HABARLAR

Akrap ýeli çalanda

Milli senenamamyzda 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýän akrap döwri barada ata-babalarymyz örän köp aýtgylary galdyrypdyrlar. Olaryň ählisinde-de bu döwürde howanyň çalt üýtgäp durýandygy barada aýdylýar. Akrap döwri başlanan badyna howa, bir görseň-ä, ýazyň güni ýaly maýyldyr, sähel salymdan görseňem, howanyň ýüzi gamaşyp, tozanly ýel göz açdyrman durandyr. Käte iniňi tikenekledýän sowuk şemaly-da bardyr. Bu ýagdaý «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýen aýtgyny ýadyňa salýar. Käbir ýyllarda akrapda howanyň birden sowap, garyň ýagýan wagtlary-da bolýar. Şonuň üçin bu döwürde daýhan-da, maldar-da hüşgärligi elden berenok. Ýygnap ýetişmedik gök we bakja ekinleriniň meýdandaky hasylyny çalt ýygnamagyň aladasy bilen bolýar. Ekinleriň käbiriniň hasylynyň üstüne pena bolsun diýlip, ot-çöp basylyp goýulýan wagtlary-da bolýar. Mysal üçin, kädini şeýdip goýaga-da, gijiräk ýolsaň, onuň tagamy örän süýjeýär. Muňa ata-babalarymyz «Akrabyň ýeli çalan» diýipdirler. Keminäniň: «Akrap ýeli geçer bu ýektaý dondan» diýip ýazyşy ýaly, akrabyň soňy gyşyň başlanýan döwrüne gabat gelensoň, aýazly günlere-de ýazyp gidiberýär. Şonuň üçin-de, «Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýlipdir. Şeýle diýmek

Güýzüň göwher şelpesi

Gezen — derýa

«Garrygala myhman barsaň, // Gujagyny geren daglar» — diýýän bagşynyň hoş owazy her sapar göwün guşumy al-asmana uçuryp goýberende, biygtyýar gözlerimi ýumup, Hasar dagyna, Soňudaga, Gerkez obasyna gaýybana syýahat ederdim. Emma bu sapar welin, hyýalymdaky şol keremli ýerlere baryp görmek miýesser etdi. Gadymy Gerkez obasynyň çetinden dagy etekläp gidýän Sumbar derýasy birgeňsi şildiräp, özüne maýyl ediji aýdym bolup, saz bolup, şygyr bolup döredijilik hyjuwy bilen akyp ýatyr. Onuň täsin owazyna diň salyp, ylhamyňa hyjuw berýän gudratyna uçradym. Men bu gözel mekana ýetmek üçin ak mermere beslenen Aşgabat hem Arkadag şäherleriniň üsti bilen ganat baglap uçup geldim. Ýolugra gadymy Nohur obasynyň täsinliklerini synlap, ir-iýmişlerinden dadyp, lezzet aldym. Ussat tebigatyň nepislik bilen döreden bu künjeginiň dag ýoly bilen göni Gerkez obasyna gelenimde, bu obanyň her daban ýeri maňa juda eziz göründi. Gele-gelmäne Sumbar derýasy bilen didarlaşmaga howlukdym. Onuň buz ýaly durnagöz suwundan goşawujymy dolduryp içmäge hyýallanan çagym edil golaýjagymdan bir ýerden:

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi — barlygyň gymmatly baýlyklary

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp genetik gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek, ylmy taýdan öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek şu günki günüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şunda Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça bellenen çärelerem ünsden düşmeli däldir. Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň umumy eýeleýän 49,12 million gektar meýdanynyň 38,5 million gektaryny Garagum tutýar. Ol Türkmenistanyň düzlük çäkleriniň köp bölegini eýelemek bilen, ir wagtlardaky derýa akymlarynyň çökündileriniň hasabyna dörän çäge-çöllüge degişlidir. Çöl meýdanlary täsin ekologik ulgam bolup, onuň biodürlüligi köp sanly ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini öz içine alýar.

Bötendagyň tokaýy

ýa-da sapardan soňky ýazgylar Öňräk redaksiýanyň tabşyrygy boýunça Sarygamyş kölüni etekläp oturan Bötendag obasyna döredijilik saparyna ugradym. Nalajyň gyryndan ötüp, günbatarlygyna tutduryp barýan ýol bilen gidip oturyşyma, «Köllük» diýilýän zeý suw akabasyny kesip geçenimizden ümürsin tokaýlyklar başlandy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5... +10 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14... +19 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Dereleri barly daglar

Magtymguly etrabynda ýerleşýän Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Goraghananyň çäklerinde ýerleşdirilen surat gapanlarynyň kömegi bilen seýrek duş gelýän ýyrtyjy haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerine, iýmitlenişine, köpelişine gözegçilik edilýär. Häzirki wagtda goraghananyň işgärleri tarapyndan ýabany haýwanlaryň gyş paslyndan abat çykyp bilmekleri üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýörite meýdanlardaky ammarlarda arpa saklanylýar. Şeýle hem ýazlyk otlaryň, ýorunjalaryň bedeleri, ýandak küdeleri ýygnalyp, ot-iým gorlary döredilýär. Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, arça, dagdan, kerkaw, badam, pisse, endap ýaly ösümlikleriň tohumlary ýygnalyp, ýörite nahalhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Soňra bag nahallary oturdylyp, goraghananyň çägindäki tokaýlyklar giňeldilýär. Türkmenistanda diňe Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň günorta eňňitlerinde tebigy görnüşde gabat gelýän, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen türkmen selmelegine duşmak bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu ösümligiňem tohumlary ýygnalyp, şitil edilip, ösmäge ukyply bolan meýdanlarda ekilýär. — Biz — ylmy işgärler elmydama täze zatlaryň gözleginde gezýäris. Işgärlerimiz tarapyndan ýyrtyjy haýwanlaryň aýak yzlary

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +18... +23 gradus maýyl bolar.

Miwesi datly daragt

Tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyzda tebigatyň we daşky gurşawyň goraglylygy kanun esasynda kepillendirilendir. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda obalardyr şäherçeler, şäherler bagy-bossanlyga bürelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara işjeň goşulýar. Ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wajyp meseleleri çözmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlarynyň dünýäde goldanylyp, ýurdumyzda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bizi diýseň buýsandyrýar.

Täsin ukyply guş

Hüwüleriň örän ýumşak perleri bar. Olaryň ganat kakyşy-da, ýelekleriniň çygşyldysy-da eşidilmeýär. Bu guşlar gijelerine awa çykýarlar. Gijäniň tümlüginde gymyldysyz ýatan syçany-da görüp bilýärler. Olaryň eşitgirligi-de örän güýçlüdir. Hüwüler boýunlaryny bir öwrüme çenli aýlamagy başarýarlar, özi-de göwresini gymyldatman diňe bir tarapa aýlaýarlar. Ullakan tegelek gözlerini gyrpman, töwerege dykgatly nazaryny dikýän hüwüler gadymy greklerde pähim-paýhasyň nyşany hökmünde şöhratlanypdyr. Ýurdumyzda giňden ýaýran, peýdaly hem-de goraga mätäç bu guşlar ähli ýerde: tokaýlarda, sähralarda, çölde, düzlüklerde we daglarda ýaşaýarlar. Daglaryň iň belent ýerlerinde-de, aşaky guşaklygynda-da, dag eteklerinde-de, depeliklerde-de mesgen tutýarlar. Köplenç derýalaryň boýlarynda, howdanlaryň töwereklerinde bolýarlar. Sebäbi şol ýerlerde olara iýmit gory ýeterlik bolýar. Towşanlardan başlap, syçan görnüşli gemrijiler, kirpiler we beýleki mör-möjek iýijiler bilen iýmitlenýärler.