Saryja goýnuň ýüňi
Biziň ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan el halylaryny dokamak üçin, esasan, saryja goýnuň ýüňi ulanylýar. Ýarym irimçik, ak reňkli, uzyn sütükli, ýumşak, çeýeligi ýeterlik bolan saryja goýunlaryň ýüňi haly dokamak üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Dünýä belli türkmen halylarynyň berkligi, reňk aýratynlyklary, nagyşlarynyň aýdyňlygy gös-göni saryja tohumly goýunlaryň ýüňüniň hiline baglydyr. Türkmen halylary saryja goýnuň ýazky ýüňünden dokalýar. Uzak ýyllaryň dowamynda halk seçgiçiliginiň netijesinde döredilen saryja tohumly goýunlar özünde gymmatly biologiki hem hojalyk ähmiýetli aýratynlyklary jemleýär.