HABARLAR

Ekologiýa diplomatiýasynyň üstünlikleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda parahatçylygy, agzybirligi pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatiýalar dabaralanýar. Ekologiýa diplomatiýasy şolaryň iň esasylarynyň biridir. Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty dürli ugurlar boýunça ösýär we kämilleşýär. Ýurdumyz ekologiýa diplomatiýasyna BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy ýagdaýlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berip, bu ugurda ylmyň gazananlaryna esaslanýan döwlet syýasatyny alyp barýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyny, çölleşmä garşy göreşmegi, tebigatyň täsin künjeklerini gorap saklamagy, deňiz gurşawyny we Hazar deňziniň biologiki köpdürlüligini goramagy hem-de birnäçe beýleki möhüm wezipeleri özünde jemleýär. 

Dünýädäki iň uly aýsberg hereket edip başlady

Takmynan, 4000 inedördül kilometr meýdany tutýan äpet buz bölegi hereket edip başlady. Bu hakda «Euronews» habar berdi. «A23a» ady bilen bilinýän dünýäniň iň äpet buz bölegi kontinentden 1986-njy ýylda aýryldy hem-de şu wagta çenli Weddel deňzinde hereketsiz ýatdy. Degişli hünärmenler aýsbergiň herekete geçmegini howanyň temperaturasynyň gyzmagy bilen düşündirýärler.

Tebigaty goramagyň meýletinçileri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmaga, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasatyny halk köpçüligine wagyz-nesihat etmek babatynda dürli jemgyýetçilik guramalary işjeň hereket edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýan birnäçe kanunçylyk namalary tebigaty goramak çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde, bu ugurda jemgyýetçilik birleşikleriniň işjeňligini güýçlendirmekde möhüm hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Ekologiýa abadançylygy

Ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly maslahat hem-de sergi guraldy. Maslahatda çykyş edenler muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada aýtdylar we ekologiýa ulgamy bilen bagly ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ýokary netijeliligini bellediler. Ekologik howpsuzlygy giňden wagyz etmek maksady bilen guralan bu sergide muzeý gaznasyndaky gymmatlyklardan ekologiýa ulgamyna degişli esbaplar we ösümlikler dünýäsiniň eserler toplumy görkezildi.

Umumadamzat ähmiýetli oňyn çözgütler

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biz daşky gurşawy goramak we ekologik meseleler bilen bagly milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzyň obalarynyň we şäherleriniň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny, gök guşaklary döredýäris» diýip nygtamak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda üns berilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde asmanymyzyň durulygy, howamyzyň arassalygy, gün-günden gözelleşýän oba-kentlerimiziň görkanalygy göwnümizi galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Şunuň bilen baglylykda daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Ekologiýa birleşikleri — tebigaty goramagyň meýletinçileri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramaga, tebigy baýlyklarynyň netijeli peýdalanmagynyň üpjün edilmegine, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramagyň dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriniň çözgüdine mynasyp goşant goşýar hem-de bu ugurda köp sanly dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Garaşsyz Watanymyzda daşky gurşawy goramak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işlerde bu babatdaky jemgyýetçilik birleşikleriniň aýratyn uly goşandy bar. Döwletimizde daşky gurşawy goramak meseleleri bilen ýörite meşgullanýan jemgyýetçilik birleşiklerinden we guramalaryndan Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetini we onuň welaýatlardaky bölümlerini, Türkmenistanyň Awçylar we balykçylar birleşmesini, Elguş awçylygynyň milli jemgyýetini, Aşgabat şäher balykçylyk jemgyýetini, Balçylar jemgyýetini we beýlekileri mysal getirip bolar. Bularyň ählisiniň özboluşly ugry we toplan tejribesi bolup, daşky gurşawy goramagyň we e

Innowasion çemeleşmeler

Eziz Watanymyzyň ykdysadyýetini köpugurly esasda ösdürmegiň wezipeleri milli maksatnamalarda giňden bellenilýär. Ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň ýurdumyz dürli tebigy baýlyklara: organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine, ýerasty tebigy suwlaryna baý ülkedir. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly materiallary döretmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak, himiýa senagatyny hem-de himiki tehnologiýalary ösdürmek şu günüň esasy talabydyr. Ýurdumyzda nebithimiýa pudagynyň kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, täze önümçilikleriň gurulmagy bu ulgamda iň soňky ylmy we tehniki gazanylanlary, öňdebaryjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy nazara alnyp amala aşyrylýar. Şol tehnologiýalar bolsa, çig malyň doly gaýtadan işlenilmegini hem-de ýangyç-çalgy serişdeleriniň köp görnüşleriniň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň hem-de hil babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän b

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty – tebigatyň goraglylygynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy, bioköpdürlüligi goramak hem-de artdyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda “Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň” rejelenen görnüşi, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasy we olary ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamalary kabul edildi. Ýurdumyzda tebigaty goramagyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, şol sanda halk hojalyk pudaklary tarapyndan ekologiýa howpsuzlygynyň we ekologiýa gözegçiliginiň ta-laplary, suwy aýawly we netijeli ulanmak, aýratyn goralýan tebigy ýerleri aýawly saklamak boýunça ekologiýa talaplary gyşarnyksyz ýerine ýetirilýär. Bu talaplaryň berjaý edilmegi adamlaryň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şertidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy we biologik köpdürlüligi goramak, tebigy gorlary aýawly ulanmak, innowasiýalaýyn “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurduň ykdysadyýetinde we durmuş ulgamynda durmuşa geçirilýän uly möçberli işler hem ekologiýa bilen jebis baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan daşky gurşawy goramak, tebigy

Bag ekmek - bagt

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, tebigatymyzyň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen taslamalardyr meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyndan we Milli tokaý maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi babatda amala aşyrylýan bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Däp bolup gelşi ýaly, ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek we olara ideg etmek her ýylyň ýaz, güýz paslynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 4-nji noýabrda ýurdumyzda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsüminiň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmelidigi barada nygtamagy Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýändiginden habar berýär. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşandyklary barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniý

Gujagy bossan ak şäher

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. 4-nji noýabrda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen güýzki bag ekmek dabarasy hem şeýle netijeli işleriň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol gün ata Watanymyzyň çäginde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy we paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýan möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Aşgabadyň gür baglyga beslenen täsin keşbini synlanyňda hem durmuşa geçirilýän beýik işlere buýsanjyň goşalanýar. Dowam edýän sergin howaly ajaýyp güýz paslynda tebigatyň paýtagtymyzyň nurana keşbine eçilýän täsinlikleri her bir adamyň kalbyny joşgunly duýgulara besleýär, ruhuny göterýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty geljegi ugrunda alyp barýan belent maksatlaryndan ruhlanýan mähriban halkymyz eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyg