HABARLAR

Saglyk we arassa howa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň: “Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Adam eli bilen döredilen bu bagy-bossanlyk halkymyzyň zähmetiniň miwesidir” diýen ajaýyp jümlesi biziň her birimizi ruhlandyryp, mundan beýläk hem bagy-bossanlygy ösdürip, howamyzyň arassalygyny gazanmak wezipesini mukaddes borjumyza öwürýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” kitabyndaky “Bagym bar, barym bar”, “Adam eli — gyzyl gül”, “Bagly-barly” diýen aýtgylar bagyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda eýeleýän ornuny aýdyň görkezýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmek, tokaý maksatnamasy esasynda bag ekmek ýaly asylly ýörelge dowam etdirilýär.

«Akrap geler sygyryp...»

Ýylyň dört paslyny öz häsiýetleri boýunça birnäçe böleklere bölen eždatlarymyz olardan ýerlikli peýdalanmagy-da başarypdyrlar. Olaryň biri-de akrap döwrüdir. Ata-babalarymyzyň ulanan milli senenamasy boýunça akrap döwri 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýär. Mizan döwrüniň ugradylyp, akrabyň garşy alynýan döwründe howada birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Mundan sähelçe wagt ozal hem «Ýaz gaýtadan gelip, goşa ýaz bolaýjakmyka?» diýdiren howa birden sowap ugraýar. Guşlar topbak-topbak bolup, demirgazykdan gündogara tarap uçup başlaýarlar. Ine, şeýdip hem olar adamlara sowuk günleriň ýetip gelýändigini ilkinji bolup duýdurýarlar. «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýen aýtgy hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Hakykatdan-da, akrap gelen gününden başlap, howanyň ýagdaýy üýtgeýär. Howa gijelerine biçak sowap, käte oba hojalyk ekinlerini sowuk urýan wagtlary-da bolýar. Şonuň üçinem, «Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýipdirler. Mizan gelenden soňra öwsen ýeli diňe agaçlaryň sary ýapraklaryny şahasyndan düşürýän bolsa, akrap gelenden soň, gijelerine suwuň doňmagy bilen, köp ösümlikleri sowuk urýar. Kemine şahyryň: «Akrap ýeli geçer bu ýektaý dondan» diýşi ýaly, iniňi tikenekledýän sowuk şem

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 22-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Ýa­ba­ny te­bi­ga­tyň iň go­wy su­rat­la­ry saý­lan­dy

Lon­do­nyň Te­bi­gat ylym­la­ry mu­ze­ýi ýa­ba­ny te­bi­ga­ty su­ra­ta dü­şür­mek bo­ýun­ça her ýyl ge­çi­ril­ýän iň uly bäs­le­şik bo­lan «Ýy­lyň ýa­ba­ny te­bi­gat su­rat­çy­sy» bäs­le­şi­gi­niň ne­ti­je­le­ri­ni mä­lim et­di. 2021-nji ýy­lyň iň go­wy su­rat­çy­sy fran­si­ýa­ly Lo­ran Bal­les­ta bol­dy. Ol fran­suz po­li­ne­zi­ýa­syn­da ýa­şa­ýan «Epi­nep­he­lus po­li­fe­ka­di­on» ba­ly­gy­nyň kö­pel­ýän pur­sa­tyn­da­ky emele gelen du­man­ly­gy su­ra­ta dü­şür­me­giň höt­de­sin­den gel­di. Su­ra­ta al­mak üçin su­rat­çy 20 metr çuň­luk­da yz­ly-yzy­na 24 sa­gat su­wuň aşa­gyn­da gal­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän öz usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­li bol­dy. Ba­lyk ýu­murt­ga­la­ry­nyň du­man­ly­gy so­rag bel­gi­si­ne ça­lym ed­ýär. Su­rat­çy­nyň pi­ki­ri­çe, mu­nuň ma­ny­sy ola­ryň gel­je­gi ba­ra­da­ky so­wal bo­lup, adat­ça, ola­ryň di­ňe mil­li­on­dan bi­ri di­ri gal­ýar.

Ösüm­lik­ler nä­dip he­re­ket ed­ýär?

Haý­wan­lar ýa­ly aýak­la­ry, bo­gun­la­ry, nerw ul­ga­my ýok hem bol­sa, ösüm­lik­ler hem he­re­ket ed­ýär. Kä­bir ýa­ba­ny ösüm­lik­ler kö­pel­mek üçin to­hum­la­ry­ny uzak ara­ly­ga atyp goý­ber­ýär­ler. Top­ra­ga dü­şen to­hum te­bi­gy şert­ler eme­le ge­len ha­la­tyn­da gö­ger­ýär. Kä­bir köp­ýyl­lyk ösüm­lik­le­riň to­hu­my ýe­liň ug­ru­na uçup gid­ýän üb­tü­gin­de ýer­leş­ýär. Bu to­hum­lar hem baş­ga bir ýer­de düýp tut­ýar. Ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry­ny ýaý­rat­mak ýa-da mör-mö­jek­le­ri «aw­lap iý­mek» he­re­ke­ti mun­dan ozal bio­log­lar ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­ýär­di. In­di bol­sa, te­bi­gat­dan yl­ham al­ýan in­že­ner­ler ro­bot­la­ry ýa­sa­mak üçin ösüm­lik­le­ri öw­ren­ýär­ler.He­re­ket et­me­gi bi­len ün­si özü­ne çek­ýän ösüm­lik­le­riň bi­ri hem pa­po­rot­nik­ler­dir. Gül aç­ma­ýan bu ösüm­lik­le­riň to­hu­my se­kunt­da 10 metr­den hem ýo­ka­ry tiz­lik bi­len atyl­ýar. Şeý­le­lik­de, top­ra­ga dü­şen to­hum amat­ly şert­ler eme­le ge­len­de gö­ge­rip çyk­ýar. Bu otuň çi­gi­di to­ga­lak şe­kil­li go­za­nyň için­de ýer­leş­ýär. Bu go­za­nyň bir ta­ra­pyn­da ýa­rym aý­law ş

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 21-nji oktýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine we irden ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Tylla güýzüň sahawaty

Güýz paslynyň häzirki günlerinde altynsow ýapynja atynan baglar, gyralaryna zer çaýylan köçeler biygtyýar ünsüňi egleýär. Bagy-bossanlyklar adamyň ruhuny belende göterýär, ýadawlygyny aýyrýar, bedenine rahatlyk berýär. Goýry kölegeli baglar, sary öýmeli daragtlar her pasylda tebigatyň gözelligine gözellik goşup, howanyň tämizligine öz täsirini ýetirýändir welin, ýöne olaryň keşbi güýzde has-da göze gelüwli bolýar. Göwnüme bolmasa, ýazda — çagalyk, tomusda — juwanlyk, gyşda — gojalyk döwrüni başdan geçirýän tebigat güýzde kämillige ýetýär, agras keşbe girýär. Güýz — rysgal-berekedini sahylyk bilen eçilen baglaryň hasylynyň ýygnalýan döwri. Şeýle-de güýz — baglaryň geljekki hasylynyň aladasynyň edilýän, ideginiň ýetirilýän döwri. Hut şonuň üçinem kärendeçi daýhanlar, maldarlar ýaly bagbanlaryň hem altyn güýzde işi başyndan agdyk bolýar.

Gözellikleriň goragynda

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigatyň bu gözelliklerini goramak boýunça ýörite goraghanalaryň 8-si bar. Şolaryň biri-de Köýtendag döwlet goraghanasydyr. Ol döwletimiziň gündogarynda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň, Magdanly pes daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň, ekologiki ulgamlary dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitaba girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglydyr. Köýtendag goraghanasynyň meýdany 27 müň 139 gektara deňdir. Goraghananyň relýefi daglyk bolup, ýurdumyzyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba belentligi şu ýerde ýerleşýär, onuň beýikligi 3137,7 metre barabardyr. Köýtendag goraghanasy haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Bu ýerde süýdemdirijeleriň 40-a golaý görnüşi, guşlaryň 100-den gowrak, süýrenjileriň 25, oňurgalylaryň we oňurgasyzlaryň onlarça, şol

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine we irden ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gijesine we irden ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm. Çyglylygy 60 — 80 %.