HABARLAR

Rysgal-berekediň baýramy

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýunyň uly ruhubelentlik bilen bellenilmegi asylly däbe öwrüldi. Ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünlikleriniň, bu ugurdaky ösüşlere edermen babadaýhanlarymyzyň goşan mynasyp goşandynyň aýdyň görkezijisi bolan Hasyl toýy mynasybetli ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak işlerinde giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän giň goldawdan, hemmetaraplaýyn mümkinçilikden netijeli peýdalanýan gallaçylarymyz, babadaýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, özleriniň irginsiz yhlasy, tagallalary bilen täze-täze zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem, bagtyýar ildeşlerimiziň çeken zähmetine mynasyp baha berilýär. Her ýylda Hasyl toýy mynasybetli Diýarymyzyň ykdysady üstünliklerine saldamly goşant

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Pagtaçylaryň armaçylary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir hatarda oba hojalygy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, bagtly geljege sary ynamly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ene toprakdan alynýan hasylyň mukdary barha artýar.

Zähmet adamsynyň waspy

Toprakdan bagt tapan Beýik ösüşli, özgerişli ata Watanymyzda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynyň ösmegine hem aýratyn üns berilýär. Mülkdarlaryň, telekeçileriň, kärendeçi daýhanlaryň ekleýjimiz hasaplanýan bereketli topragymyzdan bol hasyl almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny öndürýän önüm öndürijiler yhlasly zähmet çekýärler. Topraga hyzmat edip, bereketli hasyl öndürip, çekýän zähmetiniň hözirini görýän ýer eýeleriniň biri hem Mary etrabyndan ezber daýhan, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Atamyrat Alyýewdir. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda toprak bilen iş salşyp, dürli ekinleri ýetişdirip bereketli hasyl alýar.

Bereketli topragymyzyň sahawaty

Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatynyň baýramy — Hasyl toýy giňden bellenilýär. Türkmen topragy rysgala, berekede baý. Oňa tohum atsaň müň bolup hasyl eçilýär. Daýhany iş başynda görenler: «Tohumyň müňläwersin!» diýibem şonuň üçin aýdýandyrlar. Sahawata baý türkmen topragynyň kerem-keramaty barada söz açylanda, onuň daýhana hiç haçan bergidar bolup galmaýandygyny nygtaýarlar. Bu aýtgy şu günümizde-de aýdyň hakykata öwrülýär. Ata-babalarymyzyň maňlaý derine eýlenip, nygmat öndüren topragynyň bu günki nesle-de berekedini boldan eçilýändigine hemmämiz şaýat. Sepen her bir dänäňi müň edip gaýtaryp berýän bu kerem-keramatly topraga azabyňy aýamasaň, ýylda iki-üç öwran hasyl alyp bolýar. Pederlerimiz hut şu mele toprakda zähmet çekip, bugdaý, gowaça, gök we bakja ekinlerini, dürli miweli baglary ýetişdirip, bol hasyl, harman ýygnapdyrlar. Soňky hasylyny hem ýygnap bolan daýhan: «Azabym ýerine düşdi» diýip, uludan toý toýlap, saçagyny naz-nygmatdan dolduryp, ýakynlaryny myhmançylyga çagyrypdyr. Ine, bu däp-dessur asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip, häzirki döwrümizde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.

Altyn güýzüň bol hasyly

Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem gülläp ösýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bir hatarda, ýerden bol hasyly almaga gerek bolan giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde oba hojalyk işlerinde zerur bolan ýokary hilli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Oba hojalyk pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem orny bellärliklidir. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde miweli agaçlaryň birnäçe görnüşi ösdürilip, olar bol hasyl eçilýär. Baglaryň datly miweleri yrýa edilmän ýygnalyp, esger saçagyna berilýär. Şeýle-de ol miweler harby gullukçylaryň maşgalalaryna elýeterli nyrhdan hödürlenilýär. Esasan hem bu ýerde alma, armyt, erik, ülje, şetdaly ýaly miweli baglar bilen bir hatarda üzümiň dürli görnüşi bol hasyl eçilýär. Güýz paslynyň häzirki dowam edýän günlerinde bolsa Hojalyk müdiriýetinde behi baglarynyň miwelerini ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Hasyl toýuna

Halal zähmetiň belent sarpasy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde  ýurdumyzda Hasyl toýy uly dabaralar bilen bellenilýär. Daýhanyň ýadawsyz zähmetine, ene topraga, ondan öndürilýän bereketli hasyla goýulýan belent hormat-sarpanyň alamaty bolan bu guwanç-buýsançdan doly toý güni her bir ynsanyň kalbynda barha çuňňur orun alýar.

Baglar — gözelligiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, her ýyl ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag ekmek möwsümlerine badalga berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da işjeň dowam etdirilýändigini alamatlandyryp, şäherdir obalarymyzda müňlerçe düýp miweli, saýaly, pürli agaçlaryň nahallarynyň oturdylmagyna, şeýlelikde, daş-töweregiň, tebigatyň has-da gözel bolmagyna möhüm goşant goşulmagyna ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bu barada şeýle diýdi: «Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi bilen, ekologik abadançylyk üpjün edilýär». Bu bolsa ýurdumyzda baglaryň artdyrylmagyna, ata-babalarymyzyň bu babatdaky ýörelgeleriniň rowaçlandyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini subut edýär.

Şaly oragy ýokary depginde

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolanymyzda, bu ýerde şaly orak möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýändigine göz ýetirdik. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhan birleşiginiň 319 kärendeçisi 3 müň 150 gektar ýerde şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Olar şu ýyl «sary altynyň» 14 müň tonnasyny Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Hojalykda orak möwsümine welaýatymyzyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň 60-a golaý kuwwatly kombaýnlary gatnaşýar. Ýaş şalyçy kärendeçi, TAP-nyň işjeň agzasy Arslanmyrat Ýazweliýewiň 18 gektar kärende ýerinde şol kombaýnlaryň ençemesiniň öndürijilikli işledilýändiginiň şaýady bolduk. Maksat Ýomutbaýew, Kaka Gazakow, Parahat Saparow, Sapar Durdymedow, Baýrammämmet Baýrammämmedow, Wepa Jumageldiýew, Haşym Nejimow ýaly öz işiniň ussatlary erk edýän kuwwatly kombaýnlary bilen her günde hasylyň 17-18 tonnasyny isripsiz ýygnap, şalyçylaryň alkyşyny alýarlar. — Şu ýyl şalyçy kärendeçilerimiz Nury Nuryýew 50, Töremyrat Öwezow 35, Humaý Noşyýewa 5, Enebaý Hudaýberdiýewa 4 gektar kärende ýerlerinde şalynyň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Olaryň her gektardan alan hasyly 60 sentnere golaýlady. Daýhan birleşigimizde şaly hasylyny ýetişdirmekde ýylyň-ýylyna

Hasyl toýuna bagyşlandy

Dänew etrabyndaky bilim ojaklarynda bosagada duran Hasyl toýy mynasybetli köpsanly çärelerdir baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi bilen bilelikde biziň mekdebimizde geçirilen aýdym-sazly dabara hem bu şanly senä bagyşlandy. Oňa etrabymyzyň mekdeplerinden mugallymlardyr göreldeli okuwçylar hem gatnaşdylar. Aýdym-sazlaryň arasynda edilen çykyşlarda Hasyl toýy bilen bagly däpleriň ata-babalarymyzdan geçip gelýändigi aýratyn nygtaldy. Bu baýramyň ýaşlarda zähmete söýgi döretmekde ähmiýeti uludyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň galkynyşynda ýaş nesliň paýy örän uly. Şu günki mekdep okuwçylaryny hem zähmete söýgi ruhunda terbiýelemek bilim işgärleriniň öňündäki belent borçlaryň biridir.

Rysgal-berekede beslenýär Diýar, Daýhan zähmetine belent sarpa bar

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi — Hasyl toýy Her bir güni buýsançly ösüşlere, özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýene bir dabaraly, şatlykly gün ýetip gelýär. Ene topraga tohum sepip, daban azaplary bilen bol hasyl almagy başarýan edermen babadaýhanlar her ýyl noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uly buýsanç bilen Hasyl toýuny toýlaýarlar. Sahawatly ene toprak, bereketli güýz pasly, daýhan zähmetiniň şirin miwesi bilen baglanyşykly bu toýy halkymyz hemişe uly şowhun-şadyýanlyk, agzybirlik, dost-doganlyk, sahy-jomartlyk ruhunda giňden dabaralandyrýar. Munuň özi daýhanyň zähmetine, ene topragyň berekedine goýulýan belent sarpanyň kepilidir.