sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň ýola goýulmagyna hem-de işleriň ekologiýa taýdan howpsuz

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm. Çyglylygy 5 — 25 %.

Gül-gülzarly ýurdumyz

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyly jemgyýetimizde milli ýol-ýörelgeleriň täze bir ýokary ruhy göteriliş bilen gaýtadan dikeldilýän beýik döwri boldy. Bu bag ekmek, ýurtda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda hem şeýledir. Tebigat bilen özara baglanyşykly ýaşan ata-babalarymyz baglaryň dünýämize bezeg bermek bilen birlikde ynsanyň, janly-jandaryň dem alýan howasyny täzelemekde hem ornuny çalşyp bolmajak peýdasynyň bardygyna ir döwürlerden düşünipdirler. Şol sebäpden hem ýaşaýan ýerlerini, öýleriniň töwereklerini bag-bakjalyga, gül-gülzarlyga besläpdirler.

Tokaýlar — halkyň baýlygy

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşaýyş abadançylygy üçin bitewi milli ekoulgamy döretmek, tokaý gaznasynyň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, tokaýçylyk ýer gaznasynyň peýdalanylyşynyň gerimini giňeltmek, howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň tokaý gaznasynyň ýerleri dag eteklerindäki, derýa ýakalaryndaky hem-de sähra giňişliklerindäki tebigy we emeli usullarda köpeldilýän tokaýlyklara bölünýär. Emeli tokaý zolaklarynyň çäklerini giňeltmek işleri yzygiderli häsiýete eýedir. Türkmenistan yklymyň ýurtlarynyň arasynda tokaý gaznasyndaky ekinleriň köpgörnüşliligini artdyrmak, öňdebaryjy ekologiýa medeniýeti boýunça halkara tejribeleri öwrenmek, wagyz etmek, tokaý hojalyklarynyň sanyny köpeltmek, bagçylyk, tokaýçylyk çäreleri boýunça ylmy-barlag we guramaçylyk işlerini kämilleşdirmek we bu umumymilli jemgyýetçilik işlerine ilaty işjeň gatnaşmaga çekmek boýunça ilkinjileriň hatarynda durýar. Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan tokaýlaryň ýaşyl dünýäsi

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 14-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 13-19-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-10-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+21o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o-dan +34...+36o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+20o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+33o-dan +33...+35o aralygynda maýyl bolar.

Ekologiýa taýdan amatly ulag

«7/24.tm», № 37 (68), 13.09.2021. BMG-niň senenamasynda Bütindünýä welosiped gününiň peýda bolmagy milli Liderimiziň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň dünýäde gyzgyn seslenme döredýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.