HABARLAR

Seýrek guşlaryň goragynda

Guşlar dünýä ýüzüne giňden ýaýran. Olaryň arasynda suwda ýüzýänleri, kenar ýakalaryndaky suw-batgalyk hem-de gury ýerlerde ýaşaýanlary bar. Guşlar dünýäsinde, adatça, köp sanlysy we juda seýrek duşýanlary bolýar. Seýrek gabat gelýänlere gyzylgaz, buýraly we gyzgylt gotan, toklutaý, bezbeltek, soltantowuk, turaç, gorçy ördek we beýlekiler degişlidir. Has az duşýanlara gamaburunlylar diýen topary mysal getirmek mümkin. Ýer ýüzünde guşlaryň 9 müňe golaý görnüşi mälim bolsa, şolardan 422-si Türkmenistanda duşýar. Gamaburun ala we gara garga ölçegli, uzyn aýakly we çüňkli bolýar. Çüňküniň ujy aşaklygyna egilen. Bu alamaty bilen ony meýdan işleri geçirilende, beýleki köp guşlardan aňsat tapawutlandyrmak bolýar. Çüňküniň uzynlygy 10 — 15, ganatlarynyňky 27 — 30 santimetre barabardyr. Guýrugynyň aşagy gara. Çüňki we kellesiniň ýalaňaç bölegi (gözüniň töweregindäki halka we alkymy) ýaşylymtyl goňur reňkde. Aýaklary ýaşylymtyl gara. Kellesi we boýnunyň üstki böleginiň ýelekleri gyşky örtükde ak gaýmaly toprakpisint goňur. Gamaburun dünýä ýüzünde giňden ýaýrandyr. Ol Günorta Ýewropada, Kiçi, Alynky, Orta Aziýada, Hindistanyň we Hindi-Hytaýyň demirgazyk böleginde, Awstraliýada, Merkezi we Günorta-Gündogar Afrikanyň käbir ýerleri

Bagy-bossan, gül Diýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýän ata Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli geljegi, agzybirligi we bagtyýar ýaşamaklary babatda uly tagalla edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär. Diýarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli hyzmat ediş binalary, dünýä ülňülerine gabat gelýän orta we ýokary okuw mekdepleri, köpugurly sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary mähriban halkymyzyň hyzmatynda. Şeýle ajaýyp binalaryň töweregini, seýilgähleri güller, saýaly baglar bilen bezemek ýaşaýşa bolan höwesimizi beýgeldip, ruhuňy belende galdyrýar. Ak şäherimiziň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, gyşyn-ýazyn gök baglara, ter güllere beslenip durşy göwünleri galkyndyrýar, joşgunly zähmet çekmäge, yhlasly okamaga höweslendirip, her birimize ruhy lezzet eçilýär.

Luw ýylynyň howasy

Müçe hasabynyň soňky it, doňuz ýyllary ýaly, luw—balyk ýyly hem aglaba ygally ýyl bolýar. 1964-nji, 1976-njy ýyllaryň baharynda gögüň «bujagy çözülen» ýaly boldy we ýyl bereketli geldi. Dowam edip duran luw ýylynda ygalymyz köp bolmaly, toprak gowy yzgarlanmaly. Çopanlary, çoluklary, babadaýhanlary ýylgyrydýan ýyllaryň biri bolmaly. Meýdanlar ýaşyl begrese bürenýär, gülälekler, çigildemler, kömelekler köp bolýar, dagetek sebitlerinde domalanlaryň bolmagyna-da şert döreýär.

Hazar düwlenleri

Ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi barada bilmek biziň her birimiz üçin gyzyklydyr. Şolaryň biri hem Hazar deňzinde ýaşaýan, süýdemdirijiler maşgalasyna degişli bolan Hazar düwlenidir. Düwlenleriň bu görnüşi Hazar deňziniň ýeke-täk süýdemdiriji jandary hasaplanýar. Şonuň üçin olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hazar düwleni dünýä suwlarynda duş gelýän ençeme görnüşli düwlenleriň arasynda özüniň kiçiligi boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Olaryň bedeniniň uzynlygy 130 – 150 santimetre, agramy 50 – 85 kilograma golaýdyr. Hazar düwlenleri reňki boýunça ak düwlenler, gök düwlenler, ala düwlenler ýaly görnüşlere bölünýärler. Olar süri bolup ýaşaýarlar, gury ýerde oňaýly hereket edip bilmeseler-de, suwda çalt ýüzýän jandar hasaplanylýar. Olaryň käbir görnüşi suwda sagatda 25 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr. Olaryň öň tarapky ýüzgüçleri suwda diňe ugruny üýtgetmek üçin hyzmat edip, yzky ýüzgüjiniň kömegi bilen hereket edýär. Dünýäde düwlenleriň 30-dan gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Hazar düwleni ýylyň ýaz-tomus aýlarynda Hazar deňziniň orta we günorta böleginde, ýagny Ogurjaly adasynyň kenarlarynda, açyk suw giňişliklerinde gezýär, howanyň ýyly döwri bu ýerler balykl

Tebigaty söýüjiler gözelligiň goragynda

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.

ABŞ-da soňky 1200 ýylda iň güýçli gurakçylyk

Günbatar Wirjiniýa uniwersitetinden amerikaly alymlar ABŞ-nyň günbatar böleginiň soňky 1200 ýylda iň güýçli gurakçylyga duçar bolandygyny anykladylar. Yzgar ýetmezçiligi bu ýerde soňky 23 ýyl bäri saklanýar diýlip, ylmy edaranyň saýtynda habar berilýär. Hünärmenler agaçlaryň ýaş halkalaryny öwrenip, häzirki dowam edýän 23 ýyllyk gurakçylygyň, takmynan, b.e. VIII asyryndan bäri iň güýçlüsidigini anykladylar.

Ýewropada yssy howanyň yzýany gar ýagdy

Merkezi Ýewropa geçen hepdede gar ýagdy. Bu sebitleriň ýaşaýjylary şu baharda 30 gradus yssy howa bilenem ýüzbe-ýüz bolupdylar. Ýewropada howanyň şeýle üýtgemegi köpleri geň galdyrýar. Geçen hepdäniň sişenbe gününden başlap, Awstriýanyň käbir etraplarynda gar ýagyp başlan bolsa-da, öňki hepdäniň dynç alyş günleri ol ýerlerde howa 30 gradusdan hem ýokary derejede maýyldy. Gar düşmegi bilen baglylykda ýollarda hereket kynlaşdy.

Güller — göwünleriň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, şäherdir obalaryny has-da gözelleşdirmek, abadanlaşdyrmak babatda amala aşyrýan işleriniň, bu ugurdaky goldawlarynyň guwandyryjy netijeleri berýändigini welaýatymyzyň merkezi Daşoguz şäheriniň mysalynda hem görmek bolýar. Şäheriň köçelerinde, seýilgählerinde, meýdançalarynda, edara-kärhanalarynyň, okuw jaýlarynyň töwereklerinde emele gelýän gözel görnüşler ýylsaýyn artyp, hemmeleriň ünsüni çekýär. Bu ýerde alnyp barylýan şeýle işlere Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş trestiniň işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň hatarynda kärhananyň ýyladyşhana bölüminiň agzalarynyň hem mynasyp paýynyň bardygyny aýtmak bolar.

Bahar gözelligi — fotosuratlarda

Türkmen tebigaty täsinliklere, syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni çekýän ajaýyp künjeklere, gözelliklere juda baý. Jümle-jahanyň gaýtadan janlanyşy, täzelenişi başdan geçirýän nurana ýaz paslynda bolsa sahawatly sähralaryň, dag-dereleriň, deňizdir derýa boýlarynyň, köl ýakalarynyň gözellikleri, umuman, mukaddes türkmen topragyna mahsus ähli ajaýyplyklar özi-de tebigatyň bir bölegi bolan ynsan kalbyna aýratyn ylham berip, ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň doktoranty, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Allamyrat AKMYRADOWYŇ ýurdumyzyň dürli künjeklerine amala aşyran ylmy-döredijilik iş saparlary mahalynda düşüren köp sanly fotosuratlarynda hem şeýle ajaýyplyklar aýdyň şöhlelenýär. Onuň fotosuratlarynda, öz käri bilen baglylykda, Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsiniň, esasan-da, dermanlyk ösümlikleriniň aýratynlyklary, jana şypaly dürli künjekleriniň gözellikleri açylyp görkezilýär.