HABARLAR

Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň nyşanydyr

Ahal welaýaty, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumuzu bagy-bossanlyga büremegiň güýzki möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary ruhubelentligi, şadyýanlygy hem-de Diýarymyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu çäräniň dabarasyny has-da artdyrdy.

Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na go­şant

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň mak­sa­dy ila­tyň ýa­şaý­şy üçin aras­sa we amat­ly daş­ky gur­şa­wy dö­ret­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň hu­kuk esas­la­ry ber­ki­dil­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da hem-de ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryn­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly be­ýan edil­ýän ka­da­lar­dan hem gör­mek bol­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan do­wam edip gel­ýän ýö­rel­ge­le­re la­ýyk­lyk­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si we te­bi­ga­ty­my­zy baý­laş­dyr­mak il­deş­le­ri­mi­ziň asyl­ly mak­sa­dy­na öw­rül­di. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­si hä­zir­ki dö­wür­de tu­tuş adam­za­dyň der­wa­ýys me­se­le­si­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek da­ba­ra­la­ry­nyň ge

Güýzki bag ekmek möwsümi

«7/24. tm», № 45 (128), 07.11.2022 Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar

Baglar ýaraşygy, bezegi ýurduň

Şu gün ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berildi

Bag ekmek – parz iş

Şu gün ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekiliş dabarasy bolup geçdi. Topraga jany-teni bilen hyzmat eden ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda daýhançylykdyr ekerançylyk bilen meşgullanyp, gür saýaly bag-bakjalary ýetişdiripdirler. Pür-pudak ýaýradyp ösen daragtlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Ata-babalarymyzyň ýola goýan bu işleri häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen bag ekmek babatda alnyp barylýan işlere badalga berýär. Bu gün  sahawatly topragymyza ekilen bag nahallary ýurdumyzyň  tebigatyny ozalkylardan has hem baýlaşdyrar.Tebigat gözellikleri bize ata-babalarymyzdan galan miras, ony başky durkunda geljekki nesillerimize ýetirmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Türkmeniň güneşe baý topragy dünýä ýüzünde iň berk, sagdyn, uzak ömür pür-pudak ýaýradyp ösýän daragtlary ýetişdirmäge ukyplydyr. Şahyryň aýdyşy ýaly,  kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar.

Daşky gurşawy goramagyň möhüm şerti

Häzirki wagtda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk dabaralary geçirilip, ol daşky gurşawy goramaga gönükdirilen netijeli möhüm çäreleriň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelgä eýerip, her ýylky bag ekmek möwsüminde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saýaly, pürli we miweli agaçlaryň we üzümiň millionlarça düýbi ekilýär. Olaryň ähmiýeti diňe bir owadanlykda bolman, eýsem, olar arassa daşky gurşawy emele getirmekde hem uly orna eýedir.

Bu gün türkmen düzi güle bürenýär

Şu gün — 5-nji noýabrda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdakysy bolan güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berler. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň, sagdyn hem-de ruhubelent bolmagynyň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.

Bötendagyň täsinlikleri

Ekologiýa abadançylygy daşky gurşaw hakdaky aladalaryň miwesidir. Bagy-bossanlyk Zeminiň görki-gözelligidir. Bötendagda ynsan aň-paýhasy, zähmeti bilen dörän bagy-bossanlyk emeli hem tebigy barlygyň sazlaşmasydyr. Gadymy mekanda täze ýaşaýyş

Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Ekologik ýagdaýy has-da gowulandyrmagyň baş şertleriniň biri-de, ýaş nesilde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekdir. Şunuň bilen bagly milli ýörelgelerimizi, däplerimizi bilmek ýaş nesliň mukaddes borjy. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz ösümlik hem haýwanat dünýäsini gorap saklamaga çalşypdyrlar. Gözel tebigatyň adamzada eçilen baýlyklary bolan suwdan, howadan, ýerasty we ýerüsti gymmatlyklardan ýerlikli peýdalanmak, olaryň ähmiýeti dogrusynda ýaş nesillere ündäpdirler. Ýaş nesiller hem ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramakda, onuň baýlyklaryna eýeçilik gözi bilen garamakda goşantlaryny goşýarlar. Şu gün bolsa ýurdumyzda ajaýyp tebigatymyzyň gözelliklerine gözellik goşjak bag nahallaryny oturtmak dabarasy geçirilýär. Munuň özi tebigatymyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, dem alýan howamyzyň has-da arassalanmagyna getirer.

Tebigata söýgi — durmuşa söýgi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, öz hünärine ökde adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edýär. Ýurdumyzda multimediýa tehnologiýalaryny, öňdebaryjy iş tejribelerini ulanmaga, sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Orta mekdeplerde çagalara öwredilýän beýleki dersler bilen bir hatarda, biologiýa dersini hem häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede okatmak üçin ähli şert-mümkinçilikler bar. Daşymyzy gurşap alan tebigaty gowy öwrenmegi talap edýän biologiýa dersiniň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.