HABARLAR

Asylly ýörelgelere eýerip...

Ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly badalga bermek däbe öwrüldi. Bu möwsümlerde ýurdumyz boýunça köp mukdarda miweli, saýaly agaç nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär. Netijede bolsa, täze-täze tokaý zolaklary, seýilgähler emele gelýär. Sähra ýerlerinde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda dürli agaçlaryň emeli tokaý zolaklary döredilýär. Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklary howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle hem adamlara ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ter miweler bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. «Ýaşlygynda nahal ekmedik garranynda kölegede oturmaz» diýen ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine eýerip, hormatly Prezidentimiz kisloroda baý howany emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, olary gorap saklamak, ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek hem-de bu babatda ylmy-barlag işlerini alyp barmak we beýleki çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli

Arkadagyň ylmy genji-hazynasy

ýa-da «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň XIII jildi hakynda Häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň ösüşine, ynsanyň uzak ömrüne, sagdyn ýaşaýşyna ylmy esas boljak, dünýä tejribesinde ilkinji gezek milli äheňde ylmy lukmançylyk sungatyna düýpli çemeleşilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň 13-nji jildini hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban türkmen halkyna peşgeş berdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 3-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Çyglylygy 55 — 75%.

Tebigatyň gözelligi

Milli medeniýetimiziň genji-hazynasy bolan milli folklor eserlerimizde mukaddes toprak, ýer bilen baglanyşykly dürdäneler köpdür. Tebigat biri-biri bilen özara baglanyşykly bolan zatlaryň, janly-jandarlaryň, gapma-garşylyklaryň, hadysalaryň, wakalaryň iňňän çylşyrymly toplumydyr. Adamzat şol çylşyrymly dünýäniň bir bölegi bolandygy sebäpli, ol tebigatsyz asla oňup bilmeýär, ýöne tebigat hem adam zähmeti bilen has gözel görnüşe gelýär. Adamzat pikirlenip, döredip, öndürip, özgerdip, yz galdyryp bilmäge ukyply. Ynsan, ilki bilen, tebigata seredip, ondaky gözelliklere begenýär. Adam ogly gözelligiň goýnunda kemala gelip, şol gözellik bilen hem ýaşaýar. Ynsan öz neslinde, ilkinji nobatda, tebigata bolan söýgini döretmeli. Tebigaty aýawly saklamagy, ondan ýerlikli peýdalanmagy öwretmeli. Ine, hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ata-babalarymyzdan galan beýik ýörelgä esaslanylyp, häzirki wagtda bedew batly depginler bilen ösýän, özgerýän Diýarymyzda ýaş nesillerimizi zähmete, tebigata, arassa ekologiýa bolan söýgi bilen terbiýelemek baş maksatlaryň biri bolup durýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi diňe bir öz ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem-de, bütin dünýäde hem umumadamzat derejesindäki beýik tutumlar hökmünde ykrar edilýär. Bu gün Türkmenistan ata Watanym

Amyderýada — güýz gözelligi

Siz güýz günlerinde Jeýhunyň ýakasyndaky jeňňelliklerde bolup gördüňizmi? Olaryň goýnuna bir siňseň, kalbyň müň bir duýga gaplanar. Baglaryň tylla teňňelerini döküşi, tomusky howruny azaldan Günüň olaryň depesinden jyklaýşy, häli-şindi görnüp gidýän dürli haýwanlar... Ine, tebigatyň täsin sazlaşygy! Gaýtalanmajak bu gözelligi diňe Jeýhunyň ýakasyndaky Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda synlap bolýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 2-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Rysgally çeşmäm, güýzüm!

Tebigatyň her pasylda özboluşly üýtgeşik ýakymy bar. Tyllaýy güýzde, şemal oýnan ýapraklaryň geň-enaýy towsuşy adam oglunyň ýüregini çuňňur hem pelsepewi oýlara iterýär. Gülleriň ysyna serhoş bolan seleň sähralar, mylaýym şemala beýhuş bolan açyk meýdanlar ýylda bir gezek rysgaly bilen dolup-daşyp gelýän «hasylly güýz» atly arzyly myhmanyna giňlik bilen gujak açýarlar. Men güýzüň ajaýyp günleriniň birinde dünýä inipdirin. Güýz paslynyň tebigy gözelligini synladygymça: «Güýz, sen tebigatyň ussat suratkeşi» diýesim gelýär. Sebäbi ýapraklaryň öz şahasyndan aýrylasy gelmeýän ýaly, assaja gaýmalaşyp gelşi göwnüme gozgalaň salýar. Baglaryň ýapraksyz galmagy ýalňyzlygyň, tukatlygyň nyşany däl ahyryn. Gaýta,bu täzelenişiň alamaty. Köňül duýgularymy edil güýzüň sypatyna siňen agraslyga ýugurmaga çalyşýaryn. Çünki gowşagrak söz diýesim, ýeňil duýgulara ýan beresim gelmeýär.

Tebigatda üýtgeşik bir gudrat bar

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bizi gurşap alan tebigat diňe bir ýaşaýyş gurşawy bolman, eýsem, dörediş gurşawydyr. Şonuň üçinem biz mähriban tebigatymyzy gözlerimiziň göreji ýaly goramaga borçludyrys. Ekologik ulgamlary gorap saklamak boýunça döwletimiziň ekologiýa syýasatynda hem hut şeýle maksatlara eýerilýär. Tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň gözel tebigatymyza bolan belent sarpasyndan we söýgüsinden gözbaş alýar. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olaryň üstüni ýetirmek ýaly watançylyk hereketi has ýokary derejä göterildi. Çogly güneşli, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan tebigatymyza bolan garaýyşlar has kämilleşdi. Tebigat biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň esasy çeşmesidir. Tebigatda üýtgeşik bir gudrat bar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işi türkmen tebigatynyň hut şu gudratyny bize takyk ýetirýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55 %.