HABARLAR

Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda kabul edilen «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary Watanymyzda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanmagy, köpeldilmegi, tebigat gymmatlyklarynyň rejeli peýdalanylmagy, ekologiýa ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny kesgitlemekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Tomsuň jöwzaly yssy günlerinde tebigaty ýangyndan goramak aýratyn ähmiýet berilmeli meseleleriň biridir. Tebigatymyzyň gözel ýerlerine gezelenç edilende, ýangyn howpsuzlygy bilen bagly sähelçe säwliklere ýol berilmegi öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirip bilýär. Şol sebäpden tokaý zolaklarynda, çöllerde we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilmelidir.

Salkyn saýaly çynar

Tomsuň jöwzaly günlerinde yssydan goranmak — saglyk üçin wajyp zatlaryň biri. Şeýle ýagdaýlarda biziň gözlegimiz bir-ä içer ýaly suw, onsoňam salkyn saýalyja ýer bolýar. Onsoň ýylyň beýleki pasyllarynda känbir üns bermesegem, tomsuna salkyn saýaly agaçlar gözümize has owadan bolup görünýär. Agajyň saýasy köp boldugyça, tomsuna ol has-da arzyly, göze ýakymlydyr. Salkyn saýalylygy, göwrümi, uzak ýaşaýanlygy taýdan beýleki agaçlardan saýlanýan agaçlaryň biri-de çynardyr. Ol ähli yklymlarda diýen ýaly duş gelýär. Ýewropada oňa Italiýada, Gresiýada, Balkan ýarymadasy ýurtlarynda, Ortaýer deňziniň töwereginde — Krit we Kipr adalarynda, Siriýada, Liwanda, Iordaniýada, Kiçi Aziýa jülgelerinde, Azerbaýjanyň tokaýlyklarynda, Awstraliýada, Demirgazyk Amerikada duş gelmek bolýar. Çynar agajynyň ýer ýüzünde «Gündogar çynary», «Günbatar çynary», Kerra, meksikan çynary we Reýta ýaly görnüşleri bar.

Tebigaty goramagyň hukuk esaslary

Tebigatyň jana ýakymly howasy, derdiňe müň bir derman bolan şypaly we hoşboý ysly ösümlikleri, göwnüňi göterýän beýik daglary, kalbyňy heýjana salýan dury suwly çeşmeleri, egsilmez baýlyk eçilýän ymgyr giň sährasy bahasyna ýetip bolmajak baýlyklardyr. Bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan ýurdumyzyň täsin tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, dagyny, düzüni, sährasyny, deňiz-derýalaryny, ýerüsti, ýerasty baýlyklaryny gorap saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr» diýlip berkidilýär.

Tebigaty ýangyndan goralyň!

Dynç günlerinde ýada zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgala agzalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaýseýilgäh zolaklarynda dynç alýarlar. Ol ýerlerde nahar bişirmek üçin ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Egerde çykgynsyz ýagdaý emele gelende, ot ýakmak üçin, çägeli ýada akar suwuň golaýynda ýerleşýän daşly ýerden peýdalanmaly. Ot ýakylmazdan öň, ot ýakyljak ýeriň 15 metr daştöweregi guran otçöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ody ýarym metr çuňlukda ýada daşly ýer bolanda, töweregine daşlary örüp ýakmalydyr. Otdan peýdalanyp bolandan soň, ot suw ýada gum, çäge sepilip, doly söndürilmelidir. Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde doly söndürilmedik otluçöp galyndysyny ýere taşlamak howpludyr. Şeýlede dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmaň, sebäbi şol aýna gaplaryň Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen, ýangynyň döremegine sebäp bolmagy mümkin.

Turaç

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty barha dabaralanýar. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Adam daşky gurşaw bilen sazlaşykda ýaşaýar, onuň gözel ýerlerinden ylham alýar. Ýurdumyzda şeýle ýerleriň biri-de haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan Günorta-Günbatar Köpetdagdyr.

Yssy günlerde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ähli ýerlerde otag sowadyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Şoňa görä-de, olarda ýangyn döremek howpuny aradan aýyrmak üçin, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaly we ulanmaly. Elektrik akymynyň bir nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly, oňa birbada birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmeli däldir. Elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary goýmak olaryň goraýjylyk ukybyny peseldýär. Öýden, iş ýerleriňizden çykyp gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda, jaýlary gözden geçirip, elektrik enjamlarynyň öçürilendigini barlaň! Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmek bolup biläýjek nogsanlyklaryň öňüni alar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +27... +32 gradus maýyl bolar.

Dagdan agajy

Türkmenistanyň tebigaty dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususan-da senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda giňden peýdalanylýar. Şol ösümlikleriň biri hem dagdanlar maşgalasyna degişli bolan dagdan agajydyr. Dagdan agajy adyndan belli bolşy ýaly, dag şertleri üçin häsiýetli bolan agaçdyr. Bu agaç daglaryň gaýalarynda, jülgelerde, hek daşlarynyň üstünde, esasan, daglaryň aşaky guşaklygynda ösýär. Onuň ýurdumyzda 26 görnüşi bardyr. Ol relikt, ýagny gadymy we seýrek duş gelýän agaçdyr. Dagdan agajynyň boýy 4-7 m (seýrek ýagdaýda 12 m çenli) ýetýär, onuň ýylmanak çal gabygy bar, ýaş şahalary goňur ýa-da gyzgylt-goňur reňkde bolýar. Ol mart-maý aýlary aralygynda gülleýär, miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Güýz aýlarynda onuň ýapraklary gyzyl reňke öwrülýär. Bu agaç örän haýal ösýär, ýagtylygy we guraklygy halaýar. Ekileninden 10 — 20 ýyldan soň miweläp başlaýar. Onuň ömri 500 ýyla çenli ýetýär. Dagdan agajy tohumyndan we şitilinden köpelýär. Yssy wagtlar ýapraklar ýygrylmaga ukyply bolýar.

Maý baly — melhem

Tebigat — bahasyz baýlyk

Ajaýyp tebigatymyzy aýamak, ony ýangyn howpundan goramak ählimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Gözel tebigatymyzda ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen, ministrliklerdir pudak edaralaryna degişli tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangyn howply möwsüm başlanmazdan öň, ýangyna garşy ähli möhüm çäreleri ýerine ýetirmek zerurdyr. Golaýda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem-de sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bu barada degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz tomsuň gelmegi bilen howanyň gyzýandygyny, onuň adam saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny belledi. Howanyň gyzmagy we meýdan otlarynyň guramagy sebäpli, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmegi, obalarda, ekin meýdanlarynda, köpçülik ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Tokaý zolaklarynda işledilýän tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriji enjamlar bolan keçe, pil, palta, çäge we beýlekiler bilen üpjün edilip, başga maksatlar üçin ulanylmazdan, abat ýagdaýda saklanmalydyr. Tokaý zolaklarynda aýna, çü