HABARLAR

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +20°, gündizine +31... +33° maýyl bolar. Howanyň   basyşy 732 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 18-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +31... +33° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Bulutlaryň arasyndaky tokaý

Ýer ýüzüniň suwasty tebigatynyň başgaça bolşy ýaly, gury ýerde-de bir-birinden düýbünden tapawutly ýerler bar. Käbir ýere 20-30 ýyldan bir gezek ygal düşýän bolsa, käýerde günde-günaşa ýagyş ýagýar. Köp ýerde aňyrsyna-bärsine gözüň ýetmeýän tokaýlyk bar bolsa, hiç hili ösümlikleriň bitmeýän ýerlerem gabat gelýär. Täsin tebigaty bilen özüne çekýän ýerleriň biri hem bulut tokaýlary hasaplanýar. Bu tokaýlyklar has köp ýagyş ýagýan beýik dag gerişlerinde gabat gelýär. Haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan bu tokaýlara, esasan, ekwatora ýakyn ýerde hem-de günorta ýarym şarda gabat gelinýär. Merkezi we Günorta Amerikadaky, Afrikadaky, Günorta-Gündogar Aziýadaky hem-de Awstraliýadaky beýik dag depelerinde 600-den gowrak bulut tokaýlary bar. Olaryň 260-dan gowragy ýörite goralýan ýerleriň çäginde ýerleşýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 17-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Baglar tebigatyň bezegidir

Türkmen tebigaty özüniň gözelligi, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Baglar biziň tebigatymyzyň bezegi bolup, birnäçe peýdaly taraplary bilen häsiýetlidir. Agaçlar biziň köçelerimiziň, seýilgählerimiziň bezegi, şeýle-de şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Baglar diňe bir bezeg häsiýeti bilen tapawutlanman, olar ekologik, oňaýly daşky gurşawy emele getirmekde hem ähmiýetlidir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 16-njy sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8-10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19...+21° maýyl, gündizine +36...+38° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm. Çyglylygy 5-25 %.

Arassa howa — ömrüňe dowam

Tebigatyň perzendi bolan ynsana iň gerekli zatlaryň biri-de — howadyr. Has dogrusy, tämiz howadyr. «Howa» diýmek — «nepes» diýmek, «dem» diýmek. Halkymyzda «nepesiňi durlamak», «demiňi dürsemek» diýen ýaly düşünjeler hem adamyň ruhy we beden sagdynlygy bilen berk baglydyr. Tebigat düzülgi duran dutar mysaly. Onuň mylaýym äheňde owaz edip durmagy-da belli bir derejede adama bagly. Ynsan bilen tebigatyň gatnaşygynyň üzülen ýa-da gowşan halatynda bizi gurşap alýan ähli zatlara zeper ýetýär. Hut şonuň üçinem, adama näzik hem özdiýenli tebigata bolan gatnaşykda iňňän seresap bolmak hökmany. Çünki ol özüniň ýekeje hereketi bilen tebigatyň onlarça, hatda ondan hem köpýyllyk gözelligine täsir edip bilýär.

Çarwa durmuşy

Çopanlaryň iş tejribesi Giň sähra, goýun-geçilere örküni baglan çopan-çolugyň syrly iş tejribesi bar. Iş saparynda çopan toparlarynyň arasynda bolanymyzda, olaryň gürrüňlerini diňläp, iş tejribelerini synlanymyzda, çopançylyk barada bir kitaby okan ýaly bolduk.

Tebigat gözelligi — Watan gözelligi

«Gyzyl kitabyň» ähmiýeti Mähriban Watanymyz Türkmenistan 1991-nji ýylyň güýzünde asyrlarboýy arzuw edip gelen Garaşsyzlygyna eýe boldy. 30 ýyl taryh üçin köp bolmasa-da, asyrlara barabar ösüşlere eýe bolundy.