Bag ekmek — geljek hakda alada
Şu gün ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda bu möhüm ähmiýetli çäräniň güýzki möwsümine badalga berilýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzda şeýle giň gerimli çäreleriň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy ekologik abadançylyga mynasyp goşant goşýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Biziň ýurdumyz guraklyk guşakda ýerleşensoň, tomusda yssy, gyşda sowuk, çyglylyk, köplenç, pes derejede bolýar. Şonuň üçin tomusda yssydan penalanmaga, gyş paslynda sowukdan ykyşlanmaga meýdanda daragtdan mährem zat ýok. Milli däplerimizde agajy gereginden artyk çapmak, miweli we gök agaja palta urmak makullanmandyr. Guraksy tebigatda ýaşan ata-babalarymyz suwa, topraga, ösümlik we haýwanat dünýäsine, esasan h