HABARLAR

Dünýäniň gymmatbahaly daşlary

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda.) Taaffeit — ýene bir öz täsinligi bilen tapawutlanýan, seýrek duşýan gymmatbahaly daşlaryň biridir. Mineral ony ilkinji açyş eden graf Riçard Taaffeniň hatyrasyna «taaffeit» diýlip atlandyrylýar. Ol 1945-nji ýylda duýdansyz ýagdaýda bu daşyň öň hiç kime mälim bolmadyk üýtgeşik görnüşine gabat gelýär. Bu mineral näzik benewşede açyk gülgüne reňkde bolýar. Bu günki gün ajaýyp mineralyň kiçiräk möçberlerine Şri-Lankanyň, Tanzaniýanyň ýataklarynda duş gelmek bolýar.

Altyn we kümüş metaly: gyzykly maglumatlar

Altyn dünýäde meşhur metallaryň biri bolup, maddy baýlygyň we gymmatlygyň nusgasy hökmünde müňlerçe ýyl bäri hyzmat edip gelýär. Ol häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň esasy hasaplanýar, sebäbi bu metal poslamaýar, hemişe gymmatyny saklaýar we önümçilikde giňden ulanylýar. * * *

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar

2021-nji ýyl Aprel 1.Hamal (Guzy 21.03—20.04)

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +12... +17 gradus maýyl bolar.

Bahar säher bilen başlady işe

Ak süýt guýdy erikleriň üstüne.Baldaklary gök reňke boýady,Gülälekler al öwüsdi dessine. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgy setirleri ülkämize toý bolup gelýän ýazlarymyzyň mynasyp waspyny ýetirýär. Depe-gollara reňkdar-reňkdar köýnegini paýlaýan, bulak bolup gaýadan şaglap inýän, gara daşy ukusyndan oýadýan bahar tebigatyň iň gözel paslydyr. Baglaryň şahalaryna penje-penje ak gülleri gondurýan, ýaýlalaryň gursagyna gül ýagdyryp, älemgoşar öýmesini göge bulaýan ýazlaryň tarypyny köp ýazyjylar, ençeme şahyrlar ajaýyp eserleri bilen ýetirdiler. Çünki bahar pasly döredijilik adamlarynyň ylham çeşmesidir. Geliň, indi bolsa ýaz paslynyň aýratynlyklary baradaky käbir täsin maglumatlara ünsümizi çekeliň!

Ýagyş nädip emele gelýär?

Tebigatyň gaýtadan janlanýan döwri bolan bahar paslynyň gelmegi bilen ýagyş has köp ýagyp başlaýar. Ýer ýüzünde geografik şertlerine baglylykda ygalyň dürli görnüşleri bolýar. Howanyň has sowuk ýerlerinde gar, buz, doly ýa-da jöwenek ýagýan bolsa, yssy ýerlerde ýagyş ýagýar. Ygalyň gaty seýrek ýagýan çöllerinde bolsa ýylyň belli bir paslynda diňe çyg düşýär. Ygalyň bir görnüşi bolan ýagyş diňe bir dag eteklerinde ýa-da sähralarda otlaryň gögermegine şert döretmän, eýsem, towlanyp akýan derýalary, giň howdanlary hem suwdan doldurýar. Suw bolsa janly-jandarlaryň ählisi üçin ýaşaýyş çeşmesi hasaplanýar. Eýsem, ýagyş nähili emele gelýärkä?! Ýagyş damjalarynyň ululygy 0,5 millimetrden 6-7 millimetre çenli bolup bilýär. Pürküp ýagýan maýda ýagşa «çisňi» diýilýär. Ownujak damjalaryň tozgalap, jybarlap ýagmagyna «ýagyş çisňeýär» diýilýär.

Adaty sosnanyň melhemlik häsiýetleri

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmyensiklopedik işinde türkmen tebigatynyň, ösümlik dünýäsiniň melhemlik häsiýetleri hemmetaraplaýyn häsiýetlendirilýär. Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri tebigy maddalar bolup, bedende ýeňil özleşýär. Adaty sosna bezeg hemde derman ösümligidir. Onuň dünýäde, takmynan, 100 görnüşi, şol sanda GDA ýurtlarynda, takmynan, 12, ýurdumyzda 5 görnüşi duş gelýär.

Daşky gurşawyň goragy : her bir raýatyň ahlak borjy

Arassa tebigat – gözel dünýä

Dünýäde ynsanperwer başlangyçlary, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyz gözel tebigaty gorap saklamakda köp tagalla edýär. Döredilýän oňaýly şertler ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty hem-de üstünlikli amala aşyrylýan Milli tokaý maksatnamasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilen hem döredilýän tokaýlyklar gözüňi dokundyrýar. Gahryman Arkadagymyz tebigatyň eçilen şeýle ajaýyp peşgeşlerini, mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak bilen bilelikde olaryň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny hem ýygy-ýygydan nygtaýar. Bu babatda kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, umumylykda ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelýän Kanunlar kabul edildi. Şonuň netijesinde ýurdumyzda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralardyr kärhanalar, daşary ýurtly edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary ýaly telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyr

Baharystana öwrülýän mekan

(ýa-da Bötendag ýaýlasynda döredilýän tokaý zolagy barada kyssa) Sarygamyşdan gündogara tarap, Köllük zeý akabasynyň Derýalyk zeý akabasy bilen birigýän ýerine çenli aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, sygyryp seredip oturmaly meýdanlara umumylykda Bötendag ýaýlasy diýilse-de, her bir ýeriň aýratynlykda ady bar. Garataýyň howzy, Söýün ýatan, Balykly, Ýerburun, Akgala, Bent... Bu sähranyň ýazylman galan taryhy onuň ýer atlarynda saklanyp galana meňzeýär. Bagtyýarlyk döwrüniň şemaly bu meýdanlara hem gelip ýetdi. Özem görlüp-eşidilmedik bu özgerişler diňe bir Bötendag ýaýlasyny däl, onuň bilen goňşulykdaky Şasenem, Atgyrlan ýaýlalaryny hem gurşap aldy.