HABARLAR

Ekerançylaryň yhlasly zähmeti

Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde bugdaýdyr gowaçadan başga-da ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Akdepe etrabynyň «Şabat» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň durmuşa geçirýän işleri hem-de gazanýan guwandyryjy netijeleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada daýhan birleşiginiň başlygy Polat Žumabaýew şeýle gürrüň berdi:  — Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy öz topragymyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň, berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak üçin birleşigimiziň kärendeçi daýhanlarynyň ýylyň-ýylyna yhlasly zähmet çekýändikleri biziň ählimizi örän guwandyrýar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda alyp barýan işleri hem oňat netijeleri berýär. Muny zähmetsöýer ekerançylarymyzyň şu günlerde ýetişdirilen ýeralma hasylyny ýygnamakda, gök-bakja ekinlerine ideg etmekde bitirýän işleri-de aýdyň tassyklaýar.

Daýhan yhlasyndan Watan gülleýär

Bu gün türkmen daýhany sahawatly topragymyzdan gallanyň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak däne tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý etdi. Şeýle üstünlik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ussat kärendeçileriň, hususy önüm öndürijileriň, mehanizatorlaryň, bu ugurdan ylmy işleri alyp barýan alymlaryň, gallany ösdürip ýetişdirmekde we ony ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybirlikli zähmeti netijesinde gazanyldy. 12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul eden pursatlaryny teleýaýlym arkaly synlan her bir türkmenistanlynyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň barha berkidilýändigine bolan ynamy artyp, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesiniň häzirki döwrüň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ý

Lebaply gallaçylaryň uly zähmet ýeňşi

Hoş habaryň ganaty bar. Geçen hepdede ýurdumyzyň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu gazanylan zähmet ýeňşine beýleki welaýatlar bilen birlikde lebaply gallaçylar hem uly goşantlaryny goşdular. Olar Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Gallaçylarymyz öz gazanan zähmet ýeňişlerini Milli Liderimiziň başlangyjyny goýan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän oba hojalyk özgertmeleri bilen baglanyşdyrýarlar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda 2020-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli döwürde her ýylda 1 million 400 müň tonna möçberde bugdaý hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň şu azyklyk önüme bolan zerurlygyny kanagatlandyrmaga, beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini köpeltmäge mümkinçilik berýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Şonuň bilen sazlaşyklylykda halkymyzyň hal-ýag

Daýhanlaryň daýanjy

Ereşbaý ÝAÝLYÝEW, Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Mynasyp paýymyz bar

Merdan HAKYÝEW, Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň başlygy:

Arzyly sepgide yhlas bilen ýetildi

Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ösüşleriň belent menzillerine tarap ynamly öňe barýar. Janypkeş daýhanlaryň yhlasly zähmetine, kämil tehnikalaryň kuwwatly güýjüne daýanylyp, bu pudakda ýylsaýyn ýokary üstünlikler gazanylýar. Janypkeş babadaýhanlar ene ýerden gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almagy başarýarlar. Welaýatymyzyň gallaçylary bugdaý oragyny hem netijeli jemlediler. Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky görkezen netijeleri hem aýratyn öwgä mynasypdyr. Ilkinjileriň hatarynda şeýle zähmet ýeňşini gazanmagyň syrlary hakynda daýhan birleşiginiň başlygy Serdar Hudaýberdiýew bilen söhbetdeş bolduk: — Serdar, söhbedimizi türkmeniň akyldar şahyrynyň adyny göterýän daýhan birleşigiňiziň bugdaý hasylyny ýetişdirmekde şu ýylky gazanan sepgitlerinden başlaýaly.

Baglar — ömrümiň manysy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ganatly şygaryndan ruhlanyp, men bereketli topragymyzda miweli baglary köpeltmek ugrunda derwaýys işleri alyp barýaryn. Häzir meniň şahsy mellegimde daşary döwletlerden getirilen miweli baglaryň 130-a golaýy bar. Olaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatyndan getirilen içi çigitsiz üzümleriň «Awatar», «Helloin» görnüşlerini, Italiýadan getirilen gara erigi, Fransiýada we Moldowada bitýän «UFO-4» görnüşli şetdalyny, garalynyň dürli görnüşlerini, aýratyn-da amerikanlaryň «Berbanik» atly äpet garalysyny belläsim gelýär. Bu baglaryň aglabasy indi birnäçe ýyldan bäri bol hasyl berýär.

Ýaşlar ýeňişli ýollarda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň ähli ugurlary boýunça gazanylýan zähmet ýeňişlerinde ýaşlaryň mynasyp paýy bardyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryndan, döwrümiziň ýalkymyndan we ýalkawyndan ruhlanýan bagtyýar ýaşlar öz saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmak bilen, belent sepgitleri eýeleýärler. Biz gazetimiziň ýörite sahypasyny welaýatymyzyň oba hojalygy pudagynda, bilim, medeniýet, sport ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlarynyň durmuşyna bagyşladyk. Welaýatymyzda oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň aglabasynyň ýaşlar bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Olar ene ýere yhlasyny siňdirip, bol hasyl almakda ýokary görkezijileri gazanýarlar. Şu ýyl etrabymyzyň ýaş gallaçy kärendeçileriniň iş depginlerini has-da ýokarlandyrandyklaryny nygtamak gerek.

Galla — 2024

Harmanyňyza bereket, babadaýhanlar! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý dänesini tabşyran welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçy kärendeçileri galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli amal etdiler.

Üzümçilik — düşewüntli ekin

Ussat bagban Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda bolanyňda oba zähmetkeşleriniň hormatly Prezidentimiziň ýerden bereketli hasyl almak, azyk bolçulygyny ösdürmek baradaky edýän aladalaryna yhlasly zähmetleri bilen jogap berýändiklerine göz ýetirýärsiň. Tutanýerliligi, işjanlylygy bilen tapawutlanyp zähmet çekýän bagbanlaryň biri hem Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň ýaşaýjysy Kakajan Akmämmedowdyr. Bagban 20 ýyla golaý wagt bäri üzümçilik bilen meşgullanyp, ýeterlik tejribe toplapdyr.