Gadymy çeşmeler öz hanasyna dolanda...
Taryh — halkyň geçmişi. Adamzat hemişe asyrlary aşyp gelýän taryhyny içgin öwrenýär, ondan alan tejribesini döwrebap baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda adam gymmatlygy, onuň döreden maddy we ruhy gymmatlygy barada söhbet açylýar. «Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi» diýip belleýän milli Liderimiz «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly» diýlip atlandyrylan bölümde Oguz han zamanyndan bäri dowam edip gelýän agzybirlik, dostluk, parahatçylyk söýüjilik ýaly ynsanperwer häsiýetleriň halkymyzyň taryhy ykbalynda eýelän orny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen güneşli ülkämizde adamyň jepakeşligi, yhlas-aladasy netijesinde dörän obalar, gülläp ösen kuwwatly şäherler, gurlan desgalar, mähriban Watanymyzyň taryhynyň beýik eýýamyna gadam basylan döwürde ýurdy gülledip ösdürmek boýunça nazarda tutulýan maksatlaryň myrat tapmagy üçin geçmişiň tejribesini geljege niýetläp aýap saklamakda we ýetirmekde döwletiň öňünde durýan wezipeler hakda töwerekleýin gürrüň edýär. Kitabyň «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» bölüminde adamyň tebigat b