HABARLAR

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 24-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 23-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Goramak, köpeltmek borjumyz

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meseleleri ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi biziň her birimizi ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak babatda öňde goýlan anyk wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklige borçlandyrýar. Taryhdan belli bolşy ýaly, biziň parasatly pederlerimiz tebigatymyzyň gözelligine, sahawatly topragymyzyň rysgal-berekedine sarpa goýmagy, ony aýawly saklamagy hem-de artdyrmagy başarypdyrlar. Bu ajaýyp däp-dessurlary dowam etdirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr. Soňky ýyllarda tebigaty goramak, suw, ýer we geologiki serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini «gök zolaklar» büreýär. Munuň özi howanyň amatly bolmagyna, ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýellerden goralmagyna mümkinçilik berýär.

Bezeg joýalary

Häzirki günde daş-töweregi abadanlaşdyrmakda we onda gözel keşbi emele getirmekde döredilýän gülhanalaryň döwrebap görnüşleriniň biri-de rabatkalardyr. Rabatka — bu mellek ýerleriniň, bag ýodalarynyň, haýatlaryň gyrasynda döredilýän inçe zolak görnüşli gönüburçly gülhanadyr. Rabatka adatça parallel edilip ekilen bir ýa-da birnäçe görnüşli gülli ösümliklerden döredilýär. Rabatka sözi «rabatte» diýlen nemes sözünden gelip çykyp, ol türkmençede «joýa», «hatar» diýmekligi aňladýar. Rabatka gül ösümliklerinden döredilen berk geometriki şekili talap edýär. Ol köplenç deň beýiklikdäki gülli ösümliklerden döredilýär, ýöne käbir halatlarda kadadan çykma ýagdaýlara-da ýol berilýär. Rabatkada esasy tapawut aýratynlyk berlen şekiliň kesgitli yzygiderlikde gaýtalanmagynda jemlenýär. Rabatka döredilende giňligi 50 santimetrden 2 metr aralygynda bolmalydyr, onuň uzynlygyna çäk goýulmaýar, rabatkanyň iň kiçi uzynlygy onuň giňliginden üç esse uzyn bolmalydyr.

Ýaşaýşyň ýaraşygy

Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasy ýurduň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmagyň möhüm ugry bolup, ol tokaý giňişlikleriniň goragyna, agaçlary we gyrymsy agaçlary çapmagyň öňüni almaga gönükdirilendir. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda tutuş ýurt boýunça saýaly hem-de miweli bag nahallary ekilýär. Dag, kenarýaka we sähra tokaýlyklarynda türkmen arçasy, eldar senuberi, igde, gyzyl gandym, Ýewfrat deregi köpçülikleýin ekilýär. Şolardan biziň goraghanamyzyň çäklerinde duş gelýän Ýewfrat deregi söwütler maşgalasyna degişlidir. Ol insiz piramida görnüşli uly agaç bolup, beýikligi 9,5-10 metre ýetýär. Mart-maý aýlarynda gülleýär. Ösüntgi baldagyndan gowy ösýär we 100 ýyla golaý ýaşaýar. Meýdan gorag zolaklaryny döretmekde, derýa kenarlaryny berkitmekde we ýerasty suwlaryň golaýynda fitomelioratiw çäreleri geçirmekde bu agajyň uly ähmiýeti bar.

Zemzen

Her bir ýurduň haýwanat dünýäsi onuň baýlygy we milli guwanjy hasaplanylýar. Biziň güneşli ülkämiz haýwanat dünýäsi boýunça Ýer ýüzünde iň baý döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzda goraghanalaryň 9-sy bolup, şonuň 3-si biziň welaýatymyzda ýerleşýär. Olar barada biziň muzeýimizde giňişleýin maglumatlar bar. Muzeýimiziň tebigat zalynda Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň uly diorammasynda süýrenijiler barada dürli maglumatlar berilýär. Şolardan zemzenler çägeli we toýunly çöllerde, kenar ýakasyndaky kertlerde, ýylgynly tokaýlarda, harabalarda, suwarylýan ýerleriň gyralarynda ýaşaýarlar. Zemzen owadan sypatly we diýseň haýbatly süýrenijidir. Ol hažžyklaryň arasynda iň ulusydyr. Bedeniniň uzynlygy guýrugy bilen bilelikde 1-1,5 metr, agramy bolsa 3-5 kilograma çenli bolup, deri örtüginde türkmen sährasynyň reňk toplumy jemlenendir. Onuň bu reňki süýrenijini ýer örtügine çalymdaş edýär we ýyrtyjylaryň gözünden gizleýär. Kelteden daýaw aýaklary, penjelerinde uzyn barmaklarydyr dyrnaklary bar. Zemzen çäge-çöllükde gowy ylgaýar, guran ýa-da alagury çöl gyrymsylaryna aňsatlyk bilen dyrmaşýar, ýalpak suwda çalasyn ýüzüp bilýär. Zemzen ýerde göwresini süýräp ýöreýär. Şonda onuň aýak yzlary, garnynyň we guýrugynyň aşagyndaky düwürtikleriň şek

Göýül

Tebigatyň bezegi bolan ösümlik dünýäsi endemik, seýrek we gadymy görnüşli bolup, dermanlyk, iýmitlik, bezeg, boýag häsiýetli ösümlikler biziň daş-töweregimizi gurşap alýar. Gadymy döwürlerden bäri adamlar daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata, suwa, topraga uly sarpa goýup, bagy-bossanlygy keramatly hasaplapdyrlar. Diýarymyzda ösýän dürli ösümlikler öz düzüminde adam bedenine peýdaly biologik işjeň maddalary saklaýar. Ýurdumyzda has ähmiýetli ýabany ösýän dermanlyk ösümlikleriň biri tikenli göýüldir.

Bilelikdäki netijeli işler

Umumy öýümiz bolan tebigatyň abadan bolmagyny gazanmak, ony goramak köpleriň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Ýurdumyzda bu möhüm mesele gün tertibinden düşürilmeýär. Şeýle il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işe Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Olaryň Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda goraghananyň işgärleriniň we beýleki gyzyklanýan edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçiren çäresi tebigaty goramak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly wajyp meselelere bagyşlandy. Çäräniň dowamynda tebigaty ýangyn howpundan goramak üçin berjaý edilmeli kadalar hakynda giňişleýin durlup geçildi. Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany Rahmet Hajyýewiň, jemgyýetiň hünärmeni Sähra Saýdaliýewanyň we beýlekileriň çykyşlary has täsirli boldy. Bulardan başga-da, öri meýdanlaryny ýangyndan goramak maksady bilen geçirilmeli gaýragoýulmasyz çäreleriň iş ýüzünde görkezilmegi çäräniň ähmiýetini has artdyrdy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19...+21°, gündizine +34...+36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 729 mm.  Çyglylygy 5-25 %.

Mizanda ekseň ekini...

Ata-babalarymyzyň parasatly paýhasa eýlenen söz düzümleriniň her biri özünde örän giň manyny jemleýär. «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni, hazanda ekseň ekini, alarsyň belaň okuny» diýen jümlede-de her bir ekiniň öz wagtynda ekilmelidigini ýatladýan pähim bar. Hakykatdan-da, türkmenleriň milli senenamasyna görä, ýaldyrakdan soň gelýän mizan döwri güýzlük bugdaýy ekmegiň iň bir amatly wagty hasaplanýar. Sebäbi mizanda ekilen bugdaý gyşa çenli ýere gowy kök urup, eýýäm gyş iýmitlener ýaly ýokumlary, peýdaly elementleri toplaýar. Şonuň üçin gyş nähili gazaply gelende hem ol özüni gorap bilýär. Ine, şeýle kämil we takyk düzülen ýyldyz senenamasy ähli işde, oba hojalygynda we maldarçylykda esasy ýol-ýörelgedir. Mizan ýyldyzlar topary Üçýyldyza meňzeş bolýar. Ýöne olar dogýan we ýaşýan wagtlary boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Ata-babalarymyzyň «Mizan» diýip atlandyrýan ýyldyzlar topary Ýaldyragyň aşagynda mese-mälim saýlanyp duran dört sany has ýagty ýyldyzdyr. Aşakdaky iki ýyldyz türkmenleriň gadymy el terezisiniň iki okarasyna, ýokarsyndaky iki ýyldyz bolsa tereziniň çeküw agajyna we tutawajyna meňzeýär. «Mizan» sözi arap dilinde terezi diýmegi aňladýar. Gün Mizan ýyldyzlar toparynyň içine aralaşanda, gije bilen gündiz