HABARLAR

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +15... +20 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Zirk

Bereketli topragymyzyň özboluşly tebigat gözelligi, baý ösümlik dünýäsi milli buýsanjymyza öwrülip, sagdyn we uzak ýaşamagyň syryny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň aglaba bölegini tutýan Garagum sährasynda suwsuzlyga, tomsuň epgekli jöwzasyna, gyşyň aňzakly sowugyna çydamly ösümlikler ýaşaýar. Ynsan saglygynda peýdaly bu ösümlikler barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan—melhemler mekany» atly kitaplarynda täsirli maglumatlar bar. Güneşli Diýarymyzyň dermanlyk ösümlikleri hakynda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu kitaplarda dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden we dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ugurlary salgy berilýär. Kitaplarda ösümlikleriň her biriniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada anyk we doly maglumatlaryň berilmegi ekobotanika ugruna gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň has-da köpelmegine täsir etdi.

Süýşýän palma agaçlary

Ekwadoryň tropik tokaýlarynda duş gelýän täsin palma agaçlary her ýylda ösüp oturan ýerinden 20 metr süýşýär. Bu agaç ýaşaýşyny dowam etdirmek we özünden soň nesil galdyrmak üçin günde 2 – 3 santimetr süýşmeli bolýar. Munuň sebäbi hem bu agaç gerek bolan iýmit maddalary köp bolan topraklara tarap hereket edýär. Ýagny, agaç ösüp oturan ýeriniň topragy iýmit maddalaryna garyplaşyp başlanda, kökler başga bir tarapa güýçli ösüp başlaýarlar. Toprakdaky iýmit maddalary agajyň ýaşaýşynyň esasy şerti bolup durýar. Şonuň üçin agajyň kökleri mes topraklara tarap hereketlenýär. Şeýlelikde, agaç günde birnäçe santimetr «ýöreýär». Agajyň sütüni, şahalary we kökleri gyşaryp ösýärler. Köne kökleri topragyň aralaryndan ýuwaş-ýuwaşdan sogrulyp, ösüp barýan köklere tarap hereket edýärler. Olara Gün şöhlesine we iýmit maddalaryna baý toprakly ýerlere baryp ýaşamak üçin birnäçe ýyl gerek bolýar. Şonuň üçin hem bu süýşýän palma agaçlary ösümlikler dünýäsinde hereketleri bilen bellidir.

Ösümlikler dünýäsiniň täsinlikleri

Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny bolsa hiç wagt ýyldyrym urmaýar. Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müň görnüşi bar. Olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir.

Duýgular dünýäsi — güller

Güller — Zeminiň zynaty, dünýäniň ýaraşygy. Hudaý tarapyn Zemine eçilen bu gözellikde ýaşaýşyň iň kämil alamatlary, göwünleri galkyndyrýan, ruhuňy tämizleýän, durmuşa höwesi, duýgy jomartlygyny oýarýan aýratyn bir güýç bar. Güller — dünýämiziň, durmuşymyzyň päkligi, näzikligi, gözelligi. Ömrüňe şypa bolup dolýan bu gözellige göwünler hemişe teşne. Her biriniň özboluşly gözelligi, hoşroý ysy bolan güller ýüreklere joşgun, kalba rahatlyk berýär.

Garly gün

Göwnüme bolmasa, täze ýylyň hökümini ýöredip başlan ilkinji pursatlaryndan bäri her gün diýen ýaly saba-säher bilen akja garyň sepelemeginde üýtgeşik bir hikmet bar ýaly. Näme üçindir gyş günleri akja gar ýagan çagynda men üýtgeşik bir gudrata duşaýjak ýaly täsin duýgulary başdan geçirýärin. Ine, onsoň şeýle pikir-hyýallarym bilen şu gün hem işe barmaly wagtymdan biraz öňräk öýden çykdym-da, şol gudrata duşmak üçin gar basan ap-akja ýodadan ýöräp başladym. Säheriň şu çagynda şäher şeýle bir ak, şeýle bir ak, birje syýa degmedik akja kagyza meňzeýärdi. Eliňe galam alyp, ajaýyp sungat eserini döredibermeli...

Tebigaty goramak — mukaddes borç

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ilatyň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn uly ähmiýet berýär. Bu babatda Türkmenistan halkara ylalaşyklaryna goşulýar. Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda «Biologik köpdürlülik hakyndaky», «Ozon gatlagyny goramak hakyndaky», «Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak hakyndaky» Konwensiýalaryny, «Suw-batgalyk ýerler hakyndaky» Ramsar konwensiýasyny, beýleki daşky gurşawa degişli ylalaşyklary tassyklap, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär hem-de sebit we dünýä derejesindäki işleri amala aşyrýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde, olaryň töwereklerinde her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar. Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag düzlüginde tokaý zolagy, Garagum sähramyzyň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen köli döredildi. Bu edilýän işler ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň, tebigatynyň has gowulaşmagyna, sähra meýdanlarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirýä

Janyňyz tut ýaly sag bolsun!

Gündelik durmuşymyzda «Janyňyz tut ýaly sag bolsun!» diýip, birek-birege saglyk diläp, oňat arzuwlar etmek — halkymyzyň asylly däpleriniň biri. Eýsem-de, «tut ýaly» diýilmeginiň sebäbi nämekä? Näme üçin saglyk dilemeklik tut agajy bilen baglanyşdyryp aýdyldyka? Muny bilmek üçin, geliň, ata-babalarymyzyň tut bilen baglanyşykly garaýyşlaryna ser salalyň. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynda tut agajyna oňat garaýyşlar bolupdyr. Tut agajyny halkymyz her hili bela-beterden, göz-dilden, saýasy yssydan goraýan pena hasaplapdyrlar. Şonuň üçin türkmen obalary tut agaçsyz göz öňüne getirilmändir. Her öýüň gapysynda hökman tut agajy ekilipdir. Ýaşulularymyz köplenç tut agajynyň saýasynda saýalap, dynç alyp, tudana mürepbesi bilen çaý içipdirler. Umuman, ata-babalarymyz tuda bolan ynançlar, yrymlar bilen ýaşapdyrlar, nesil terbiýeläpdirler. Tut agajy hemişe başy dik, örän berk, uzak ýyllar ýaşamaga ukyply agaç bolupdyr. Şonuň üçin pederlerimiz ynsan saglygyny tut agajyna deňemek bilen, hut şol agaç ýaly berk, sagdyn, uzak ýaşamagy birek-birege arzuw edipdirler.

Tebigat geýinip akja köýnegin, ýyly garşylady gözellik bilen

Tebigatyň ähli pasly biri-birinden owadan. Hamala, olar biri-biri bilen owadanlykda bäsleşýän ýaly. Edil şu günler bolsa gözel tebigatymyz has-da owadanlyga beslenipdir. Dogrusy, ol geýinip akja köýnegin, ýyly garşylapdyr gözellik bilen. Gar reňkli ulagymyz günorta gitdigiçe, görýän gözelligiňe aklyň haýran galýar. Ulagy saklap, tebigat bilen gaýybana gürleşesiň, onuň goýnunda surata düşesiň gelýär. Tebigat saýlap-saýlap, şeýle bir owadan köýnegini geýipdir welin, edil durmuşa çykjak gyzy ýadyňa salýar. Onuň akja köýneginde ýiti ýylpyldylar öwşün atyp, çar ýana şöhle saçýar.

Jümle-jahan habarlary

«A-68» aýsbergi ikä bölündi Ýewropanyň kosmiki gullugy (EKA) dünýäniň iň uly «A-68» aýsberginiň ikä bölünendigini habar berdi. Indi alymlar äpet buz bölekleriniň hereketini yzarlamaly bolarlar. Aýsbergiň ikä bölünmeginiň sebäbi heniz belli däl. Emma alymlar onuň Günorta Georgiýanyň kenarynyň onlarça kilometrlik ýalpaklygyna tarap ýüzmegi zerarly bu ýagdaýa gelendigini çaklaýarlar. Aýsbergiň ýalpaklyga golaýlaşmagy we onuň ummanyň düýbüne degmegi zerarly bu äpet buz böleginiň bölünmegine alymlar öňräkden bäri garaşýardylar. Şeýle hem olar soňky birnäçe günüň dowamynda «A-68-iň» sagat diliniň ugruna hereket edip aýlanandygyny-da belleýärler. Umumy meýdany 4200 inedördül kilometr bolan bu buz bölegi indi ep-esli kiçeldi. Onuň bölünip aýrylan bölegi 175 inedördül kilometre barabardyr. Alymlar «A-68-iň» ýuwaş-ýuwaşdan has kiçi böleklere-de bölünmeginiň mümkindigini çaklaýarlar. Emma munuň üçin ýene ençeme ýyllaryň gerek boljakdygy hem anyk.