HABARLAR

Plastik galyndylar bilen göreş

Ynsanyň ýaşaýşy, aň-paýhas we ruhy-ahlak taýdan ösüşi daşky gurşawyň abadançylygy bilen berk baglanyşyklydyr. Soňky iki asyrda gazanylan ylmy-tehniki öňegidişligiň netijesinde, adamyň tebigata ýetirýän täsiri barha artýar. Şoňa görä-de, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek meselesi uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenilmegi umumadamzat ähmiýetli meselelere ünsi çekmek bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň Kararnamasy we ýörite guramasy

Daşky gurşawyň arassalygy — ömrümiziň abadanlygy

Ýer şarynyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly döwrüň iň iri we gaýragoýulmasyz wezipesini durmuşa geçirmekde tebigatyň näderejede uly orny eýeleýändigi hemmä mälimdir. Daşky gurşawyň ýagdaýy her bir ynsanyň ýaşamagy üçin derwaýys bolan dem almaga, iýmitlenmäge, suwsuzlygy gandyrmaga, pasyllara görä howa uýgunlaşmaga ýiti täsir edýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Onuň esasy maksady tebigatyň bähbitlerine amala aşyrylýan işleri ýaýbaňlandyrmakdan, durnukly ösüşiň ekologiýa jähetindäki maksatlaryna ýetmäge ýardam bermekden we bu ugurda giň jemgyýetçilik köpçüliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. 1973-nji ýyldan bäri ählumumy derejede bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň döredilenine şu ýyl 50 ýyl dolýar. Soňky bäş ýylyň dowamynda bu sene ekologiýa taglymlaryny wagyz etmek üçin kuwwatly gurallaryň birine öwrüldi.

Wagtlaýyn sergi açyldy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Daşky gurşawyň arassalygy — abadan ýaşaýşyň girewi» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgärleri, şäherimizdäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba-şäherlerimiziň bagy-bossanlyga öwrülýändigini buýsançly nygtadylar. Daşky gurşawyň arassalygynyň abadan ýaşaýşyň girewidigi hem çykyşlarda nygtaldy. Muzeýde açylan wagtlaýyn sergide türkmen tebigatynyň gözelliklerini şöhlelendirýän tapyndylar, fotosuratlar, resminamalar ýerleşdirildi. Bular sergini synlamaga gelýänlerde uly täsirleri galdyrýar.

Sagdyn daşky gurşaw — röwşen ertirleriň girewi

Ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni baglydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär.

Energiýanyň zyýansyz çeşmesi

Türkmenistan ýurdumyz adaty däl gün we ýel energiýa çeşmelerine baýdyr. Türkmenistanda gün we ýel energiýasyny ulanmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Özbaşdak gün we ýel toplumlary senagat merkezlerinden uzakda ýerleşýän ilatly nokatlaryň gündelik durmuş we önümçilik hajatlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasynyň çyzgysynda döwlet syýasatynyň esasy maksadyna laýyk gelýän energiýa üpjünçiliginiň şular ýaly beketleriniň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesine laýyklykda, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga, parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklara  gönükdirilen asylly maksatlar halkara derejesinde uly abraýa eýe bolýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlary ählumumy derejede giň goldawa eýe bolýar. Olaryň  durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça birnäçe Konwensiýalaryna goşulyp, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, ozon gatlagyny goramak, biodürlüligi gorap saklamak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, tokaý baýlyklaryny dolandyrmak we tokaý hojalygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny, Türkmenistanyň Suw we Tokaý kodeksleri, «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsini goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we daşky g

Seýle gelseň bu daglara

Alysdan seredeniňde seleňläp görünýän, dilkaw-dilkaw kert gaýaly, başy belent Balkan daglaryna seýle barsaň, diňe bir ajaýyp dag howasy bilen däl, eýsem, özboluşly gözellikleri — şildiräp akýan dury suwly çeşmeleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilenem özüne bendi edýär. Depesine tylla Günüň şuglasy çaýylyp duran bu daglaryň, hakykatdan hem, özboluşly tebigaty, haýwanat we ösümlikler dünýäsi bar. Bu daglarda mesgen tutan janly-jandarlar, kök uran ösümlikler dogduk Diýarymyzyň bezegidir, biziň guwanjymyz hem milli baýlygymyzdyr. Balkan daglarynda gurak howa şertlerine çydamly damarlak ösümlikleriň 400-den gowragynyň ösýändigini, haýwanat dünýäsinde dürli jandarlaryň 200-den gowrak görnüşiniň gabat gelýändigini hünärmenler nygtaýarlar. Barmasy kyn dag gaýalarynda bürgüt, sakgally garaguş, gajar, laçyn, bedeneçi garaguş, garçgaý ýaly ýyrtyjy guşlar höwürtge tutunýarlar. Käkilikleriň, akganat we tokaý torgaýynyň, garadamak owazçysynyň, çürlentginiň, gyzylbaş çirrigiň, arça paltatumşugynyň kiçiräk sürülerine gabat gelmek bolýar. Balkan dagynda umgalar, aýraklar, keýikler we beýleki jandarlar üçin ot-iým gory ýeterlikdir. Daglaryň kert gaýalarynda ýerleşen gowaklar ýabany haýwanlaryň gaçybatalga mesgenidir.

Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin agaç nahallarynyň ekilip, tebigatymyzyň has-da gözelleşmegi, daş-töweregimiziň bagy-bossanlyga öwrülmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzda saýaly we pürli agaçlaryň, gülleriň dürli görnüşleri ýerli şertlere uýgunlaşdyrylýar.

Daşky gurşawyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ata Watanymyzyň ykdysady-syýasy, medeni durmuşy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu günki gün täze taryhy eýýamda taryhyň gatyna ebedilik ýazyljak ägirt uly işler, döwrebap özgertmeler, giň gerimli tutumlar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüşi gazanmak boýunça ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, daşky gurşawy, biodürlüligi goramak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, ýaşyl ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Tebigata söýgi — pederleriň ýörelgesi

Türkmen halky hemişe tebigat bilen ysnyşykda ýaşapdyr. Şonuň üçin hem parasatly pederlerimiz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini «Ýagşydan bag galar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag eken baky ýalkanar», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar» ýaly nakyllaryň, durmuş ýörelgeleriniň üsti bilen nesilleriň aňyna siňdirip gelipdir. Rowaýatlarda Nuh pygamberiň uçuran guşunyň öz çüňkünde bir daragtyň ýaprajygyny getirip, ýaşaýşa gaýtadan umyt berendigi aýdylýar. Onuň mysalynda hem ynsan bilen tebigatyň arasyndaky mizemez baglanyşyk ýüze çykýar.