HABARLAR

Ýedi ölçe-de, bir kes

Her bir işde ölçegli bolup, rejäňi bilmek gowy endik. Durmuş eşretlerinden peýdalanmak babatda-da bu ýagdaý üýtgewsizdir. Adamzat jemgyýetiniň hemişe üns merkezinde durýan azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde ölçegli, oýlanyşykly sarp ediş aýratyn ähmiýetlidir. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerine uýýan halkymyzda bir döwüm çörek hem mukaddeslige deňelýär. Azyk önümleriniň yrýa edilmezligi üçin ýönekeýje düzgünleri berjaý edip, hem özümize peýda getirip, hemem tebigaty goramaga goşant goşup bileris. Sebäbi dürli ekinleri ýetişdirmek, azyklyk harytlary taýýarlamak üçin ummasyz zähmet hem-de serişde sarp edilýär. Dükandan başlanýan ýol

Wajyp ekologiýa meseleleri

Dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýan meseleleriň biri-de ekologiýa meselesi bolup, ol jemgyýet bilen tebigatyň özara täsiri we tebigatyň baýlyklarynyň rejeli peýdalanylyşydyr. «Ekologiýa» adalgasy ilkinji gezek 1869-njy ýylda ylma girizilip, ol janly-jandarlaryň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny öwrenýär. Mälim bolşy ýaly, janly-jandarlaryň daşky gurşaw bilen gatnaşygy adatdan daşary çylşyrymlydyr we jandarlaryň dürli topary üçin özboluşlydyr. Şonuň üçin häzirki zaman ekologiýasy dürli ugurlaryň: ösümlikleriň, haýwanlaryň, mikroorganizmleriň ekologiýasyny, gidrobiologiýany, aerobiologiýany öz içine alyp, çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz üçin daşky gurşawyň ilatyň saglygyna edýän täsiri (tebigy hadysalar, klimatyň üýtgemegi we başgalar); Merkezi Köpetdagyň arça we Bathyz belentliginiň pisse tokaýlaryny abat saklamak; dag ýapgytlaryndan gaýdýan sil suwlarynyň ýygnanýan ýerlerinde kiçi göwrümli suw howdanlaryny gurmak; suw baýlyklaryny hapalanmakdan goramak; içimlik suwuň hilini gowulandyrmak; arçalaryň we pisseleriň ösdürilip ýetişdirilmegini ýola goýmak; gurulýan demir we awtomobil ýollaryny çäge syrgynlaryndan goramak; «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Baş akabasyny we onuň şahalaryny süýşýän çägeleriň basmagyndan goramak hem-de beýlekile

Daşky gurşawyň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwlet derejesinde toplumlaýyn we netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyz her bir çykyşynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa degişli halkara ülňülerine laýyk gelýän kanunçylyk namalary kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, bar bolan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleri alyp barmagy nygtap geçýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan işleriniň biridir. Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän dürli görnüşli baglar tebigatymyzyň gözelligini has-da artdyryp, ekologiýa abadançylygyny gowulandyryp, raýatlarymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Daşky gurşawyň arassa bolmagy sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini gurmagyň gözbaşydyr. Şonuň üçin daşky gurşawyň düzüm böleklerini özünde jemleýän toprak, howa, suw, daglar, ösümlik we haýwanat dünýäsi biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, adamzadyň ýaşaýşynda möhüm orun tutýar. Sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini döretmekde tebig

«Ýaşyl gurluşygyň» ajaýyp nusgasy

Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň ýurdumyzda iň kämil binagärlik çözgütlerine esaslanmak bilen birlikde, şähergurluşygynyň ekologiýa abadançylygy bilen sazlaşygynyň nusgalyk merkezine öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar. Bu günki günde Arkadagly Serdarymyzyň şäheriň gurluşygynyň «akylly» we «ýaşyl» gurluşyga esaslanmalydygy baradaky talaby milli binagärlikde giňden ornaşdyrylýar. Daşky gurşawa zyýansyz bolan gurluşyklar we tehnologiýalar häzirki wagtda dünýä binagärliginiň geljegi uly ugurlaryndan biridir. «Ekogurluşyk» ýa-da «ýaşyl gurluşyk» düşünjesi gurulýan desganyň işiniň daşky gurşawa we adam saglygyna edýän täsirini azaltmaga kömek edýän çäreleriň, tehnologiýalaryň, dizaýn we inženerçilik çözgütleriniň toplumyny öz içine alýar. Ýaşyl bina ekologiýa taýdan arassa materiallary, gaýtadan dikeldilýän energiýany we desgalaryň mümkin boldugyça amatly bolmagyny, mümkin boldugyça az energiýa sarp etmegi üçin ýörite dizaýna esaslanýar. Şeýle esasda gurlan desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak hem adaty binalary bejermekden has arzan düşýär.

Arkadag şäherinde raýatlarymyza «JAC E-J7» elektromobilleri hyzmat eder

«Soňky döwürlerde «JAC» kompaniýasy ýeňil we ýük awtomobilleri bilen uly meşhurlyk gazandy. Kompaniýanyň awtomobilleri dünýäniň ähli künjegindäki müşderilerde uly islegden peýdalanýar. Kompaniýanyň esasy köp satylýan awtomobili hökmünde «JAC J7» tapawutlandyrylýar. Geçen ýyl bolsa bu awtomobiliň elektrikleşdirilen görnüşi tanyşdyryldy» diýip, jacmotors.com saýtyna salgylanyp, salamnews web-saýty habar berýär. «JAC E-J7» dolulygyna elektrikleşdirilen ulag bolup, ol ýokary hilli ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ulag 193 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Elektromobil 0-dan 100 km-e çenli tizlige bary-ýogy 5,9 sekuntda ýetýär.

Tebigaty goramak — döwrüň möhüm meselesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak hem-de tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ata Watanymyzda dünýäniň we sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Utgaşykly alnyp barylýan işleriň baş maksady geljekki nesiller baradaky aladada jemlenendir. Ýurdumyzda badalga berlen maksatnamalarda hem tebigatyň gözelliklerini, daşky gurşawy gorap saklamak meselelerine aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatlary nazarlaýan, abadan durmuşyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaşyl tokaý zolaklary emele geldi. Hazara görk berýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky seýilgähler, Garagumuň jümmüşinde döredilen, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýän «Altyn asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak, arassa howa gurşawyny döretmek baradaky maksatdan ugur alýar. Şunuň bilen birlikde, Hazaryň ekologiýa ulgamyny we tebigy gurşawyny aýawly saklamak, onuň baýlygyny geljekki nesillere ýetirmek hem möhüm meseleleriň hatarynda d

Tebigaty goramagyň hukuk binýady

Adamzat siwilizasiýasynyň kämil derejede ösýän döwründe, adam bilen tebigatyň gatnaşygy, tebigaty goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýaly meseleler adamzadyň möhüm aladalaryna öwrülýär. Bu meseleleri çözmäge ekologik bilim we terbiýe örän uly täsirini ýetirýär. Ekologik bilim we terbiýe bolsa, adamyň ekologiýa baradaky pikirleniş medeniýetini ýokarlandyrýar. Daş-töweregi gurşap alan maddy dünýä — tebigat, adamzat ýaşaýşynyň iň möhüm şertidir. Ol adamyň durmuşy üçin çig malyň, energiýanyň, iýmit önümleriniň, suwuň, howanyň we beýleki maddy baýlyklaryň çeşmesidir. Şoňa görä-de, hojalyk işleriniň gidişinde adamzat jemgyýeti tebigata hemişe täsir edip durýar, ony özüniň bähbitlerine laýyklykda özgerdýär. Ekologiýa — organizmleriň we olaryň emele getirýän tebigy toparlanmalarynyň daşky gurşaw bilen (şol sanda beýleki organizmler we tebigy toparlanmalar bilen) özara gatnaşyklaryny öwrenýän ylmy pudak bolmak bilen, onuň durmuşdaky ähmiýeti örän uludyr.

Ekoabadançylygyň daýanjy

Tokaýlar tebigatyň ekologiki deňagramlylygyny saklamakda esasy orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, tokaýlary dikeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine, ýagny, ählihalk işine öwrüldi. Biz güýzki bag ekişlik möwsüminde amala aşyrylan çäreler barada Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgäri Aziza Furkatžanowa bilen söhbetdeş bolduk. Ol şonda şeýle gürrüň berdi: — Ýurdumyzda tokaýlaryň üç görnüşi duş gelýär. Dag tokaýlyklary — arça, badam, çöl tokaýlyklary — sazak, sözen, çerkez, gandym, kenarýaka tokaýlyklary — toraňňy hem-de emeli tokaýlar.

Tebigatyň abadançylygy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: «Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip bellemegi ýurdumyzda tokaýlaryň köpeldilmeginiň ýaşaýşyň esasy serişdesi bolan howanyň arassa bolmagyny üpjün etmegiň, ykdysady ösüşiň, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamagyň we baýlaşdyrmagyň möhüm şertidigini aňladýar. Çünki daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir

Gijeki älemgoşar

Her ýyl demirgazyk yşyklaryny synlamak üçin Finlandiýa döwletine müňlerçe syýahatçy barýar. Emma muňa garamazdan, demirgazyk yşyklary gaty seýrek görünýär. Şonuň üçin hem käbir syýahatçylara ony görmek başartmaýar. Demirgazyk giňişliginde olara «demirgazyk yşyklary» diýilse, günorta bölekdäki görünýänler «günorta yşyklary» diýlip atlandyrylýar. Demirgazyk bölekde köp duş gelýändigi sebäpli alymlar olary, esasan, «demirgazyk yşyklary» diýip atlandyrýarlar. Demirgazyk yşyklary Ýeriň magnitli bölegi bilen Güneşden gelýän köp mukdardaky şöhläniň galtaşmagy esasynda emele gelýän tebigy hadysadyr. Rimde «Awrora borealis» diýlip atlandyrylýan bu yşyklar rim mifologiýasyndaky şapak taňrysy Awroranyň ady bilen baglanyşyklydyr. Maglumatlarda demirgazyk yşyklarynyň diňe gyş paslynda ýüze çykýandygy görkezilýär. Emma soňky wagtlarda alymlar olary ýylyň her paslynda görüp bolýandygyny belleýärler. Gyş paslynda howanyň, köplenç, bulutsyz bolup, beýleki wagtlara garanyňda gijäniň uzyn bolýandygy sebäpli olaryň görünmek ähtimallygy ýokarydyr. Demirgazyk yşyklaryny görmek her kişini gyzyklandyryp biler. Sebäbi olar dürli reňklerden emele gelen älemgoşary ýatladýar. Olaryň kä 10 minut, käte bütin gije görünýändigi bellenilýär. Bu Gün şöhlesiniň mukdaryna