Balkanyň ak pagtasy
Öňňin, 11-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza Balkan welaýatynyň edermen daýhanlarynyň pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habar ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Balkan welaýatynyň daýhanlaryny zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi. Munuň özi bol hasyla goşandy bolan ähli daýhanlaryň buýsanjyna buýsanç goşup, göwün guşuny göge uçurdy. Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň «ak altyn» harmanyna goşan pagta hasyly 16 müň tonnadan hem geçdi. Welaýatda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşiniň şanyna düýn Gyzylarbat şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanasynda giňden tutulan dabarada çykyş edenler hasyl ussatlaryny ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gyzgyn gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdiler. Şu ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Bu ýerde möwsümde has ýokary sepgitleri eýelemegi başaran pagtaçylara we mehanizatorlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy