HABARLAR

Türkmen tebigatynyň görki

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda indi ýurdumyzda asylly däbe öwrülen her ýylyň güýz we ýaz aýlary ähli halkymyzyň gatnaşmagynda bag ekmek dabarasy geçirilip, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda möhüm ähmiýetli çärä badalga berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy ekologik abadançylyga mynasyp goşant goşýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Agaç ekmek, bag oturtmak, oňa ideg etmek ýaly ýörelgeler türkmeniň gadymdan gelýän taryhy nusgalyk işlerdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa Orta Aziýa döwletleriniň çäklerinde duş gelmeýän tebigy baýlykdyr. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly gorandygy we ösümlik dünýäsini özüniň medeniýetine, ruhy ýörelgelerine ornaşdyrandygy hakyndaky hakykat ýatandyr».

Bag — durmuşyň bezegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly depginler bilen ösýän, özgerýän ýurdumyzda arassa howa gurşawyny üpjün edýän agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek, seýilgähleriň we ýaşyl zolaklaryň sanyny köpeltmek örän ähmiýetli işleriň biri bolup durýar. Döredilýän seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň sagdyn ýaşamaklary üçin hem örän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem ýurdumyzda amatly ekologiýa gurşawyny emele getirýän bagy-bossanlyklaryň döredilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini gazanmak, gözel tebigatymyzyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki ynsan saglygyny goramakda we ruhubelentligini ýokarlandyrmakda ekologiýa abadançylygyna uly orun degişlidir.

Ekologiýa howpsuzlygy — sagdynlygyň kepili

Döwletimizde tebigaty goramak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek we arassa saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler halkymyzyň sagdyn durmuşy baradaky aladadan gözbaş alýar. Şonuň üçinem tebigaty goramak we baýlaşdyrmak maksady bilen, her ýyl dürli bag nahallary oturdylýar hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Milli we döwlet maksatnamalarynda hem daşky gurşawy gorap saklamaklyga möhüm mesele hökmünde garalýar. Şol nukdaýnazardan, dürli taslamalar amala aşyrylanda, ekologiýa talaplary berk berjaý edilýär. Tebigaty goramaklygyň, ekologik abadançylygy üpjün etmekligiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda kesgitlenilýär. Olaryň maksady hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ekologiýa howpsuzlygy hojalyk we beýleki işiň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň mümkin bolaýjak ýaramaz täsirinden daşky gurşawyň, ilatyň durmuşynyň we saglygynyň goraglylygynyň ýagdaýydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz e

Dag gurşawly ýaşaýyş

Daglar we baglar ...Bu ýaşuly bilen öz ýetişdiren baglarynyň arasynda awgustda, heniz tomus jöwzasynyň doly sowulmadyk pillesi, hakyt pişegini keşe taşlap, juwanlarça der saçyp işläp ýörkä tanyş boldum. Ata Atajanowyň «Saýaly güzer» oçerkiniň gahrymanlarynyň biri, 76 ýaşly Aşyrgeldi Rejebow meniň erjellik bilen gözläp ýören kişimdi. Şeýle işe berlen adamlaryň özümizde barlygyna guwanyp, onuň bilen ählitaraplaýyn gyzyklanyp başladym. Hawa, bu peşeneli ýaşuly tebigy döredijilikli akylydyr tapylgysyz tagallasyny il-güne peýdaly eýlemegi başaryp, ömrüni manyly amallara beslänleriň biri ekeni. Şol mahalky Türkmen politehniki institutynyň nebitçilik fakultetini tamamlandan soňra, geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda iri we meşhur saýylan gaz käni bolan “Şatlykda” işe başlap, ýurtda ileri tutulýan, döwletiň dykgat berip ösdürýän bu pudagynda iň jogapkärli wezipeleriň birinde — burawlaýjy ussa bolup 21 ýyl işleýär. Işe berlen kişi soňra, lukmanlaryň maslahaty bilen syrkaw aýalyna seretmek üçin obasyna dolanýar. Onuň hünäri boýunça iş onçakly kän däldi. Onsoň obada, öýüniň alkymynda bagçylyk bilen meşgullanyp başlaýar. Öňden ýörgünli, gowy bilinýän işdigine garamazdan, ol bu ugurda-da şobada täzeçillige ýüz urýar: Samarkanda ýörite gidip, hurma

Akrap gyşyň owsuny

— Irki döwürlerden bäri pasyllar, döwürler bilen bagly söhbet edilse, «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýlen aýtgynyň ýatlanylýandygyny köpler bilýän bolsa gerek. Sebäbi asman gümmezindäki ýyldyzlar bilen gyzyklanýan adamlar oktýabr we noýabr aýlarynda ir sagat 5 — 6 aralygynda asmanyň günorta böleginde, dik depäňde diýen ýaly, topbajyk üýşüp duran Ülker, Aralyk ýyldyzlar toparyny, Üçýyldyzy,Ýaldyrak ýyldyzyny, ondan sähel aşakda bolsa, terezä meňzeş bolup duran Mizan ýyldyzlar toparyny görüp bilerler. Ata-babalarymyzyň ýyldyz senenamasy boýunça mizandan soň, akrap döwri başlanýar. Häzir şol döwür dowam edýär. Akrap döwri oktýabr aýynyň 22-sinden öz hökümini ýöredip başlaýar we noýabr aýynyň 22-sine möwritini tamamlaýar. Diýmek, akrap döwri biziň eždatlarymyzyň ýöredip gelýän ýyldyz senenamasyna görä, laýyk 30 gün dowam edýär. Ekerançylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ýylboýy alyn derlerini döküp, kemala getiren ekinleriniň üstüni gyş üçin niýetlenip basylyp goýlan bede, beýleki haşal otlar, saman, ýandakdyr syrkyn desseleri bilen basyryp, olaryň sowuk urmazlygyny gazanypdyrlar. Joýada ýetişdirilýän güýzki gök-bakja ekinlerini bolsa sapagyndan ýolman, biýaralary bilen joýalaryň içine taşlap, terligine basyryp goýupdyrlar. Şeýd

Güýzüň soňky aýy hakda

Howanyň ähli ýerde birmeňzeş bolmaýşy ýaly, pasyllar hem Zeminiň dürli künjeklerinde dürli häsiýeti bilen tapawutlanýarlar. Türkmen tebigatyna bereketli hasyly bilen gadam goýan güýzi biziň halkymyz toý-baýramlaryň pasly hasaplaýar. Çünki ildeşlerimiz güýzüň hakyky keşbini bol miweläp, başyny egip oturan baglarda, tylla reňke çaýylan ýapraklarda görýärler. Şonuň üçin il arasynda ýylyň bu möwsümine agraslygyň, goýazylygyň döwri hökmünde-de garalýar. Geliň, dünýäniň käbir ýurtlarynda güýzüň soňky aýynyň keşbine gaýybana syn edeliň!

Duýguly dünýäniň gapysyn açyp

Altyn güýzüm, duýgular dünýäsine atarýan pasyl! Sen tyllaýy şöhläňi sepeläp, asyrlar aşyp duran älemiň bezegi, pasyllaryň seresi bolup, rehnet nuruňy bolluk bilen eçilip geldiň. Zerbap güýzüň goýnunda altyn monjuk ýaly düzülen ýakymly ýatlamalara berlip oturyşyňa, duýgular dünýäsine seýrana çykýarsyň. Sen ynsan duýgularyny açyp, duýguly dünýämizi joşduryp, ülkämizde öz hökümiňi ýöredýärsiň. Altyn güýzüň ynsana edýän täsiri başgaça. Güýz durşuna ylham güzeri. Köňül güzeriň joşup, möwç alýan döwri bu. Bu gözel pasly şahyr Gurbannazar Ezizow şygrynda şeýle wasp edýär:

Käbir gyzykly maglumatlar

Çigildemiň ortaça beýikligi 10 – 70 santimetr bolup, her gunçasynyň alty sany ýapragy bar, gunçasynyň ömrüniň dowamlylygy 3 — 7 güne çenli. * * *

Seýrek duşýan gymmat bahaly daşlar

Peýnit. Bu minaral dünýäde iň seýrek duşýan mineral hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2005-nji ýylyň başynda diňe on sekiz sany nusga belli bolup, olaryň hemmesi sanawa alnyp, beýan edildi. Olardan diňe üçüsi arassa gyzyl reňkli bolup, bäşinji nusga iň agyr görnüşli diýlip hasaba alyndy. Bu daş süýrümtik görnüşde taraşlanyp, agramy 2,54 karat boldy. Dünýäde umumy tassyklanan peýnit daşlaryň sany 330-dan geçmeýär. Peýnit daşy açyk gülgüne, gyzyl we mele reňklerde bolýar. Bu daşyň ady ony ilkinji gezek öwrenen we beýan eden iňlis gemology Artur Çarlz Deýwi Peýneriň hormatyna dakyldy.

Muzeýdäki kömelekler

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynda ýurdumyzda duş gelýän kömelekler ilkinji gezek görkezilýär. Eger-de haýwanlaryň derisinden gäp, ösümliklerden gerbariý ýasalýan bolsa, kömelekler gurasa, öz durkuny ýitirýär. Şoňa görä, biz olary edil tebigatdaky bolşy ýaly ýasap, muzeýe gelýänlere görkezmegi makul bildik. Munuň üçin kömelekleriň öz hakyky ululygynda hem-de tebigy görnüşinde gipsden ýa-da penoplastdan mulýažlar ýasaldy. Çeper dikeldiş we rejeleýiş bölüminiň hünärmenleriniň ýasan mulýažlaryny hakyky kömeleklerden tapawutlandyrmak o diýen ýeňil däl. Muzeýde ýurdumyzda duş gelýän kömelekleriň 10 görnüşi ýerleşdirilen. Olardan ders kömelegi, ak ýylan kömelegi, çemenlik ak kömelegi, guzybut kömelegi, smorçogy, gelin kömelegi, mele domalany, weşenka we agaç kömelegini görkezmek bolar.